22 Aralık 2016 Perşembe

10 Ýaş Biziň Geljegimiz Atly Fotosuratlar Bäsleşiginiň Jemi Jemlenildi

ÝuNFPA-nyň Nutugy bilen tanyşdyrylyşyň çäklerinde guralan “10 ýaş: biziň geljegimiz gyzjagazlaryň şu ýaşynda kesgitlenilýär” atly fotosuratlar bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Türkmenistanyň Çeperçilik sungaty milli muzeýinde “2016-njy ýylda dünýäniň ilaty” atly Ählumumy nutuk bilen tanyşdyrylyş we gyzjagazlaryň sazlaşykly ösüşin bagyşlanan fotosuratlar sergisi guraldy. Çärä Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Y-PEER ýaşlar merkeziniň meýletinleri, fotobäsleşigiň ýeňijileri hem-de çäräniň mowzugyna gyzyklanan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Ýygnananlara ÝuNFPA-nyň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji wekili Baýramgül Garabaýewa gutlag sözi bilen ýüzlendi. Geçen ýyl BMG-nyň agza ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibini kabul edendiklerini ýatladyp, ol resminamanyň, hususan-da olaryň bagtly geljekde bagtly ýaşamaklary üçin on ýaşly gyzjagazlaryň millionlarçasyna niýetlenendigini nygtady.
ÝuNFPA-nyň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji wekiliniň bellemegine görä, on ýaş çaganyň hemmetaraplaýyn bilim almagy we şahsyýet hökmünde ösmegi üçin amatly döwürdir. „Gyzjagazlar maşgala we jemgyýet tarapyndan goldanylsa olar özüniň aň-düşünje, döredijiik we işewürlik mümkinçiliklerini bagtyýar gelejegiň hatyrasyna durmuşda ulanyp bilerler“-diýip,
Baýramgül Garabaýewa belledi we ýetginjek gyzlaryň sazlaşykly ösüşi üçin zerur şertleri döretmäge çagyrdy.
Çäräniň resmi bölegi ÝuNFPA-nyň “2016-njy ýylda dünýäniň ilaty” atly Ählumumy nutugynyň düzgünleri bilen tanyşdyrylyş we ýurdumyzda ýokary düşünjeli, sagdyn, jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşýan, täzeçil pikirlenýän we başarjaň ýaş nesli kemala getirmäge niýetlenen döwlet ýaşlar syýasatynyň ugurlary barada gürrüň beren Y-PEER ýaşlar merkeziniň meýletinleriniň çykyşlary bilen dowam etdirildi.
Çäräniň soňunda ÝuNFPA-nyň gurnan “10 ýaş: biziň geljegimiz gyzjagazlaryň şu ýaşynda kesgitlenilýär” atly Nutugynyň mowzugy bilen baglanşykly fotosuratlar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol: „Arzyly sepgide ýetişim“ we „Gyzym-buýsanjym“ ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda suratlaryň ýanyna kiçijik hekaýat-da goşulmalydy. Bu ýere gelenler her suraty ünsli synladylar. Bagtyýar gyzjagazlaryň özi we geljekki meýilleri baradaky gürrüňi hiç kimi biparh goýmady. Ine, olaryň käbiri.
Merýem,10 ýaşynda. Gowy bahalar bien okaýar, daşary ýurt dillerini öwrenýär, mugallym bolmagy arzuw edýär.
Alsu,11 ýaşynda. Dünýädäki adamlaryň hemmesiniň bagtly ýaşamagyny arzuw edýär. Aşgabady ýürekden söýýär we onuň ylalaşdyryjy merkez bolanyna guwanýar.
Inek, 14 ýaşynda. Maksada okgunlylygy we ruhubelentligi oňa derdinden (süýji keseli) rüstem gelmäge ýardam edýär, gurluşykçy inžener bolmagy arzuw edýär.
„Gyzym-buýsanjym“ ugurdan görkezilen suratlaram täsirlidi. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda ýşaşan gyzjagazlaryň kakalary öz gyzlarynyň suratlaryny bäsleşige iberipdirler, olar gyzlarynyň gelejegini nähili göz öňüne getirýändikleri barada gürrüň berýärler.
Iki gyzyň—Meremiň we Aýlaryň kakasy Arslan Allamyradow: „Olar maşgalamyza bagt getirdi, men olara buýsanýaryn. Men gyzlarymyň bagtly bolmagyny arzuw edýärin. Annageldi Berdiýew gyzy Gülşada buýsanyp, şeýle ýazýar: „Gyzym maksada okgunlylygy, erjelligi we zähmetsöýerligi bilen abraýly ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak arzuwyna ýetdi. Biz hemişe ony goldaýarys we onuň durmuşda öňde goýan maksatlarynyň baryna ýetjegine ynanýarys“. Akmyrat Gardaşew suratyna: „Iki perişdäm- goşa arzuwym“ dýip at goýupdyr. Onuň pikirine görä, ähli babatda goldaw, duýgudaşlyk we ynam –ata söýgüsinden nyşandyr.
Ýazmämmedow gelniniň okaýandygyny, özüniň bolsa kiçijik gyzyna seredýänligini ýazypdyr. Asly käri lukman Begmyrat Gurbangeldiýew gyzy Leýliniň ata kesbini ýöredýänligne buýsanýar…
Surat bäsleşiginiň aýgytlaýjy tapgyryna saýlanan ýigrimiüç surat, şonça-da hekaýatlar jemgyýeti we maşgalany bagtyýar gelejegiň hatyrasyna gyzlaryň sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertleri döretmäge çagyrýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder