Maslahat köşgünde guralan sungat ussatlarynyň konserti giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilen baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biri boldy.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilmeginiň gününi hem-de beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belent tutulmagyny birleşdiren ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik tejribesiniň yzygiderliligini, milli bitewüligi we agzybirligi şöhratlandyrýar. Bular barada öz ganatly setirlerinde beýik Pyragy wasp edip geçdi.
“Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, ynsanperwerligiň beýik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan milli baýram hökmünde aýratyn sarpa goýulýar” diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlag hatynda belledi.
Ruhy gymmatlyklar astynda halkyň mizemez agzybirligi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän dabaranyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Nesilleriň taryhy yzygiderliligi, milletiň baý medeni mirasynyň öçmez-ýitmez ähmiýeti baýramçylyk maksatnamasyny açan “Şahyrana sözler bilen” atly edebi-sazly çykyşyň özenini düzdi. Bu çykyş watançylyk duýgusynyň, türkmenistanlylaryň gülläp ösýän mähriban Watanyna bolan buýsanjynyň çuňňurlygyny beýan etdi. Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçylarynyň hem-de horunyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň şu güni, giň gerimli özgertmeleri we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de döredijilik syýasaty netijesinde ösüş ýolunda gazanylan üstünlikler joşgunly beýan edildi. Mäkäm ruhy sütünlerine we demokratik gymmatlyklaryna eýe bolan döwlet hökmünde tutuş dünýäde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmagyň bähbidine milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän ägirt uly özgertmeleri beýan edýän wideofilm baýramçylyk konsertiniň özboluşly goşandyna öwrüldi.
Soňra teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň – türkmen halkynyň azat Watan we bagtyýar durmuş baradaky isleg-arzuwlaryny beýan eden şahyrlaryň şahyrana setirleri okaldy. “Dokmaçylar” döredijilik topary taryhy we häzirki döwri birleşdiren çykyşy bilen, behişdi bedewleriň batly gadamyna deňelýän ýurdumyzyň şu günki durmuşynyň depginlerini beýan etdi.
Söz, aýdym, saz we tans sungatyny özünde birleşdiren bu çykyş baýramçylyk konsertine özboluşly öwüşgin çaýdy.
“Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” çagalar tans toparlary “Güneş” çagalar aýdym-saz topary bilen bilelikde tomaşaçylara döredijilik sowgadyny peşgeş etdiler. Ýaş artistler “Ýaşa, Arkadagymyz!” atly çykyşyny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyş Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ýaş nesil hakyndaky aladany ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde yglan eden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlandy.
Ähli çykyşlar milli sungatyň iň gowy däpleriniň yzygiderliligi bilen birleşdi. Onuň maksatnamasyna öz döredijiliginde umumadamzat maksatlaryny we gymmatlyklaryny beýan eden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar sazlaşykly goşuldy. Asyrlaryň içinden türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny alyp gelen etnografik çykyşlar, söýgi aýdymlary, aýdym-sazly tanslar konsertiň bezegine öwrüldi. Olarda beýik söz ussadynyň şahyrana zehini bilen döredilen keşpler beýanyny tapdy.
Täze taryhy eýýamda Magtymgulynyň ynsanperwer maksatlara ýugrulan hem-de adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna giren eserleri öz wezipesini—ruhy, ahlak, gözellik taýdan terbiýelemek, adamlaryň kalbynda asylly duýgyny oýarmak wezipesini ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, asyrlar geçse-de, onuň mirasy öz möhümligini ýitirmän, diňe bir biziň watandaşlarymyzyň däl, eýsem-de, Magtymgulynyň wagyz eden hakykaty hemmeleriň ýüreginde we aňynda tolgunma döretmegini dowam edýär.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalarynyň döredijilik toparynyň çykyşy tomaşaçylara uly lezzet berdi. Olar Magtymgulynyň “Türkmeniň” diýen meşhur goşgusyna döredilen aýdymy joşgunly ýerine ýetirdiler.
“Serpaý” folklor topary “Bu seniň arzuwlan döwrüň, Pyragy!” diýen çykyşynda sazyň we tansyň dili bilen şahyryň agzybir hem-de gülläp ösýän döwlet baradaky arzuwynyň hasyl bolşuny beýan etdi.
“Laçyn” döredijilik toparynyň “Meňli hanym” horeografiýa çykyşy ajaýyplygy bilen tapawutlandy. Ol Magtymgulynyň ençeme söýgi goşgularynda wasp eden söýgülisine bagyşlandy.
Biri-biriniň yzy bilen ýerine ýetirilen çykyşlaryň her biri köptaraplylygy, many-mazmunylygy, ajaýyplygy bilen tomaşaçylary begendirdi. Häzirki zaman tehniki serişdeleriniň peýdalanylmagy baýramçylyk çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Konserte esasan ýaş döredijileriň—talyplaryň, sungatda öz ýoluna başlaýan ýerine ýetirijileriň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň gatnaşandygyny bellemek gerek. Munuň özi zehinleriň gözbaşynyň egsilmezdigini, milli sungatyň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar. Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasaty, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak meselelerine berýän yzygiderli ünsi netijesinde türkmen sungatyny has-da ösdürmek üçin berk, ygtybarly binýat goýulýar.
Asylly däbe görä, baýramçylyk konsertiniň ahyrynda gadymy “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan bu ajaýyp tans biziň günlerimizde täze mazmun bilen baýlaşýar. Munuň şeýledigini ony ýerine ýetirijiler – Balkan welaýatynyň “Dagdan” folklor topary hem-de sahnada ýaýbaňlanan owadan görnüşlere üýtgeşik ajaýyp äheň we depgin goşan çagalar tans topary ussatlyk bilen görkezdi.
Konsertiň örän täsirli jemlenmesi hökmünde “Pyragyň arzuwlan zamany geldi” diýen watançylyk aýdymy ýaňlandy. Aýdymçylaryň hem-de Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetiren bu aýdymyny dabara gatnaşyjylar joşgun bilen alyp göterdiler. Bu aýdym şöhratly ata-babalarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, halkymyzyň agzybirligi, azat we gülläp ösýän döwlet baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dabaralandyrdy.
***
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde hem-de seýilgählerinde, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda, döwrebap medeniýet öýlerinde we konsert meýdançalarynda geçirildi. Şolarda milli tanslar ýerine ýetirildi, islendik işiň hötdesinden gelýän bagtyýar halkyň ýaşaýan ýerini -- eziz Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder