2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar”atly tegelek stol çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty gurnady.
Tegelek stoluň mejlisine ýokarda atlary agzalan ministrlikleriň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, seýle hem ýurdumyzda hereket edýän dini guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat ministrlikleriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň wekilleri gatnaşyjylary ýurdumyzda raýatlaryň dine uýmak hukuklaryny üpjün etmek üçin degişli şertleriň döredilmegi üçin geçirilýän çäreler toplumy bilen, adamyň we raýatyň dine uýmak erkinliginiň hukuklaryny üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky” kanunçylyk namalary bilen içgin tanyşdyrdylar. Soňra raýatlaryň dine uýmak erkinliginiň hukuklaryny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanda dine uýmak erkinligi adam hukuklaryny üpjün etmekde esasy ugurlaryň biridigi bellenildi.
Tegelek stoluň mejlisi açyk sorag-jogap we pikir alyşmak görnüşinde geçirildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder