Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýusupow Muhammetgeldi Nurmuhammedowiç Aşgabat şäherinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri talabalaýyk guramandygy we işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder