Paýtagtymyzyň köp ugurly «Aşgabat» sport toplumynyň stadionlarynyň birinde «millionlaryň oýnunyň» Aziýa konfederasiýasynyň (AFK) baýdagy astynda geçirilýän «Grassroots» köpçülikleýin futbolyň gününiň çäklerinde futbol gözden geçirilişi boldy.
Futbol federasiýasynyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guran bu sport çäresi dürli ýaş toparlaryndan 200-e golaý türgeni özünde jemledi. Paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň ikisinden, Bagyrdan we Gökjeden hem-de Ahal welaýatynyň maýyplar bedenterbiýe-sport merkeziniň toparlaryndan, zenanlar toparlaryndan «gaýyş pökginiň» ýaşajyk ussatlary sport çäresine gatnaşmak üçin meýdança çykdylar.
Gözden geçirilişe gatnaşyjylar diňe bir futbol ýaryşlarynda güýçlerini synamak bilen çäklenmän, dürli bäsleşikler— hereket sazlaşygy, topy ýere gaçyrman oýnamak, dürs urgy geçirmek, topy eliň bilen uzaga zyňmak we beýleki bäsleşikler boýunça hem bäsleşdiler.
Sport baýramçylygyny guramaga «Y-PEER. Ýaşlar hereketiniň meýletinçileri we BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleri uly kömek etdiler. Olar türgenleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we temmäkä garşy göreşmek bilen baglanyşykly sowallary öz içine alýan paýhas bäsleşigini guradylar. Bäsleşige gatnaşanlar her dogry jogaby üçin sowgada mynasyp boldular.
«Graassroots» köpçülikleýin futbol güni ilkibaşda diňe Ýewropa ýurtlarynda bellenilýärdi. Ýöne 2013-nji ýylda AFK futboly, ilkinji nobatda, çagalaryň arasynda giňden wagyz etmäge gönükdirilen bu sport çäresini yklymyň Aziýa böleginde hem geçirip başlady.
16-njy martda Mary welaýatynyň merkezinde futbol boýunça 2001-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş badalga alýar. Onda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary ýaryşyň baş baýragy ugrunda bäsleşer.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder