2 Aralık 2016 Cuma

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibindäki meselelere geçmezden ozal, bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Aşgabatda ýaňy – ýakynda taryhy wakanyň bolup geçendigini–Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň ýokary derejede taýýarlanandygyny we geçirilendigini belledi. Şeýle hem «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň»  Türkmenistan Owganystan Täjigistan» demir ýolunyň birinji tapgyry açyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çäreleri ýokary derejede taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan ähli ýolbaşçylara, jogapkär işgärlere, metbugatyň we telewideniýäniň işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýokary derejedäki bu Maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi hem-de täze demir ýoluň açylmagy dünýäde giň seslenme döretdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ähli ýurtlaryň diýen ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu dabaraly çäreler barada oňyn we dogry maglumatlary berdiler.
Esasan hem, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden ulag ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary yglan edip, bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirýändigini nygtadylar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biziň ýurdumyzyň howa menzillerini, uly köprüleri, awtomobil we demir ýollaryny giň gerim bilen gurýandygyny, şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge özüniň iş ýüzünde goşant goşýandygyny beýan edip, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistan sebit derejesinde goňşy ýurtlary birleşdirýär, dürli halklary ýakynlaşdyrýar, müňlerçe täze iş orunlaryny döredýär diýen netijä geldiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň geçirilmegi berkarar Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-da belende göterýändigini nygtap, hemmeleri bu çäreleriň ýokary derejede we üstünlikli geçirilendigi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ertir ýurdumyzda Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň hünär baýramynyň belleniljekdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz mümkinçilikden peýdalanyp, merdana demirýolçularymyzy Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de edermen demirýolçularymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, pudagy has-da ösdürmek, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ýurdumyzyň demir ýol işgärleriniň pudagy ösdürmek üçin köp işleri edýändiklerini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalarynda has tapawutlanan demir ýol ulaglary pudagynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada, şeýle hem garamagyndaky düzümleriň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny saklamak, maýa goýumlaryň gelmegi üçin has amatly şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň köp babatda ykdysady toplumyň edaralarynyň işine dolandyrmagyň häzirki zaman görnüşleriniň we usullarynyň ornaşdyrylyşyna baglydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu
ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew 7–9-njy dekabr aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy–2016» atly 21-nji halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň birnäçe ýurdundan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýalarynyň hem-de ministrlikleriň, halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri gatnaşar.
Forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler giriziler. Türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak taslamasyna aýratyn üns berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazhimiýa önümçiligini döretmek ulgamyndaky işleri has-da işjeňleşdirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýtdy. Umuman, bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti öňümizdäki hepdede Aşgabatda geçiriljek nebitgaz sergisiniň hem-de maslahatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň serişdelerini we senagat kuwwatyny doly görkezmelidigini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek işi amala aşyrylýar, şol sanda maýsalara ösüş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna göreşmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem topragy, tehnikalary we enjamlary ýazky ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň 69-njy mejlisini geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Ony 19-njy dekabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň suw hojalygynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň gün tertibine sebitiň suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga degişli meseleleriň giň toplumy giriziler.
Şeýle hem 3-4-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI halkara sergi-ýarmarkasyny hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin meýdan işleriniň ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen takyk we guramaçylykly geçirilmegi üçin hemme çäreleri görmegi talap etdi. Geljekki hasylyň ykbalynyň ýer eýeleriniň ussatlygyna, yhlasly zähmet çekişine baglydygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu meselelerde ýurdumyz anyk başlangyçlary, hususan-da, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda açmak barada başlangyçlary öňe sürüp, örän işjeň orny eýeleýär.
Täsin innowasion taslama bolan Garagumuň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy suwdan rejeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy goramagyň ählumumy meselelerini çözmekde Türkmenistanyň uly goşandynyň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdelerini toplumlaýyn hem-de sazlaşykly peýdalanmagyň wajypdygy barada aýdyp, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde, hususan-da, halyçylyk pudagynda işleriň ýagdaýy we ýurdumyzda taýýarlanylýan ýüňüň we ondan öndürilýän ýokary hilli önümleriň möçberini artdyrmak hem-de daşary bazarlarda ýerlemek maksady bilen, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen utgaşyklylykda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýüňi we ýüňden taýýarlanan önümleri daşary ýurtlara ibermek üçin ýüňüň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak we ýüňi ýurdumyzda gaýtadan işlemek, çig maly has doly peýdalanmak, bu ugurda telekeçileri goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi .
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gaýtadan işleýän senagatyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Onuň önümçilik we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, kärhanalary iň täze ýokary netijeli işleýän enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň çig mal serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleriniň önümçiligini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Halyçylyk pudagynyň bölümleriniň öňünde durýan möhüm wezipe bu ulgamda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny seljerip, hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň iň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak bilen, içeri we daşary bazarlarda harytaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de gymmatly çig mal bolan ýüňi we ýüňden taýýarlanylýan önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly hemme meseleleriň üstünde düýpli işlemegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Ýaşaýyş toplumlaryny tertipleşdirmek, jaýlaryň daşky keşplerini bildirilýän talaplara laýyk getirmek, köçeleri we seýilgähleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek, ýollaryň yşyklandyrylyşyny has-da gowulandyrmak, awtoduralgalary gurmak işleri dowam edýär.
Şäher ýollarynyň 20-sinde düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Olardan köçeleriň 18-sinde uzynlygy 45 kilometrden gowrak aralygy düýpli abatlandy.
Taslamada meýilleşdirilen köprüleriň 15-si gurlup, ýene-de 2 köpriniň işleri tamamlaýjy tapgyrda we 1-nde gurluşyk işleri dowam edýär. Ýerüsti geçelgeleriň 14-si, ýerasty geçelgeleriň 21-si guruldy, awtomobil ýollarynyň 46 kilometrden gowragy çekildi.
Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Jemagat hojalygy gulluklary ýerlerde tertipleşdirmek we arassaçylyk, paýtagtymyzyň jemagat düzümleriniň, inženerçilik-tehniki aragatnaşyk ulgamlarynyň we hemme desgalaryň zerur derejede ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek boýunça işleri alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy yzygiderli gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işleri hem-de paýtagtymyzda geçirilen German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky gününiň jemleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, forumyň işine GFR-iň hökümet düzümleriniň, işewürligi ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýöriteleşdirilen iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Işewür duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli türkmen-german hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň meselelerine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ýokary tehnologiýalary hem-de innowasiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýangyç-energetika we elektroenergetika pudaklary, himiýa senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, ýeňil senagat, maşyngurluşygy, oba hojalygy, ulag-logistika ulgamy we beýlekiler geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary kesgitlenildi. Forumyň jemleriniň görkezişi ýaly, GFR-niň döwlet düzümleri we esasy nemes kompaniýalary ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Germaniýanyň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Iki döwletiň bilelikdäki işleriň köp ýyllyk tejribesine esaslanýan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy hem-de taraplaryň berk erk-islegi türkmen-german gatnaşyklarynyň üstünlikli bolmagyna ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz bu gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, netijelilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýandygyny belledi.
Häzir ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy hem-de innowasion ösüşi, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyny ugur edinýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleriniň hem-de ýurdumyzda German ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, bu duşuşyklaryň özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýändigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz nemes hyzmatdaşlarymyzyň ähli tekliplerini öwrenmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow
«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, howa menzillerinde döwrebap tehnologiýalary we standartlary ornaşdyrmak, uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrmak we raýat awiasiýasy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Howa menzillerini netijeli ulanmak maksady bilen, howa menzillerinde daşary ýurt howa gämilerine edilýän ýerüsti hyzmatlaryna höweslendiriji ýeňillikleri ulanmak bilen tehniki gonuşlara gelýän daşary ýurt howa gämileriniň sanyny köpeltmek boýunça degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi bu ugurda daşary ýurt sarp edijileriniň sanynyň artmagyna ýardam eder.
Höweslendiriji ýeňillikler howa menzillerinde diňe uçuş-gonuşy we berilýän ýerüsti hyzmatlary öz içine alyp, daşary awiakompaniýalarynyň amala aşyrýan gonuşlaryna laýyklykda, höweslendiriji ýeňillikler kesgitlenilýär, ýagny bir hepdede 5-den 10-a çenli howa gatnawlary ýerine ýetirilen ýagdaýynda—15 göterim, bir hepdede 11-den 15-e çenli howa gatnawlary ýerine ýetirilen ýagdaýynda—25 göterim, 16 we ondan ýokary howa gatnawlary ýerine ýetirilen ýagdaýynda 35 göterim ýeňillikleri bermek teklip edilýär.
Şeýle hem täze ugurlaryň açylmagynyň hasabyna Aşgabadyň täze halkara howa menzilinden daşarky gatnawlarynyň ugurlaryny artdyrmak boýunça täze degişli işler geçirilýär. Ýakyn wagtda Aşgabat–Kazan ugry boýunça gatnaw türkmen howa ýollarynyň üstüni ýetirer. Ol hepdede iki gezek ýerine ýetiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teklipleri makullap, täze uçar gatnawynyň açylmagyny goldady. Milli Liderimiz howa ulaglary ulgamyny şu günüň talaplaryna, tehniki hyzmatlaryň hem-de ýolagçylara hyzmat etmegiň dünýä standartlaryna, uçuşlaryň howpsuzlygynyň ýokary derejesine laýyklykda ösdürmek boýunça tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz oýlanyşykly dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň hem-de öňdebaryjy usullaryň we döwrebap tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi meýilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň awia toplumynyň maliýe-ykdysady işiniň netijeliligini üpjün etmek wezipesini öňde goýdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa dekabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni – durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň soňky aýynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy muzeýlerde, kitaphanalarda, sergi we kinokonsert merkezlerinde döredijilik duşuşyklarynyň hem-de bäsleşikleriň, konsertleriň, bilim edaralarynda açyk sapaklaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda ylmy-amaly maslahatlaryň meýilleşdirilendigi bellenildi.
Goňşokara baýramy, şol sanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni, BMG-niň Çagalar gaznasynyň 70 ýyllygy, halkara sergileriň hem-de sport ýaryşlarynyň açylyş dabaralary mynasybetli medeni çäreler geçiriler.
Habar berlişi ýaly, 6-7-nji dekabrda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy bolar.
8-nji dekabrda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçiriler.
Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda uly baýramçylyk dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. 12-nji dekabrda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, Maslahat köşgünde medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti geçiriler.
Dekabr aýynyň soňky ongünlüginde baýramçylyklar mynasybetli çäreler meýilleşdirildi. 23-nji dekabrda paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň baş meýdançalarynda Täze ýyl Baş arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralary geçiriler.
Däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabatda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.
Täze, 2017-nji ýylyň gelmegi mynasybetli esasy dabara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçiriler. Oňa ýurdumyzyň iň gowy aýdymçylary, aýdym-saz toparlary, teatr we folklor toparlary gatnaşar. Däp bolşy ýaly, şol ýerde paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsi guralar. Täze ýyl baýramyny garşylamak dabarasy baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlanar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk çärelerine guramaçylykly çemeleşmegiň hem-de olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz şol çäreleriň halkymyzy ruhlandyryp we has-da jebisleşdirip, diňe bir paýtagtymyzy däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almalydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz halkara ähmiýetli çärelere, şol sanda sergilere, 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasy giňden wagyz etmek hem-de döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin medeniýet ulgamynda halkara alyşmalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler barada habar berip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek baradaky mesele boýunça hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi döwlet Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga we ata Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşan hem-de işde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaş türkmenistanlylaryň arasynda her ýyl degişli bäsleşigi yglan edýär. Şu ýyl ýaş nesliň wekilleriniň 263-si baýrak almaga hödürlenildi. Olardan medeniýet, edebiýat hem-de sungat, ylym we tehnika, bilim we terbiýeçilik işi, sport, saglygy goraýyş, oba hojalygy ulgamlarynda aýratyn tapawutlanan, milli Liderimiziň döredijilikli içeri hem-de daşary syýasatyny, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmek we türkmen halky üçin olaryň taryhy ähmiýetini düşündirmek işine döredijilikli çemeleşen adamlaryň 50-si saýlanyp alyndy.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek hem-de olara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasyny 6-njy dekabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem wise-premýer hasabatynyň çäklerinde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri we baýrak eýeleri üçin niýetlenen medallar bilen bagly mesele barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, bu oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak üçin medallaryň 2 müňüsi, şol sanda 583 sany altyn, 583 sany kümüş we 834 sany bürünç medallary gerek bolar.V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet tarapyndan olary taýýarlamak bilen bagly işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Aziada-2017-niň dürli derejedäki medallarynyň nusgalary hödürlenildi.
Taslama laýyklykda, bu Oýunlaryň medallary Oguzhanyň üç sany ýyldyzynyň şekiliniň görnüşinde bolup, olaryň ýüz tarapynda V Aziýa oýunlarynyň nyşany we iňlis dilinde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” diýen ýazgy ýerleşdiriler, arka tarapynda bolsa Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşany hem-de “Aşgabat-2017” diýen ýazgy ýerleşdiriler.
Şeýle hem Olimpiýa oýunlarynda we beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri, olaryň tälimçilerini we beýleki hünärmenleri höweslendirmegiň Tertibini we pul baýraklarynyň möçberlerini tassyklamak hakynda habar berildi. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan hem-de beýleki ugurdaş ministrlikler we edaralar tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak baradaky meselä degip geçmek bilen, ýurdumyzda geljekde hem ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, dürli bilimlere hem-de saýlap alan hünärlerine üstünlikli eýe bolmagy, ukyplaryny we zehinlerini doly derejede amala aşyryp bilmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça çäreleriň görüljekdigini belledi.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylaryň zähmet, ylym we döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmekde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýyl yglan edilýän bäsleşigiň jemleri boýunça gowşurylýan baýragyň, ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, baýrak eýelerini sylaglamak mynasybetli dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselesine geçmek bilen, Aziada-2017-niň medallaryny taýýarlamak bilen bagly teklibi makullap, olaryň diňe sport üstünlikleri üçin sylag, maksada okgunlylyk, tutanýerli türgenleşikler we erk-islegiň netijesinde gazanyp bolýan üstünlikleriň aýdyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, myhmansöýer türkmen topragynda geçiriljek oýunlar hakynda gowy ýatlamalary galdyrmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz Olimpiýa oýunlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri hem-de olaryň tälimçilerini höweslendirmek hakynda teklibi makullap, bu çäräniň dünýäniň sport giňişliginde eziz Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türkmen türgenleriniň we olaryň halypalarynyň öz ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmäge hem-de ýurdumyzyň sportunyň şan-şöhratynyň bähbidine täze ýeňişlere ymtylmagy üçin gowy höweslendirme bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň Milli baýramy  Bitaraplyk gününiň 21 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, şanly senä gabatlanylyp, çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda 10-njy dekabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly halkara maslahat hem-de ýöriteleşdirilen sergi bar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy mynasybetli 4-nji dekabrda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi guramak meýilleşdirilýär. Dekabr aýynyň birinji ongünlüginde beýleki sport ýaryşlary hem geçiriler.
5-nji dekabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “tegelek stoluň” başyndaky maslahat guralar hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we daşary ýurt metbugatynda mowzuklaýyn makalalar çap ediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň mundan beýläk hem ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesinde türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, onuň gadymdan bäri parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň beýanyny tapandygyny belledi. Häzirki wagtda bu täsin hukuk derejesi sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bolsa, halkara bileleşiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, golaýlaşyp gelýän şanly baýramçylygyň aýratyn ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan ähli çäreleriň hem-de dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen çäreler, şeýle hem täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenilýändigi barada habar berdi.
Milli kanunçykaryjylyk tejribesine dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda köptaraply parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, parlamentiň ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga we demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetimiziň bähbitlerinden ugur almalydygyny aýdyp, halkymyzyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, ýerlerdäki ýagdaýa täsir etmekden, adamyň kanuny hukuklarynyň mizemezligini üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde uly üstünlikleri, ýurdumyzyň ähli halkyna bolsa Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek ýylynda gülläp ösüş arzuw etdi.


1 yorum:

  1. Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
    mayocareclinic@gmail.com
    Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
    Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.

    YanıtlaSil