6 Mayıs 2016 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Birata, Galkynyş, Garaşsyzlyk, Serdarabat, Farap, Sakar, Saýat, Garabekewül, Hojambaz, Halaç, Atamyrat, Köýtendag, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplarynyň we Seýdi şäheriniň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder