OPEC-e girmeýän on bir döwlet 2017-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, nebit çykarylyşyny bir günde 558 müň barrele çenli azaldarlar. Bu çözgüt nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC hem-de OPEC-e girmeýän döwletleriň arasynda şenbe güni Wenada geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça kabul edildi, diýip Interfaks habar berýär.
Çäklendirmeklik ýanwar aýyndan başlanar. OPEC-e girmeýän döwletleriň aglabasy nebit çykarylyşyny sentýabr-oktýabr aýlarynda ýeten derejelerinden azaldarlar. OPEC-e girmeýän döwletleriň çäklendirmegi meýilleşdirýän möçberini ýarysyny — günde 300 müň barrel azaltmaklygy Russiýa öz üstüne aldy. RF nebit çykarylyşyny bir günde 10,947 million barrele çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowakyň aýtmagyna görä, nebit çykarylyşyny oktýabrdaky derejeden azaltmak meýilleşdirilýär. Şol wagt Russiýa bir günde 11,247 mln barrel nebit çykarýardy.
OPEC-iň geljekki prezidenti hökmünde Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Halid al-Falih guramanyň ähli döwletleriniň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygy doly berjaý etmekleri üçin ähli tagallalary etjekdigini beýan etdi. Russiýanyň we Kataryň ministrleri bolsa OPEC-e girmeýän täze döwletleriň ählisini nebit çykarylyşyny çäklendirmeklige çagyrdy.
Saud Arabystanynyň ministriniň aýtmagyna görä, «Bu ylalaşyk diňe bir bazaryň durnuklylygyny gazanmak bilen däl-de, eýsem täze maýa goýumlaryny özüne çekýänligi bilen hem taryhy ähmiýete eýedir. Bu ylalaşyk OPEC hem-de oňa girmeýän döwletleriň gatnaşýan sany bilen hem taryhy ylalaşykdyr».
«Elbetde, bu ylalaşyk OPEC-e agza däl beýleki döwletler üçin hem açykdyr» diýip, Kataryň energetika ministri Mohammed al-Sada nygtady. Rus ministri A.Nowak: «Biz bu ylalaşyň ýapyk bolmazlygyny gürleşdik. Oňa beýleki döwletler hem goşulyp biler. Gapylar açyk we biz bazary kadalaşdyrmak maksady ýilen eksport edijiler bazarynyň beýleki gatnaşyjylaryny hem bu ylalaşyga çekmek boýunça bilelikdäki tagallalary edip bileris» diýip belledi.
Bellenilişi ýaly, nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyga OPEC-e girmeýän 11 döwlet gatnaşdy. Olar Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Ekwotarial Gwineýasy. Gazagystan, Meksika, Oman, Russiýa, Günorta Sudan, Malaýziýa.
OPEC hem-de OPEC-e agza däl döwletleriň nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşygynyň çäklerinde Meksika nebit önümçiligini günde 100 müň barrele çenli, Azerbaýjan – günde 35 müň barrele çenli, Russiýa – 300 müň barrele çenli azaldar. Gazagystan Kaşagan käninde nebit çykarylyşyny başlandygy sebäpli nebit çykarylyşyny günde bary-ýogy 20 müň barrele çenli azaltmaga taýýardygyny beýan etdi. Oman nbeit çykarylyşyny günde 40 müň barrele çenli azaldar.
Nbeit çykarylyşy çäklendirilip başlanandan soňra nebit üçin bahalary bazar kesgitlär, diýip Saud Arabystanynyň ministri aýtdy. «Bahalar maýa goýumlaryny çekmek hem-de bazaryň deňagramlylygyny gazanmak üçin ýeterlik derejede özüne çekiji bolmalydyr. Meniň pikirimçe, häzirki bahalar uzak wagtlap saklanmaz» diýip, Halid al-Falih belledi.
Umuman, dünýä ykdysadyýetinde we dünýäniň nebit bazarlarynda ýagdaýlar 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende has gowy bolar, diýip ol hasaplaýar. «Biz global bazarlarda üýtgeşmeleri görýäris. Indiki ýyl mundan hem has gowy bolar. Ösýän döwletler üçin has köp nebit gerek bolýar. Nebite bolan isleg ykdysadyýetiň durnuklaşýandygyna, ýurtlaryň ösýändigine şaýatlyk edýär» diýip Saud Arabystanynyň ministri aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder