Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn hem-de olara işlerinde üstünlikler arzuw edýärin.
Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ägirt uly, il-ýurt bähbitli taryhy wakalar bolup geçýär. Ýakyn wagtda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem ýurdumyzyň geljegi bilen bagly möhüm ähmiýetli wakalaryň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçiriljek Prezident saýlawlary türkmen jemgyýetimizde demokratiýanyň dabaralanýandygyna we halkymyzyň hukuk medeniýetiniň kämilleşýändigine doly şaýatlyk edýär.
2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip atlandyrylmagynyň çuň many-mazmuny bar. Türkmen halky milli bähbitlerini we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, her raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, jemgyýetimiziň asudalygyny hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etmekde, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkymyzyň ýokary ruhubelentlige hem-de täze ösüşlere eýe bolmagyna itergi berýän milli däp-dessurlarymyza esaslanýar we baş ýörelge edinýär.
Ata-babalarymyz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, demokratiýanyň özboluşly mekdebini kemala getirip, jemgyýete daýanyp iş tutupdyr. Esasy Kanunyň 4-nji maddasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýlip bellenilýär. Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň birleşmegi, kanun esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik döredýär.
Men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan halatymda, ýurdumyzda asudalygyň hem-de raýatlaryň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen şu düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny öz öňümde maksat edip goýdum:
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de telekeçiligi goldamak we ösdürmek meniň maksatnamamda ileri tutulýan ugur hökmünde orun alýar. Çünki Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösmeginde we kuwwatlanmagynda, dünýä bazaryna bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa harytlaryň çykarylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandy bar. Telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda kiçi we orta işewürligiň wekillerine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Telekeçilik işiniň mäkäm hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna täze, VII bölüm – “Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy” diýen bölüm girizildi. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda “Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär” diýlip bellenilýär.
Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz almaga, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary satyn almaga şert döretmekde, täze önümçilik hem-de medeni-durmuş desgalaryny gurmakda, salgytlaryň möçberini azaltmakda, algy-bergi işini kämilleşdirmekde döwlet derejesinde goldaw berilmegi hususyýetçileriň işiniň ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bolsa, bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin, şeýle hem işewürligiň ösmegine yzygiderli ýardam berer.
Türkmen telekeçileri şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbini özgertmek işine uly goşant goşarlar. Ekologiýa taýdan howpsuz, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrarlar. Işewürler mebel, haly, gurluşyk, öý-hojalyk harytlaryny we azyk önümlerini öndürerler we halkymyza dürli görnüşdäki hyzmatlary ýokary derejede ýerine ýetirerler.
Telekeçileriň öndürýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri ýeke bir içerki bazara däl, eýsem, daşary ýurtlara çykarylar we Türkmenistanda öndürilýän harytlara bolan islegi artdyrar. Halal zähmet çekmek hem-de baýamak üçin zerur şertleriň döredilmegi, ilatyň durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagy, adamlaryň zähmete bolan höwesini, ertirki güne bolan ynamyny artdyrar. Işewürler tarapyndan ýurdumyzda kiçi kärhanalaryň ýüzlerçesi dörediler we olarda ýaşlar üçin täze iş orunlary açylar. Geljekde döwletimizde telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň, hususy kärhanalaryň sany barha artar.
Türkmenistan dünýäniň hukuk tejribesinde hemişelik bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwletdir, munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky iki sany kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, beýleki döwletler, halkara guramalar bilen gepleşiklere hemişe taýýardyr.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz ata-babalarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklarynda ýaşamagy ündeýän wesýetlerine ygrarly bolup, hemişelik bitaraplyk syýasatyny maksadalaýyk amala aşyryp, dünýäniň ösen döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürer.
Ata Watanymyz Türkmenistan özygtyýarly ösüşiniň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda hemişelik we oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlady. Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik maksatlaryna hem-de özboluşly milli däp-dessurlaryna esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan özüniň Bitaraplyk syýasatynyň esas goýujy, hususan-da, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini hormatlamak, deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak, halkara harby guramalara we ylalaşyklara gatnaşmazlyk, halkara meselelerini çözmekde syýasy hem-de diplomatiki serişdeleri ulanmak arkaly çözmek ýaly ýörelgelerine ygrarly bolmagynda galar.
Döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyz abraýly halkara guramalary, daşary döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli alyp barar. Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmek, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, milli bähbitlere laýyk gelýän köp ýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde at-abraýynyň mundan beýläk-de artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Türkmenistan geljekde-de parahatçylygy, asudalygy söýýän we olary gorap saklamak babatynda täze maksatnamalary amala aşyrýan garaşsyz döwlet hökmünde dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolar. Biziň ýurdumyz adamzadyň öňe sürýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk syýasatyny dabaralandyryp, “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, ykdysady, halkara-hukuk, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça alyp barar.
Biziň ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyzyň işlenip taýýarlanylmagy we ýerlenilmegi diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirer. Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän yklym ähmiýetli taslamalaryň biri-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisidir. Biz TOPH taslamasy ýaly sebitde möhüm ykdysady, ulag-aragatnaşyk, durmuş we ynsanperwer wezipeleri çözmäge ýardam berýän ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdireris.
Türkmenistanyň Aziýa sebitinde halkara ulag düzümini döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde öňe sürüldi. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň geçirilmegi ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmekde biziň tekliplerimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistan döwletimiziň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolan şeýle giň gerimli özgertmeleri mundan beýläk-de dowam etdireris we ösdüreris. Ýurdumyzyň ykdysady ulgamyna we önümçilige täze innowasiýalary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmakda aýgytly çözgütler kabul ediler.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirjek taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçireris.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Munuň öz düýbünden täze önümçilik we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwür bizden şeýle şertlerde işläp, döredip, gurup, dolandyryp bilýän zehinli hünärmenleriň täze nesliniň ýetişdirilmegini talap edýär. Türkmenistanyň täze taryhyny başdan geçirýän döwründe eziz Diýarymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda Türkmenistanyň her bir raýatynyň ägirt uly döredijilikli zähmeti zerurdyr. Çünki ýurduň gülläp ösüşiniň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşynyň açary päk zähmetdedir. Biziň baş maksadymyz her bir zähmetkeşiň bagtyýar, gurply ýaşamagy bolup durýar.
Ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet maksatnamalarymyzda şäherler bilen bir hatarda, sebitleri ösdürmäge aýratyn orun berler. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar.
Türkmenistan döwletimizi gülşen Diýara öwürmek boýunça ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagyny çaltlandyrarys. Netijede, obalarymyz, şäherçelerimiz we etrap merkezlerimiz gözel mekana öwrüler. Täze-täze etraplar açylar, döwrebap kärhanalar, iri zawod-fabrikler gurlar, türkmen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi öňküden has-da ýokarlanar, adamlaryň iş bilen üpjünçiligi düýpli çözüler. Bu bolsa ýurdumyzda her bir adamyň bagtly ýaşamagyny üpjün eder.
Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň dünýäde kuwwatly döwletleriň biri hökmünde ykrar edilmegine getirer. Geljekde-de milli demokratiýanyň esaslaryna, jemgyýetimiziň jebisligine, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň agzybirligini saklamaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime men saýlawçylary ynandyrýaryn.
Men Watana dereje berjek, onuň dünýä içre şan-şöhratyny artdyrjak, türkmen topragyny bagt mekanyna öwürjek düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyz bilen bilelikde egin-egne berip zähmet çekerin.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, beýleki dalaşgärleri we türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň her bir raýatyna asudalyk, uzak ömür, jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň TERJIMEHALY
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň TERJIMEHALY
1976-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde doguldy.
1997-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
1997-nji ýylda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Karz beriş müdirliginiň ykdysatçysy bolup zähmet ýoluna başlady we 2003-nji ýyla çenli şol bankyň Berkararlyk etrabyndaky şahamçasynyň karz beriş bölüminiň müdiri, Karz beriş müdirliginiň uly ykdysatçysy, Müdiriýetiň başlygynyň kömekçisi, Halkara hasaplaşyk we walýuta amallary müdirliginiň başlygy, Pul dolanyşygy, zähmet haklaryna we kassa amallaryna gözegçilik müdirliginiň başlygy, Berkararlyk etrabyndaky şahamçasynyň dolandyryjysy wezipelerinde zähmet çekdi.
2003-2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Diýar” şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işledi.
2011-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder