Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi uly jemgyýetçilik seslenmesini döreden şanly wakalaryň ikisine–26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata hem-de Lebap welaýatynda transmilli polat ýolunyň—Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi.
Dünýä metbugatynyň habar berşi ýaly, ulaglar ýaly strategiki ugurda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleleriň giň toparyny öz içine alan iri halkara maslahat türkmen paýtagtynda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan döwlet, hökümet we parlament baştutanlaryny, resmi wekiliýetleri, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagy oňa aýratyn öwüşgin çaýdy.
Umumy pikire görä, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen maslahat biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň hem-de milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden we ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol teklipleriň möhümdigi hem-de zerurdygy aýdyňdyr, çünki dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri bolan ulag ulgamy dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gös-göni täsir edýär, BMG-niň kabul eden Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň täzeliklerinde, meşhur daşary ýurt gazetleriniň we žurnallarynyň, köp sanly internet-saýtlaryň sahypalarynda, şol sanda teleradio ýaýlymlarynda, hökümet portallarynda ýerleşdirilen habarlarda BMG-niň taryhynda ilkinji gezek durnukly ulag ulgamyna bagyşlanan Aşgabat maslahatynyň taryhy ähmiýeti nygtalýar.
Bu wakanyň Birleşen Milletler Guramasynyň täzellikler gullugynyň üns merkezinde bolmagy kanunalaýyklykdyr. BMG-niň Täzelikler merkeziniň hem-de BMG-niň Radio gullugynyň elektron serişdesi Aşgabatda geçirilen wekilçilikli maslahat barada her gün habar berip, onuň gün tertibiniň meselelerinden başga-da, olaryň käbir ugurlaryny–durmuş, ykdysady, ekologiki taraplaryny takyklaýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň, bu maslahata beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan setirler getirilýär.
“Häzirki zaman ulag hem-de üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa barha täze çäkleriň çekilmegi bu gün diňe bir ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, ýola sarp edilýän wagtyň gysgaldylmagyny, goşmaça maýa serişdeleriniň goýulmagyny we beýleki äşgär artykmaçlyklary däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny hem aňladýar. Hut adamlar, olaryň jana-jan zerurlyklary hemişe ösüşiň we öňegidişligiň ölçegi bolmalydyr. Munuň özi doly derejede ulag ulgamyna hem degişlidir” diýip, BMG-niň Radio gullugy Türkmenistanyň Baştutanynyň sözlerini mysal getirýär.
Russiýanyň TASS, “RIA Nowosti”, “Interfax” habarlar agentlikleri hem-de
“Sputnik” radiosy, “Mir” döwletara teleradio kompaniýasynyň multimediýa portaly, News CentralAsia, Azerbaýjanyň döwlet habarlar agentligi (AzerTAj), “Trend” Halkara habarlar azerbaýjan agentligi we beýleki daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyna salgylanyp, Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitinde häzirki zaman ulag-üstaşyr logistiki ulgamlarynyň döredilmeginiň Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny utgaşdyrmak, sebitara hem-de yklymara gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini açýandygyny belleýärler. Bu ulgamlar Gara we Baltika deňizleriniň, Günorta we Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak bilen Ýewraziýa giňişligini gurşap alýar.
“Sputnik” radiosy, “Mir” döwletara teleradio kompaniýasynyň multimediýa portaly, News CentralAsia, Azerbaýjanyň döwlet habarlar agentligi (AzerTAj), “Trend” Halkara habarlar azerbaýjan agentligi we beýleki daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyna salgylanyp, Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitinde häzirki zaman ulag-üstaşyr logistiki ulgamlarynyň döredilmeginiň Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny utgaşdyrmak, sebitara hem-de yklymara gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini açýandygyny belleýärler. Bu ulgamlar Gara we Baltika deňizleriniň, Günorta we Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak bilen Ýewraziýa giňişligini gurşap alýar.
“Biz ählumumy ulag gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagymyzyň depginini birjik-de gowşatmazlygy göz öňünde tutýarys. Galyberse-de, biziň ýurdumyz bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de giňeltmäge, ony anyk taslamalar we meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr. Türkmenistan olary döretmek bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany häzirki döwrüň ählumumy ösüş prosesleriniň möhüm bölegi hökmünde hasaplaýandygyndan ugur alýar” diýip, iri habarlar neşirleri döwlet Baştutanymyzyň sözlerini teswirleýär.
Şunda Türkmenistanyň milli derejede eýýäm ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmaga girişendigi bellenilýär.
Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýar. Ýakynda Aşgabadyň Halkara howa menzili açyldy, onuň işi ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny düýpli artdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň gurluşygy çalt deginlerde dowam edýär. Ol Aziýa
hem-deÝewropa sebitinde kuwwatly logistiki merkeze öwrülip, deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulaglaryny peýdalanmak bilen ýük gatnawlaryny utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýakyn wagtda Amyderýanyň üstünden geçýän sebitde iri awtomobil hem-de demir ýol köprüleri işe giriziler, olar Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag ýollaryny birleşdirip, iki ugurda ulag gatnawlarynyň hereketini ep-esli çaltlandyrar.
hem-deÝewropa sebitinde kuwwatly logistiki merkeze öwrülip, deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulaglaryny peýdalanmak bilen ýük gatnawlaryny utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýakyn wagtda Amyderýanyň üstünden geçýän sebitde iri awtomobil hem-de demir ýol köprüleri işe giriziler, olar Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag ýollaryny birleşdirip, iki ugurda ulag gatnawlarynyň hereketini ep-esli çaltlandyrar.
Şeýle hem halkara ähmiýetli maýa goýumlaryny amala aşyrmak meselesine sebitiň esasy neşirleri—Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki goňşy ýurtlaryň habar beriş serişdeleri aýratyn üns berýärler.
Aşgabat maslahaty barada habarlaryň tapgyryny Hytaý Halk Respublikasynyň iri habar beriş serişdeleri–Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň Halkara teleýaýlymy, Hytaýyň Halkara radiosy, “Sinhua” habarlar agentligi, Hytaýyň habarlar Internet merkezi hem taýýarladylar. Olarda Ykdysady Ýüpek ýoluny döretmegiň “Bir ýol, bir guşaklyk” atly taslamasynyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklary beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap transmilli awtomobil, demir ýol we gaz geçiriji ugurlary görnüşinde gadymy Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça iki ýurduň bilelikdäki işleriniň ähmiýeti bellenilýär.
“Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýol geçelgesi bilelikdäki logistika taslamalary üstünlikli amala aşyrmagyň mysallarynyň biridir diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň Halkara teleýaýlymy habar berýär. Şu ýylyň başynda Hytaýyň günorta-gündogaryndaky Iuw şäherinden başlap, Türkmenistanyň çäginden Tährana çenli synag ýük otlusy geçdi. Uzynlygy 10 müň kilometrden gowrak bolan ýol iki hepdede geçildi, bu bolsa ýükleriň deňiz arkaly daşalmagyndan iki esse çaltdyr.
Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri “TDH” Döwlet habarlar agentliginiň habarlaryna salgylanmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatyň öňüsyrasynda hem-de onuň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Lamberto Zanniýer, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin, Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Raşid Alimow, Halkara awtomobil ulag birleşiginiň (IRU) prezidenti Umberto de Pretto bilen geçiren duşuşyklary hakynda hasabatlary çap etdiler.
Şol günleriň şanly wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gabatlanyp geçirilen işewürler maslahaty hem dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsünden düşmedi. Bu maslahat ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmaga, dünýäniň köp sebitleriniň ilatynyň ýaşaýşynyň hilini täze derejä götermäge niýetlenen geljegi uly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.
Habar berlişi ýaly, maslahatyň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, onuň netijeli usullaryny işläp düzmäge, ählumumy abadançylygyň hem-de rowaç ösüşiň bähbidine sebitdäki we dünýädäki oňyn ýagdaýlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen hökümetara ylalaşyklaryň hem-de beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Şeýlelikde, BMG-niň howandarlygynda geçirilen Aşgabat maslahaty Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň, döwrüň ýaşaýyş-durmuş babatda örän wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň ýolunda anyk ädimi alamatlandyrdy.
Habar beriş giňişliginde ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň beýan edilişi 28-nji noýabrda geçirilen Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň—Atamyrat-Ymamnazar-Akina täze ýolunyň açylyş dabarasy barada köp sanly Internet neşirlerindäki habarlar bilen dowam etdi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.
Esasy habar beriş agentlikleri, teleradio gepleşikleri, dürli ýurtlaryň meşhur elektron we metbugat neşirleri makalalaryny, giňişleýin teswirlemelerini we foto reportažlaryny bu waka bagyşladylar. Olarda köpsanly owadan suratlar hem ýerleşdirildi.
Dünýäniň Internet ulgamynda ýaýradylan köpsanly habarlarda aýdylyşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň bölümleri tarapyndan amala aşyryldy. Uzynlygy 88 kilometr bolan polat ýoluň ugrunda uzynlygy 256 metre we 363 metre barabar bolan iri köprüleriň ikisi guruldy. Gülüstan we Ymamnazar demir ýol beketleri hem-de tehniki we durmuş ähmiýetli zerur birnäçe desgalar ulanylmaga berildi.
Synçylaryň pikirine görä, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän hem-de ýurdumyzyň ulag–üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen bu ýol Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrüler. Ol sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berip, millionlarça adamlaryň bähbidine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat eder.
Dünýä metbugaty türkmen Lideriniň sözlerine salgylanyp, täze ýoluň işe girizilmegi bilen Owganystana, Täjigistana, Hytaýa, Hindistana, Pakistana hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna giň mümkinçilikleriň açylýandygy, Eýrana, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana hem-de Ýewropa ýurtlaryna ýük daşalyşyny artdyrmak üçin amatly şertleriň döredilýändigi barada netijä gelýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan polat ýolunyň möhüm çatrygyna, Ýewraziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr merkezine öwrülýär.
“Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýoly bolmaga gönükdirilen bu taslamangyň uly geljegi bar. Ol Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, biziň sebitimizi Ýewraziýanyň günorta guşaklygynda durnukly ösüşi üpjün etmekde berk ulgam, geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, möhüm ähmiýetli iri ulag-üstaşyr halka hökmünde öňe çykarar” diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
Öz nobatynda žurnalistler Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň sözlerini teswirläp, owgan halkynyň doganlyk Türkmenistanyň amala aşyrýan oýlanyşykly daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýändigini, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hormat goýmak we buýsanç duýgusy bilen garaýandyklaryny nygtadylar.
Geljekde Akinadan Hindistana soňra bolsa Günorta Aziýa çenli hem baryp ýetjek Türkmenistan-Owganystan demir ýolundan başga-da, türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan magistral gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy, Owganystana we Pakistana elektrik energiýany ibermäge niýetlenen taslama bu syýasatyň anyk netijesi bolup hyzmat eder. Olaryň durmuşa geçirilmegi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetini pugtalandyrar, özi bilen ýagtylyk we ýylylyk alyp geler diýip, Mohammad Aşraf Gani aýtdy.
Dessine ýaýradylan habarlarda polat ýolunyň birleşdiriliş dabarasyndan soňra Owganystanyň çäklerinde ilkinji ýük otlusy—türkmen önüm öndürijileriniň önümleri ýerleşdirilen 46 wagon: her haýsy 10 wagona ýüklenen un we däne we sement ugradyldy. Beýleki ýükleriň hatarynda kükürt, karbamid, köke-süýji önümleri bar.
Şol gün “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan täze terminal ulanylmaga berildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi terminala bir wagtyň özünde nebit önümleriniň 540 müň tonnasyny ýa-da bir gije-gündizde ýangyç serişdeleriniň 2 müň tonnasyny kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga mümkinçilik berýär. Teleköpri arkaly dabara gatnaşyjylar nebit önümleriniň demir ýollar bilen ýörite gaplarda terminala getirilişini, kabul edilişini, ýörite turbalaryň kömegi bilen Owganystanyň serhedine iberilişini, ol ýerde bolsa ondan aňryk ugratmak üçin ýörite awtoulaglara ýüklenilişini synladylar.
Halkara bilermenler Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasyna ýokary baha berip, ykdysady bähbitlerden başga-da, onuň aýratyn ugra eýe bolup, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň anyk guraly bolup hyzmat etjekdigini bellediler.
Biziň ýurdumyz üçin hem Türkmenistan-Owganystan polat ýolunyň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtmak gerek. Häzir bu ýerde, Lebap welaýatynda iri senagat merkezi kemala getirilýär. Bu sebitde ägirt uly senagat desgasy bolan kaliý dökünlerini öndürjek dag-magdan baýlaşdyryjy toplum gurulýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda bu topluma möhüm orun berilýär. Kaliý duzlaryna örän baý bolan Garlyk käniniň çig mal binýady boljak ýokary tehnologiki bu kärhananyň ulanylmaga berilmegi täze iş ýerlerini döretmäge mümkinçilik berer, welaýaty we umuman, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreder.
Dabaralaryň çäginde Akinada halklarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ägirt uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň biri bolan “Gazy Mohammad Akbar Han” diýen döwlet medalynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Mahlasy, Aşgabatda Ulag ulgamy boýunça geçirilen ählumumy maslahat hem-de Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilmegi tutuş sebitiň we yklymyň bähbidine ýurdumyzyň geoykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň öz ulag strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändiginiň anyk mysalydyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder