21 Ağustos 2015 Cuma

Aşgabatda Goňşy Ýurduň ХI Ýöriteleşdirilen Sergisi Açyldy

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň ХI ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýranyň "Pars Pegah Tejarat" kompaniýasy bilelikde gurady. Dostlukly ýurduň senagat babatda ýeten derejeleriniň däp boýunça türkmen paýtagtynda geçirilýän sergisi iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant boldy.

Häzirki döwürde Eýran ägirt uly senagat we ylmy kuwwatlyklara eýe bolmak bilen, biziň ýurdumyz bilen daşary söwda dolanygyşynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we möhüm ähmiýeti bolan hem-de sebitleýin derejedäki giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçrilmegine gatnaşýar.

Sergä gatnaşyjylaryň ägirt uly düzümi bu gezekki gözden geçirilişine taraplaryň uly ähmiýet berýändiginiň subutnamasydyr. Eýran wekiliýetiniň düzüminde 300-den gowrak adam bolup, olaryň hatarynda döwlet düzüminiň wekilleri, 100-den gowrak iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, menejerleri, bilermenleri we söwda wekilleri, žurnalistler bar. Olaryň köpüsi indi birnäçe ýyl bäri biziň ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolup durýarlar. Olaryň paýtagtymyzla we welaýat merkezlerinde wekilhanalary hereket edýär. Türkmenistana ilkinji gezek gelýän kompaniýalar üçin bu sergi işläp taýýarlan taslamalaryny, taýýar önümlerini we dürl hyzmatlaryny hödürlemek, şeýle hem bilelikdäki iş üçin geljekki ugurlary kesgitlemäge ygtybarly meýdança bolup durýar.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçililik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. 

Medeniýet we  sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, türkmen bagşylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary bu günki guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. 

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak bilen, giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýar we  täze tehnologiýalary we  öňdebaryjy usullary  önümçilige yzygiderli ornaşdyrýar. Bu bolsa geljegi uly saýylýan türkmen bazarynda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol  sanda eýranly işewürlerde uly gyzyklanma döredýär.

Millli Liderimiz şeýle hem Gutlagynda Aşagbatda geçirilýän bu gezekki sergi Eýran Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan  bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we oňa gatnaşyjylara köpugurly sergi ýakyndan tanyşmaga, uzak geljek üçin meýilnamalary hem-de işewür teklipleri kesgitlemäge mümkinçilik berýändigini äşgär edýär diýip belleýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdan we söwda ministri Mohammed Reza Nematzade dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde eden çykyşynda köpasyrlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän işjeň daşary syýasaty netijesine häzirki döwürde täze ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokary derejesi munuň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, taraplar bu görkezijini has-da artdyrmaga meýillidirler.

Eýran Yslam Respublikasynyň önümçilik tehnologiýasynda iň täze 
ylmy-tehniki gazananlary özünde jemleýän senagat kärhanalarynyň diwarlyklary giň möçberli serginiň esasyny düzdi. Olar sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. 

Nebitgaz we elektroenergetika, himiýa senagaty, ýol-ulag pudagy, suw we oba hojalygy, gurluşyk materiallary senagaty ýaly pudaklar üçin enjamlaryň we tehnikalaryň görnüşleri, şekilleri sergide görnükli orun eýeleýär. 

Şeýle hem bu ýerde "Ista Steel Struсture сomp" kompaniýasynyň alýuminden we plasmasdan öndüren metal gurnamalary we profilleri, "Apadana Sanat" kompaniýasynyň sorujylary we elektrik enjamlary, "Shahid Ghandi Сorporation" kompaniýasynyň mis, elektrik  we optika süýümli kabelleri, "Polyetmhlene Hoghavemat Bandar" kompaniýaynyň plastik turbalary, "Сhloran сhemiсal produсtion сompony" kompaniýasynyň himiýa önümleri, "Adak Behin Niroo" kompaniýasynyň bölüji abzallary, "Сala" kompaniýasynyň nebit himiýa önümleri we beýlekiler görkezilýär. Mundan başga-da. suw üpjünçiligi, suw arassalaýjy ugama, bezeg we gurluşyk materiallarynyň, daşdan edilen dürli örtgüleriň, plasmas önümleriň we elektrik panelleriň, agajy gaýtadan işleýän stanoklaryň, metal kesijileriň, ýylmaýjy stanoklaryň, burawlaýan enjamlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. 

Sergide Eýranyň ýeňil senagatyna degişli önümleri  bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde  dürli fabrik halylary, gaplaýjy enjamlar, aýna gaplary görkezilýär. Häzirikzaman ýyladyşhanalaryny we onuň enjamlaryny taslamalaşdyrmakda hem getirmekde iri düzüm bolup durýan "Marsus сom" kompaniýasynyň önümleri has-da uly gyzyklanma döretdi. Bu kompaniýalar polietilen plýonkalary, beýleki enjamlary, ýagtylyk saklaýjy ulgamlary, ýyladyşhanalary, howa arassalaýjylaryny, şeýle hem balyk we guş köpeldilýän kärhanalaryň gurluşygynyň taýýar taslamalaryny hödürleýär "Kimiadam" kompaniýasy guşçulyk fabrikleri üçin  konsentrirlenen iýmleriň dürli görnüşleri görkezýär.

Şeýle hem sergide işewür toparlaryň wekilerniň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine mynasyp goşnat goşýan  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezi, "Sederat-Eýran" bankynyň wekilhanasy öz diwarlyklaryny guradylar. 

Elde dokalan eýran halylarynyň dürli görnuşleri, bezegli gap-gaçlar, sowgatlyk önümleri we beýlekiler sergä özboluşly bezeg berdi. Munuň özi Eýran halkynyň gadym medeniýetiniň baý taryhynyň we sungatynyň bardygyny äşgär edýär.

Sergä gatnaşyjylar birnäçe günüň dowamynda iň täze tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary görkezýän köpugurly sergi bilen ýakyndan tanyşmaga, geljekki meýilnamalary we özara gyzyklanmalar esasynda işewür teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik alarlar. 

*** 

Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky "Mizan" işewürlik merkezinde türkmen-eýran  işewurlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, gatnaşykaryň has möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň meseleleri girizildi. Maslahaty Türkmenistanyň 
Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilelikde guradylar.

Maslahatyň açylyşynda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran gatnaşyklary sazlaşykly ösýär. Şunlukda, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy mahalynda gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm hukuk binýadyny emele getirýär. Duşuşygyň barşynda iki goňşy ýurduň taraplaryň hoşniýetli erkine, köpýyllyk tejribä we özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan meýillere daýanýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we gejegi hakynda gyzyklanma bildirýän pikir alyşmalar boldy. 

Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bar. Şeýle hem Eýran tarapyndan goňşy ýurduň ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde, himiýa senagatynda we oba hojalygynda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň, firmalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. Şol sanda maslahata "Pars Pegah Tejarat", "Iriteс", "Sadid Group" we beýleki kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna hyzmat eder we hyzmatdaşlygyň geljegine oňyn täsirini ýetirer. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani öz ýurdunyň işewür toparlarynyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan hem-de dünýäde ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen döwlet bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Ýangyç-energetika pudagy, söwda-ykdysady ulgam, himiýa senagaty, oba hojalygy  we azyk önümleriň önümçiligi ýaly pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Ýurdumyzda daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilmegi Eýranyň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklara bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar diýip, myhmanlar bellediler.

Maslahatyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň we dürli pudaklarynyň wekilleriniň arsayndla ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Onuň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşmalar boldy we Türkmenistanyň we Eýranyň iki goňşy halkyň bähbidine laýyk geläýn köp asyrlyk dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklandy. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder