Juma metjidine degişli diametri 8 metr bolan bu minara 20 metr belentlige çenli saklanypdyr. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu olaryň salnan wagtky beýikliginiň ýarysy bolmaly. Bu ymarat şertleýin Demirgazyk minarasy ýa-da Abu Jafar Ahmediň minarasy hem diýip atlandyrylýar. Ol köpçülikleýin ybadathana metjidiniňkidir. Minaranyň özünde ini 90 sm. töweregi bolan aýlawly merdiwan gurlupdyr. Merdiwanyň her bir basgançagynyň derejesinde minaranyň öz ýüzünde hem-de daýanç sütüninde 20 sm. töweregi çuňlukda çukur bar, bu bolsa kerpiçden edilen basgançaklaryň agajyň kömegi bilen bejerilenligine şaýatlyk edýär.
Minara kerpijiniuň nagyşly örülişiniň kämilligi bilen hem-de desganyň sütüniniň daşyna üç gezek aýlanan arap hatly lentasy bilen täsindir. Relýef ýazgylary kerpiçden kufa stilinde ýazylypdyr. M.Ý.Massonyň düşündirişine görä ortaky tekstde şeýle diýilýär: “Eziz keremli Allanyň hormatyna! Allanyň medetkärliginde! Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El-Agarra oglunyň buýruk berenliginden, goý ony Allah belent etsin! Aly Zyýadyň (oglunyň) işi”. Aşaky ýazuwyň soňlaýjy bölüminde metjidiň we minaranyň gurlan wagty hijriniň 495-nji ýyly ýa-da milady hasabyndan bolsa 1102-1103-nji ýyllar getirilipdir.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder