21 Ağustos 2015 Cuma

Mekdep Bazarlary “Täze okuw Ýyly üçin” Harytlary Hödürleýär

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we obalarda Türkmenistanyň Söwda ministrligi tarapyndan guralan “mekdep bazarlary” işlemegini dowam etdirýärler. Olarda okamak üçin zerur bolan ähli esbaplary: ýazuw enjamlaryny, mekdep torbalaryny, lybaslaryny, möwsümleýin we sport aýakgaplaryny, tikin we trikotaž önümlerini we beýlekileri satyn alyp bolar. 

Ýurdumyzyň iň uly söwda toplumynda – Aşgabadyň “Altyn asyr” gündogar bazarynda harytlaryň giň görnüşlerini satyn almak mümkindir. Paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän “Gülüstan” bazary, “Arzuw” we beýleki söwda merkezleri hem okuwçylar üçin gapylaryny giňden açdylar. Şu ýyl hödürlenýän mekdep okuwçylary üçin tikin önümleriniň köpüsiniň Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilendigi guwançly ýagdaýdyr. Dürli ýaşdaky okuwçylar üçin lybaslary “Bazar” we “Ahal” tikin kärhanalary, oglanlar üçin ak köýnekleri Marynyň “Ýeňiş” tikin fabrigi, sport lybaslaryny Gökdepäniň dokma toplumynyň we ýurdumyzyň beýleki kärhanalarynyň öndürýändigini bellemek gerek. 



Söwda merkezleriniň tekjelerinde Türkmenistanyň neşirýat gullugy tarapyndan göýberilen owadan bezegli depderler we gündelikler, “Ylym” neşirýatynyň öndüren kartalary, umumy depderleri, surat çekmek üçin we çyzuw üçin depderleri we beýleki çaphana önümleri bezeýär. Gündeliklerde mekdep okuwçylary üçin zerur bolan maglumatlar, depderleriň daşky sahaplarynda bolsa iň kiçijek okuwçylar üçin suratlarda ýol hereketiniň düzgünleri görkezilendir, ýokary synp mekdep okuwçylary üçin umumy depderleriň sahaplarynda bolsa Magtymgulynyň, beýleki belli türkmen ýazyjy şahyrlarynyň portretleri bezeýär. Şeýle hem okuw kanselýar önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär. 

Emele gelen däbe görä mekdep bazarlary sentýabr aýynyň birinji hepdesinde hem işlemegini dowam eder. Öňde çagalar üçin yhlasly zähmetden, gyzykly wakalardan ybarat bolan täze okuw ýyly garaşýar, häzirki wagtda bolsa mekdep esbaplaryny satyn almak ýaly ýakymly aladalar olary gurşap alýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder