2 Aralık 2016 Cuma

Azerbaýjan we ÝB Merkezi Aziýanyň Günorta Gaz Akymy Taslamasyna Goşulmagyny Maslahatlaşdylar

Azerbaýjanyň energetika ministrligi we ÝB-niň iş topary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň «Günorta gaz akymy» taslamasyna goşulmak meselelerini maslahatlaşdylar, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär.
Habarda aýdylyşyna görä, duşenbe güni Bakuda Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Natig Abbasowyň ÝB-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşygy geçirildi, onda taraplar energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar.
ÝB-niň Azerbaýjandaky ilçisi Malena Mardyň aýtmagyna görä, «Günorta gaz akymy» taslamasy ÝB bilen Azerbaýjanyň energetika babatda hyzmatdaşlygyny has hem berkider.
Ol ÝB bilen Azerbaýjanyň arasynda täze ylalaşyk boýunça gepleşikleri geçirmäge ygtyýar berlendigini ýatlatdy we täze resminamadan gelip çykjak energetika meseleleriniň kesgitlenilmegiň we maslahatlaşylmagynyň wajyplygyny nygtady.
Natig Abbasow, öz gezeginde, iki tarapyň hem bähbitlerini goraýan her bir gol çekilen resminama hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam etmelidir.
Mundan başga-da, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň «Günorta gaz akymy» taslamasyna goşulmak meseleleri, «Türk akymy» taslamasynyň «Günorta gaz akymy» taslamasyna mümkin bolan täsiri, Eýran bilen energetik hyzmatdaşlyk, energiýanyň alternatiw we dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmagyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem energiýa netijelilik ýaly meseleler maslahatlaşyldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder