3 Aralık 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Pagta Önümleriniň VI Halkara Sergi-Ýarmarkasy

Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahata gatnaşyjylara.
Gadyrly myhmanlar! 
Hormatly watandaşlar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda geçirilýän Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Eziz Watanymyz gowaçanyň iň gadymy mekanlarynyň biri hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Güneşe baý hem-de sahawatly türkmen topragynda ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleri, ýol-ýörelgeleri halkymyzyň durmuşyna, aňyna mäkäm ornap, häzirki döwürde hem bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda türkmen daýhanlarynyň tutanýerli zähmet çekip, gowaça hasylyny taýýarlamakda gazanýan ýokary zähmet üstünlikleri hemmämizi guwandyrýar.
Biz Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň işini düýpli kämilleşdirmek bilen, pagtaçylykda giň özgertmeleri durmuşa geçirýäris. Pagtaçylyga döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň mukdaryny artdyryp, häzirki zaman tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribeleri yzygiderli ornaşdyrýarys.
Ýurdumyzda orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem olaryň tohumlyk görnüşleriniň döwlet satyn alyş nyrhlaryny yzygiderli ýokarlandyrýarys.
Hormatly myhmanlar!
Oba hojalygynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň ýola goýulmagy netijesinde pagtaçy babadaýhanlarymyz üçin döwletimiz tarapyndan zerur bolan ýeňillikli şertler döredilýär. Bu mümkinçilikleriň ählisi daýhanyň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Döwlet bilen daýhanlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň aýdyň, sazlaşykly ýola goýulmagy ýurdumyzda pagtaçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly ýardam berýär. Onuň maddy-tehniki binýadyny has-da berkitmek üçin daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli, kämil oba hojalyk tehnikalary we gurallary yzygiderli satyn alynýar.
Ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hilli tohumlaryny taýýarlamak işlerine hem uly üns berilýär. Bu ugurda ýörite ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan gowaçanyň ýokary hasylly, kesellere durnukly, ir ýetişýän, süýüminiň çykymy hem-de hili ýokary bolan orta we inçe süýümli täze sortlary döredilýär hem-de olar önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Şeýle hem tohumlyk gowaça çigidiniň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap kärhanalar gurlup, ulanmaga berildi. Mundan başga-da, bar bolan pagta arassalaýjy kärhanalarynyň durkuny täzelemek we olary döwrebaplaşdyrmak işleri hem dowam etdirilýär.
Gadyrly dostlar!
Pagta biziň ýurdumyzda eksport üçin niýetlenen esasy oba hojalyk önümleriniň biridir. Biz ýurdumyzda pagtaçylyk pudagy bilen bir hatarda dokma senagatynyň binýadyny hem ýylsaýyn pugtalandyrýarys we gaýtadan işlenýän pagtanyň möçberini yzygiderli artdyrýarys. Daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki kärhanalaryň işe girizilmegi, şeýle hem olarda dolandyryş we harytşynaslyk işleriniň döwrebap we talabalaýyk guralmagy netijesinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dokma önümleriniň giň görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar.
Gowaça çigidini gaýtadan işlemek hem pagta önümçiliginiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ýag kärhanalarynda täze, döwrebap enjamlaryň hem-de tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.
Bu halkara sergi-ýarmarkanyň we maslahatyň ýurdumyzyň oba hojalygynda, şol sanda pagtany gaýtadan işleýän senagatda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri halkara jemgyýetçilige giňden ýaýmakda, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri bilen özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlyk etmek isleýän kompaniýalar hem-de kärhanalar bilen bilelikde işlemegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Gadyrly myhmanlar! 
Mähriban watandaşlar!
Sizi Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez rysgal-döwlet, alyp barýan tutumly işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder