Beýikligi 50 metre golaý, meýdany 145 müň inedördül metr bolan, özboluuşly arhitektonikasynda modern we konstruktiwizm elementleri utgaşýan, bezeglerinde üýtgeşik dizaýnerlik tilsimleri milli nusgalar bilen sazlaşýan ägirt uly bina köpugurly sport klasteriniň sazlaşykly estetikasyny özünde jemleýär. Aziada-2017-niň- uly möçberli sport forumynyň açylyş we ýapylyş dabaralary hut ýerde geçer, oňa dünýä ýurtlarynyň ençemesinden millionlarça adam tomaşa eder.
Stadionuň gurluşykçylary ummasyz işleri ýerine ýetirdiler. Köp sanly tomaşaçylar üçin ajaýyp şertler döredilipdir-oňaýly plastik oturgyçlar goýlupdyr, VIP-zolaklar, Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň olimpiýa komitetleriniň wekilleri, žurnalistler, maýyplar we olaryň kömekçileri üçin orunlar göz öňünde tutulan. Stadionda garbanyşhanalaryň 38-si işlär.
FIFA-nyň we IAS-yň talaplaryna laýyklykda ýaryşa gatnaşýan ýurtlaryň toparlary üçin otaglar, ýeňil atlatikaçylar we futbolçylar üçin taýýarlyk zallary, doping-barlag otaglary, saunalar, metbugat wekilleri üçin otaglar taýýarlanyldy. Mejlisler we beýleki çäreler üçin maslahatlar zallarynyň dokuzysy enjamlaşdyrylar.
Stadionyň ýeňil atletika ýodajyklarynyň sertifikatlaşdyrylan ýodajyklarynyň hili örän ýokarydyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder