1 Aralık 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegini we kämilleşdirilmegini ugur edinýän harby özgertmeleriň barşy, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, olaryň döwrebap gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça 2016-njy ýylyň ýanwar-noýar aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitarap döwletimiziň goranyş häsiýetine laýyklykda işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän Harby doktrinasynyň durmuş ulgamyna gönükdirilen syýasy ugra doly gabat gelýändigini hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysyna ýaş esgerleriň şöhratly pederlerimiziň asylly däplerine laýyklykda terbiýelenmegini üpjün etmek, Watan goragçylarynyň döwrebap gullugy we doly derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üçin zerur şertleri döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew şu ýylyň 11 aýynda Watanymyzyň çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, täze desgalary gurmak we serhet galalarynyň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş serhetçileriň söweşjeň taýýarlyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak hem-de hünär bilimini, amaly ukyplaryny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durýan serhetçileriň gulluklarynyň aýratyn jogapkärlidigini, mähiban topragymyzda parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga goşandyny belläp, döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, serhetçileriň ýokary derejeli gulluk etmegi we durmuşy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine yzygiderli goldaw beriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Belent Serkerdebaşymyz serhet gullugyna degişli desgalaryň, şol sanda serhet glalalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyna, şahsy düzümiň we esgerleriň arasynda watançylyk çäreleriniň yzygiderli geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda hukuk bozmalaryň öňüni almak we ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň neşekeşligiň soňuna çykmak we ýol-ulag düzgün bozmalarynyň öňüni almak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler baradaky maglumat hasabatyň özenini düzdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýan içeri işler edaralarynyň alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi hem-de jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň kanuny hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramaga we olaryň berjaý edilişine gönükdirilen ähli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, geljekde hem olrayň biziň hukuk döwletimizde kanunyň rüstemligini üpjün edip, öz gulluk borçlaryny jogapkärli ýerinpe ýetirmelidiklerini aýtdy.
Soňra kazyýetiň başlygy B.Çaryýew şu ýylyň 11 aýynda döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz kazyýet edaralarynyň işleriniň Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi hem-de kazylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi talap etdi.
Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ministrlik tarapyndan
2016-njy ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýurdumyzda durmuş –jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenýän jogapkärçiligiň aýratyn möhümdigini belläp, geljekde hem türkmenistanlylaryň rahat we abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti bolan kanunçylygyň hem-de hukuk düzgüniniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew 2016-njy ýylyň geçen döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp baran işiniň netijesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň barha artýan daşary ykdysady işjeňligini, möhüm sebit ulag-üstaşyr çatrygy hökmündäki ornuny nazara almak bilen, gümrük terminallarynyň döwrebap enjamlaşdyrylmagyna hem-de gullugyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag-üstaşyr çatrygy hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini belläp, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet gümrük gullugy tarapyndan alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelmelidigi baradaky meselä ünsi çekdi.
Şunda häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmagyň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin degişli nazaryýet we tejribe okuwlarynyň geçirilmeginiň hasabyna iş usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow şu ýylyň geçen 11 aýynda ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan milli howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň we onuň ähli düzümleýin bölumleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we iş şertlerini gowulandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly raýatlaryň ähli migrasiýa çärelerini hereket edýän halkara ölçeglerine laýyklykda geçmegi üçin zerur şertleri döretmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Adalat ministri B.Muhammedow şu ýylyň hasabat döründe milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilmeginiň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Mejlisi we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde milli kanunçylygy döwrüň hem-de halkara hukuk kadalarynyň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryň jemlerini jemläp, döwlet ösüşini we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde wajyp ähmiýeti bolan meseleleriň ýerine ýetirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Şahsy düzümleriň arasynda harby-watansöýüjilik ýörelgeleriniň ösdürilmegine, harby we hukuk goraýjy düzümleriniň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna möhüm ähmiýet bermek boýunça mejlise gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklar berildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, olaryň jogapkärli işlerinde hem-de asylly gulluklarynda üstünlik arzuw edip, mejlisi jemledi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder