6 Mayıs 2016 Cuma

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri jemlenildi, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi.  Wise-premýer ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlaryndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Makroykdysady seljermäniň netijelerine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 106,3 göterim  üpjün edilendigi, şol sanda bu görkezijiniň senagat pudagynda 102,4 göterime, gurluşykda 105,6 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110,1 göterime, söwdada 116,7 göterime, oba hojalygynda 106 göterime we hyzmatlar ulgamynda 109,8 göterime deň bolandygy bellenildi. 

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 103,2 göterim üpjün edilip, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. 

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 16,8 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy. 

Wise-premýer ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,6 göterim ýokarlanandygyny belledi. 

Daşary söwda dolanyşygynyň möçberleriniň artyşynyň görkezijileri boýunça hem oňyn netijeler gazanyldy. 

Dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 90 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-aprel aýlarynda býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 105,7 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba  milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça suw hem-de lagym arassalaýjy desgalaryň 25-siniň, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 99-synyň, ýaşaýyş jaýlarynyň 808,2 müň inedördül metrden gowragynyň   hem-de inženerçilik ulgamlaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Jemi 792,5 million manada barabar möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. 

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda 192 binanyň we desganyň gurluşygy tamamlandy hem-de 127-sinde gurluşyk işleri dowam etdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň edaralarynyň işleri talabalaýyk alyp barmaýandygyny aýtdy. Kabul edilen maksatnamalarda, hususan-da, Oba milli maksatnamasynda, ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak, edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreler talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Milli Liderimiz biržalary döretmek, hünärmenleri taýýarlamak, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça hem ýeterlik iş alnyp barylmaýandygyny  aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Ahal welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde welaýatda alnyp barylýan işlere seredilende hem bu meseleler has aýdyň göründi. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde Maliýe ministrliginiň maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna ýaramaz gözegçilik edýändigini aýdyp, beýleki welaýatlarda bar bolan şeýle kemçilikleri aradan aýyrmak üçin zerur çäreleriň görülmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasynda özara hasaplaşyklary çalt geçirmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. 


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew geçen dört aýyň içinde nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 100,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 100,3 göterim, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilişiniň möçberiniň ösüş depgini bolsa 102,3 göterim boldy. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit önümleriniň birnäçesiniň, şol sanda polipropileniň, tehniki çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň möçberi artdy. Guýulary burawlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 130,4 göterime deň boldy.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada habar berildi. Şol gurluşykda hemme işler tassyklanylan tertibe laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň iri nebitgaz känlerini özleşdirmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazaryň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge, türkmen tebigy gazynyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek meselelerine aýratyn üns bermek gerek. Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyndan başga-da, tebigy gazy Ýewropa ugry boýunça ibermek bilen bagly meseleleri öwrenmelidigine, Hytaýa gaz geçirijisiniň täze şahasyny gurmak boýunça taýýarlyk işlerini tamamlamalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Senagat ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 104,1 göterim, magdan däl materiallar boýunça 113,5 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 100,1 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 107,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň meýilnamasy 109,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 101,9 göterime barabar boldy. Nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 100,2 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 100,1 göterim, tikin we trikotaž önümleriň öndürilişi boýunça 100,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça ýanwar-aprel aýlarynyň önümçilik meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 103,9 göterime deň boldy. Şol döwürde pudagyň kärhanalary tarapyndan 14 müň 403 inedördül metr haly önümleri dokaldy we 100,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 122,4 göterime barabar boldy. Pudagyň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 111,2 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100,1 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 100 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 111,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Tutuş pudak boýunça meýilnama 107,9 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 185,8 göterime deň boldy. Tutulan balyk boýunça 125,9 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 121,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileri bilen netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmäge aýratyn üns bermegiň, şeýle hem senagat pudagyna degişli kärhanalaryň talabalaýyk işlemegi we döwletimize köp möçberde girdeji getirmegi üçin ähli zerur çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylyň dört aýynda alnyp barlan 
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Tutuş obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini  104,9 göterime deň boldy. Şunda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 106,1 göterime, Daşky gurşawy goramak we  ýer  serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 112,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,1 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 125,7 göterime barabar boldy. 

Ýurdumyz boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende unuň öndürilişinde 101,8 göterim, çörek we çörek önümlerinde 103,2 göterim, etiň öndürilişinde 102,1 göterim, süýdüň öndürilişinde  101,2 göterim, ýumurtganyň öndürilişinde 106,1 göterim hem-de gök önümleriň öndürilişinde 105,9 göterim ösüş depginleri üpjün edildi. Obasenagat toplumynyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan maýa serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama 147,7 göterim ýerine ýetirildi. 

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, 545 müň gektar meýdanda gowaça ekişi geçirilip, ekiş möwsüminiň guramaçylykly tamamlanandygyny habar berdi. Häzirki wagtda gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, däne ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2016-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanda 2016-njy ýylda gant şugundyryny öndürmek  hakyndaky” kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Şu resminamalara laýyklykda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekmek, Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa 17 müň 900 gektar meýdanda güýzlük gant şugundyryny ekmek göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, wise-premýer R.Bazarowdan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işleri işjeňleşdirmegi talap edip,  ýakyn wagtda gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde welaýatlara iş saparyna gidip, alnyp barylýan işleri ýerinde öwrenmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýändigine garamazdan, oba hojalygynda entek özgertmeleriň haýal amala aşyrylýandygyny belläp, wise-premýere geljekki ösüş üçin pudaklaryň has bähbitlisini kesgitlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda daýhan hojalyklarynyň ýa-da hojalygy ýöretmegiň başga görnüşiniň esasy ugur hökmünde bähbitli boljakdygy baradaky meselesini öwrenmek boýunça zerur işleriň  geçirilmelidigini nygtady.  

Hormatly Prezidentimiz maldarçylygy ösdürmek, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek meseleleriniň hem çalt çözülmeginiň wajypdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalygyny ösdürmek     bilen bagly düýpli meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Soňra bu tekliplere şu ýyl geçiriljek Ýaşulularyň maslahatynda serediler. 

Hormatly Prezidentimiz  ýakyn wagtda geçiriljek galla oragy barada durup geçip, bu möhüm oba hojalyk möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. 

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2016-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanda 2016-njy ýylda gant şugundyryny öndürmek  hakyndaky” kararlara gol çekip, olary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda söwda toplumynyň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygy 1,6 milliard manatlykdan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 127,2 göterim boldy. 

Döwlet haryt-çig mal biržasynda dört aýyň içinde söwdalaşyklaryň 81-si geçirilip, olarda umumy bahasy 9,7 milliard manatlykdan gowrak bolan şertnamalaryň 5448-si hasaba alyndy. Eksport we import geleşikleriň bahasy 5,4 milliard manatlykdan gowrak bolup, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 2,7 milliard manatlykdan artyk boldy. Hasabat döwründe 24,5 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi. Bu görkeziji   geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 2,5 göterim köp boldy. 

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini ýanwar-aprel aýlarynda 119,9 göterime deň boldy. Girdeji 1,9 million manada barabar boldy. 

Hasabat döwründe sergileriň 8-si we maslahatlaryň 10-sy geçirildi. 

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilen möçberi 28,2 göterim ýokarlanyp, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 39,6 göterime deň boldy. Gurluşyk-gurnama işleriniň möçberiniň ösüş depgini 100,9 göterime, söwda dolanyşygy 111,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 108,7 göterime barabar boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamyny çalt çepginler bilen ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy hem-de olary ýakyn wagtda telekeçiler bilen geçiriljek duşuşygyň barşynda seretmek üçin bermegi tabşyrdy. 

Şeýle hem ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek bilen bagly zerur resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak tabşyryldy. Telekeçilere döwletimiz tarapyndan geljekde hem uly goldaw berler. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan hasabat döwründe ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlary 121,7 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. 

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça işler 137,1 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 104,7 göterime deň boldy. 

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini hasabat döwründe 100,1 göterime, ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda bolsa degişlilikde 101,6 göterime we 101,5 göterime deň boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar-aprel aýlarynda işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 114,6 göterime deň boldy. Ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen bellenilen döwürde ýurdumyz boýunça 175,5 müň telefon nokatlary, şol sanda 159 müň öýjükli belgi we 16,5 müň ýerli telefon nokady gurnaldy. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlar boýunça ösüş depgini 124,8 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 102,6 göterime we 104,7 göterime deň boldy. 

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça  ýanwar-aprel aýlarynda işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 105,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 103,5 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek we käbir iri desgalary, şol sanda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilini, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleri, Halkara deňiz portuny ulanmaga bermegiň şertnama boýunça möhletlerini berjaý etmek boýunça zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu desgalaryň ýokary derejede ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, innowasion hem-de ýokary tehnologik çözgütler, öňdebaryjy işläp düzmeler, ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlary ulanylmalydyr, olar ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ölçeglerine gabat gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda gurluşyk meýdançalaryna baryp görmek we alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak barada tabşyryk berildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň tertip-düzgüni gowşadandygy üçin nägilelik bildirdi we bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi. 

Ýakyn günlerde Balkan welaýatynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu mejlise ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Mejlisde welaýaty ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine garalar.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň” çäklerinde guralan çäreler şol işleriň möhüm ugurlary boldy. 

Ýurdumyzyň halkara derejesindäki medeni durmuşyna degişli wakalardan fewral aýynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri,   daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guralan Germaniýanyň suratkeşleriniň işleriniň sergisi, Pakistan Yslam Respublikasynyň artistleriniň çykyşlary we beýlekiler agzaldy.

Hasabat döwründe medeniýet ulgamynyň işgärleri Russiýada, Gazagystanda, Täjigistanda, Belarusda, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Türkiýede, BAE-de, Hindistanda, Hytaýda iş saparynda boldular.

Häzirki wagtda Amerikanyň iri sungat muzeýi bolan Metropolitende “Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi geçirilýär. Onda muzeý gymmatlyklarynyň eserleri görkezilýär. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň muzeýleri şunuň ýaly giň möçberli halkara sergisine ilkinji gezek gatnaşýar. 

Hasabatyň çäklerinde, geçen dört aýyň içinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan  43,9 million manatlykdan gowrak bolan neşir önümleriniň öndürilendigi habar berildi. 

Kitap önümleriniň  114 görnüşi   3,1 million nusgalykda çap edildi. Gulluk tarapyndan neşir edilen kitaplar ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen sergilere gatnaşdyryldy. 

Wise-premýer Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi, ýaýlyma berilýän gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzda bolup geçýän wakalary öz wagtynda beýan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak, daşary ýurtly jahankeşdeleriň ýurdumyzyň gözel ýerlerine we mirasyna ünsüni çekmek boýunça işler dowam edýär. 

Ýanwar-aprel aýlarynda komitetiň maliýe-hojalyk işlerinden alnan umumy girdejiniň ösüş depgini 102 göterim boldy. Hasabat döwründe 39,4 müň syýahatça hyzmat edilip, 106,4 göterim ösüş gazanyldy. 

Wise-premýer 11-13-nji maýda Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu ýurda düzüminde medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bolan wekiliýet ugraýar. 

Medeniýet gününiň maksatnamasynda türkmen artistleriniň konsertleri, Türkmenistanyň we Belarusyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň duşuşygy, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi we beýleki çäreler bar.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maý aýynda köpsanly medeni çäreleriň, şol sanda baýramçylyk senelerine bagyşlanylan çäreleriň göz öňünde tutulandygyny belläp, wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çärelere aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda  ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri giňden wagz etmek boýunça hem tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly we netijeli ulanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns bermegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli anyk görkezmeleri berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary  S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek, sporty höweslendirmek we ösdürmek, düzümleri döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgamlaryň kuwwatyny berkitmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, degişlilikde 35 /9 altyn, 12 kümüş, 14 bürünç/ hem-de 8 /2 altyn, 2 kümüş, 4 bürünç/ medal gazandylar. Türkmen ýaşlary şeýle hem dürli internet-bäsleşiklerine işjeň gatnaşdylar. Şonda mekdep okuwçylary 90 medala, ýokary okuw mekdepleriň wekilleri 140 medala mynasyp boldy.

Ýanwar-aprel aýlarynda okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 193 görnüşi taýýarlanyldy hem-de çap etmäge berildi, şolardan 60-sy neşir edildi. Şu ýyl aspirantura 18 adam kabul edildi, ylymlaryň kandidaty we doktory diýen alymlyk derejesini goraýjylaryň sany, degişlilikde 28 we 4 adamdan ybarat boldy.

Şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň pudak institutlary tarapyndan birnäçe gurluşyk we önümçilik ähmiýetli taslamalaryň işlenip düzülendigi hem-de önümçilige ornaşdyrylandygy habar berildi. 

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça desgalaryň altysy, şol sanda 5 lukmançylyk edarasy we 1 ýaşaýyş jaýy guruldy. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň ösüş depgini 102 göterim boldy. Ýerlenen we hyzmatlardan alnan girdeji boýunça görkeziji 117,4 göterime deň boldy. Ýurduň derman senagatynda öndürilen önümleriň möçberi boýunça ösüş depgini 106 göterime, ýerlenen derman önümleriniň möçberi boýunça ösüş depgini 121 göterime barabar boldy.

Wise-premýer sport ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, milli Liderimiziň alyp barýan ýadawsyz yhlasly işleriniň netijesinde häzir Türkmenistanyň sport döwletine ynamly öwrülýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, 5-nji aprelden 5-nji maýa çenli ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy guraldy. Ol uly höwes görkezen türkmenistanlylaryň işjeň gatnaşmagynda geçdi. Onuň jemleýji gününde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli galan 500 günüň hasabynyň ýöredilmeginiň şanyna atly ýörişe badalga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe içerki ýaryşlaryň 90-synyň we köpçülikleýin sport çäreleriniň 58-siniň geçirilendigi bellenildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 56-syna gatnaşyp, 137 medal /50 altyn, 37 kümüş we 50 bürünç/ gazandylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  
ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýakyn wagtda okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen baglylykda jogapkärli döwrüň başlanýandygyny nygtap, wise-premýere orta mekdeplerde geçiriljek gutardyş synaglaryna, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerindäki giriş synaglaryna, beýleki degişli çärelere düýpli taýýarlyk görmegi üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak möhümdigini nygtady hem-de zehinli ýaşlary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerini tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýar etmek hem-de şol döwürde ýaş türkmenistanlylaryň boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi, saglyklaryny berkitmegi, göwnejaý dynç almagy üçin hemme şertleri döretmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.   

Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna 500 günüň galmagy mynasybetli atly ýörişe badalga berlendigi mynasybetli, bu ähmiýetli çäräni geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe söz berildi. Ol şu ýylyň dört aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada  hasabat bilen çykyş etdi. 

Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşykly kärhanalar we guramalar meýilnamany 109,7 göterim ýerine ýetirdiler. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň umumy bahasy 99 million 327,10 müň manada deň boldy. Netijede, bu görkezijileriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 115,6 göterimden ybarat boldy.    

Paýtagtymyzyň häkimliginiň kärhanalary tarapyndan maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi bahasy 2 milliard 368 million manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirilip, ösüş depgini 104,4 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 116,6 göterim möçberde berjaý edildi we 2015-nji ýylyň dört aýy bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 107,9 göterim boldy. Daşary ýurt pulunda alnan girdeji ABŞ-nyň 4 million 756 müň dollaryna barabar bolup, ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy.

Energetika ministrliginiň düzüm bölümleri meýilnamany 118,5 göterim ýerine ýetirdiler. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 110,3 göterime barabar boldy. 

2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýurdumyzda jemi 7 milliard 602 million 983 müň kWt/sagat elektrik energiýasy öndürilip, ösüş depgini 101,6 göterim boldy. 

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň jemi möçberi 49 million 627,7 müň manada deň bolup, meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 105,2 göterim berjaý edildi we ösüş depgini 113,0 göterim boldy. 

Wise-premýer Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak baradaky meselelere geçip, türkmen paýtagtyny gurmagyň 15-nji nobatdakysynyň teklip edilýän şekil taslamalaryny, hususan-da, yşyklandyryjy sütünleri, awtobus duralgalaryny hem-de ýerasty geçelgelerini bezemäge degişli şekilleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli hem-de garamagyndaky düzümleriň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.    

Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň örän wajypdygyny nygtap, gurluşygyň esasy şertleriniň berjaý edilmeginiň,  adamlar üçin amatlylygynyň, bina edilýän desgalaryň ygtybarlylygynyň we berkliginiň, ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi hem-de hödürlenen şekillere birnäçe düzedişleri girizip, olaryň bezeg babatda has-da kämilleşdirilmegi babatda teklipleri aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri   R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň hasabat döwründe alyp baran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň 11-12-nji maýda Belarus Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1993-nji ýylda ýola goýlandygy bellenildi, ähli  ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy. Özara saparlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi hem muňa ýardam edýär. 

Häzirki wagtda dürli derejede gol çekilen resminamalar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny düzýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmelere hem-de Hökümetara türkmen-belarus toparyna möhüm orun degişlidir. Döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hem-de özara bähbitli işewür gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berildi. Aşgabatda we Minskide açylan iki ýurduň Söwda öýleriniň hem-de Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda – senagat edaralarynyň arasynda  hyzmatdaşlyk baradaky işewür geňeşiň alyp barýan işleri, şeýle hem yzygiderli guralýan işewürler maslahatlary we türkmen hem-de belarus harytlarynyň sergi-ýarmarkalary munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer  ulgamda türkmen-belarus  gatnaşyklary, şol sanda bilim we ylym, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak hem-de medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has işjeňleşendigini hem-de ähli ugurlar boýunça täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Özara hormat goýmak we birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan, däp bolan dostluk gatnaşyklary döwletara derejesinde hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegi üçin ygtybarly esas bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, belarusly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny, ondan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçiriljek nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine Belarus Respublikasyna boljak resmi sapara taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Bu sapar özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi bermelidir. 

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy maksatlaryny we wezipelerini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de daşary döwletleriň kanunçykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň dört aýynda geçirilen işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentiň ýolbaşçysy 26-28-nji aprelde ýurdumyzyň parlamentarilerinden ybarat wekiliýetiň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri barada habar berdi. Şol ýerde däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meseleleri boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň 2 maslahaty geçirilip, olarda  resminamalaryň 84-si, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 45-si we Mejlisiň Kararlarynyň 39-sy kabul edildi. Häzirki wagtda iş toparlary özgertmelere täze itergi berjek kanun taslamalarynyň üstünde işleýärler. Şeýle hem ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça toparyň mejlisleriniň 6-sy geçirildi. 

Milli Liderimiz kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirmegiň häzirki taryhy döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, dünýäniň iň gowy kanunçykaryjylyk tejribesini milli kanunçylyga ornaşdyrmak maksady bilen öwrenmegiň we düýpli seljermegiň möhümdigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleri ygtybarly kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň zerurlygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegiň we gutarnykly işlemegiň zerurdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň tekliplerini nazara alyp,  ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan başy başlanan, Ahal welaýatynda dolandyryş-çäk bölünişini tertipleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şonuň ýaly işleri geçirmegiň möhümdigine milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2016-njy ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini häsiýetlendirdi. 

Gazanylan üstünlikleriň netijesinde, ýurdumyzda jemi içerki önümiň       möçberiniň artyşy 6,3 göterim derejede saklanýar. Dürli pudaklara goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 5,7 göterim artdy. Döwlet býujetine serişdeleriň göz öňünde tutulan möçberlerde gelip gowuşmagy üpjün edildi. Zähmet haklarynyň möçberi 9,6 göterim köpeldi. 

Ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Dört aýyň jemleri boýunça eýýäm 30-dan gowrak iri desga gurlup, ulanmaga berildi. 

Şolaryň hatarynda «Bagtyýarlyk–2» gazy guradyjy desgany, iri panelli jaý gurluşyk kärhanalarynyň durkunyň  täzelenmegini, «Abadanhaly» önümçilik kärhanasyny, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mebel toplumyny, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny we döwrebap obany görkezmek bolar. 

Şeýle hem, bularyň hatarynda önümçilik, medeni we durmuş maksatly dürli desgalar, kiçi elektrik beketleri, serhet galalary, Saglyk öýleri we beýleki köp sanly desgalar bar. 

Mundan başga-da, şu döwürde umumy meýdany 475 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi. 

Halkara we milli ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Hususan-da, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.  

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň hem çalt depginler bilen ösdürilýändigine ünsi çekdi. Ulag we aragatnaşyk pudagynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda hem oňat netijeler gazanyldy diýip, milli Liderimiz nygtady. 
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiz tarapyndan telekeçiligi ösdürmäge hem uly goldaw berilýändigini aýdyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekdi. 
 
Şunuň bilen birlikde, kabul edilen durmuş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin şert döredilýär. Göz öňünde tutulan ähli durmuş     borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilikler açylýar. 

Döwlet Baştutanymyz uly üstünlikleriň gazanylýandygyna garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işinde entek köp sanly kemçilikleriň bardygyny aýtdy we olary çalt aradan aýyrmagyň wajypdygyny nygtady. 

Soňra milli Liderimiz ýetip gelýän uly baýramyň--Ýeňiş gününiň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, mähriban halkymyzy 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu baýramçylyk ýurdumyzda her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.  

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda  döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban halkymyzyň abadançylygyny hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder