BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramçylyk dabarasy guraldy. Baýramçylygyň esasy nyşany—dürli reňkli öwşün atýan oýnawaçlar bilen bezelen owadan arça öz daşynda köşgüň çagalaryny we terbiýeçilerini hem-de çagalar bilen şatlygyny paýlaşmaga gelen köpsanly myhmanlary ýygnady.
Baýramçylyk çäresini Bilim ministrligi hem-de Medeniýet ministrligi, jemgyýetçilik guramalary we Aşgabat şäheriniň häkimligi guradylar.
Çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy olar üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursat boldy. Döwlet Baştutanymyz ene-atanyň hossarlygyndan mahrum bolan ýurdumyzyň körpe raýatlary barada atalyk aladasyny edýär hem-de olara täze ýyl sowgatlaryny iberýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlar çagalaryň ruhuny has-da belende galdyrdy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Baýramçylyk dabarasyna gelen Aýazbaba şadyýan täze ýyl aýdymyny ýerine ýetirdi. Çagalar şowhunly tanslary ýerine ýetirdiler, olara BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň “Joşgun” toparynyň tansçylary hem-de Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Şatlyk” toparyndan bolan dostlary-da goşuldy. Baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileriniň—belli estrada aýdymçylarynyň, şol sanda Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Annanowanyň çykyşlary astynda owadan arçanyň daşynda aýlandylar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Şowhun” sirk toparyndan bolan maýmynjygyň we totuguşuň çykyşlary bolsa çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň çagalara iberen ajaýyp sowgatlary hem-de hoş owazly konsert Täze, 2017-nji ýyly garşylamak dabarasyny körpeler üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwürdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder