28 Mayıs 2016 Cumartesi

Häzirki Döwrüň Global Meselelerini Çözmekde Halkara Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde çäreleriň ozal tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda guralan, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak, hususan-da, adam söwdasyna garşy göreşmek babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan sebit maslahaty şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda öz işine başlady. 

Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň edaralarynyň wekilleri, adam söwdasyna garşy göreşmek meseleleri boýunça halkara bilermen, şeýle hem Awstriýadan, Albaniýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, Moldowadan, ABŞ-dan we Çehiýa Respublikasyndan myhmanlar çagyryldy. 

Iki günlük maslahatyň maksady — bu ugurda milli kanunçylygy güýçlendirmek boýunça iň gowy tejribeleri öwrenmek hem-de ony halkara ülňülerine laýyk getirmek bolup durýar. 

Bu ugurda Türkmenistan hem oňyn tejribä eýe bolup, adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. 2007-nji ýylyň dekabrynda “Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, oňa laýyklykda Jenaýat kodeksine azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza berilmegini göz öňünde tutýan 129-njy madda girizildi. 

2014-nji ýylyň başynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça ýörite işçi topary döredildi. Onuň düzümine ygtyýarly döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri girýär. Halkara bilermeniniň goldaw bermeginde bu topar tarapyndan Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016—2018-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlandy. Ol şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanyldy. 

Ýygnananlar kabul edilen resminamanyň aýratyn möhümdigini belläp, onda meýilleşdirilen ähli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny gös-göni üpjün etmäge, ilatyň durmuş-hukuk goraglylygyny berkitmäge, şeýle hem degişli ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde umumy tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda toplanan tejribeleri alyşmaga ýardam edýän şunuň ýaly duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder