4 Aralık 2016 Pazar

Köneürgenjiň Arhitektura Ýadygärliklerini Rejelemek Boýunça Türkmen Ýapon Hyzmatdaşlygy Barada Ylalaşyga Gol Çekildi

2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Miho muzeýi bilenTürkmenistanyň Medeniýeyt ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň ýadygärliklerini öwrenmek we rejelemek boýunça Memoranduma gol çekildi.
Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Miho muzeýiniň wekilleri Köneürgenjiň ýadygärliklerini rejelemek boýunça bilelikdäki işiň başlanýandygy barada Ylalaşyga gol çekdiler. Bu hyzmatdaşlygyň nähili guraljakdygy barada Miho muzeýiniň ylmy gözlegler boýunça ýolbaşçysy gürrüň berdi:
– Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň işgärleri bilen bilelikde biz orta asyrlar kümmetleriniň gümmezleriniň, hususan-da Köneürgenjiň, örtülen plitkalarynyň syrçalaryny öwrenmäge başlamagy karar etdik. Syrçalanan plitkalaryň ýiten böleklerini dikeltmek we soňra bolsa olaryň önümçiligine başlamak üçin biz syrçanyň öňki düzümini seljermegi we ony dikeltmegi meýilleşdirýäris. Biziň bilelikdäki gözleg işlerimiziň dowamynda orta asyrlar keramikasynyň syrlaryny açarys diýip umyt edýäris.
Şu ýylyň ortalarynda Miho muzeýinde türkmen halkynyň däp-dessuryny görkezýän medeniýet we durmuş predmetleriniň toplumy görkezildi we onuň bilen birlikde Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çaý- melhem ylham” atly kitabynyň ýapon dilindäkisi bilen tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Bu ynsanperwer çäre ýapon halkynyň biziň ýurdumyzyň medeniýetine we däp-dessuryna hakyky gyzyklanmasyny hem-de türkmen-ýapon medeni gatnaşyklaryny öňe sürmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny aýan etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder