24 Aralık 2016 Cumartesi

Türkmenistanda Ýurduň Taryhy-Medeni Ýadygärliklerini Gorap Saklamak Boýunça Gazna Dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet minisrtliginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça Milli müdirligiň ýanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak boýunça Gazna dörediler.
Bu Gaznanyň işi taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak we rejelemek çärelerine hem-de ol işleriň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda taryhy-medeni mirasy, şol sanda türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýetine degişli ýadygärlikleri goramak meselesi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki güne çenli ýurdumyzda taryhy-arheologiýe desgalarynyň 1300-e golaýy hasaba alyndy, olaryň 245-si döwlet ähmiýetli ýadygärlik derejesine: Ahal welaýatynda 109, Daşoguz welaýatynda 9, Balkan welaýatynda 23, Lebap welaýatynda 17, Mary welaýatynda 87 desga şu derejä eýedir. Medeni we tebigy mirasyň bütindünýä sanawyna Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän Gadymy Merw, Köne Nusaý we Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary girizildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder