30 Mayıs 2016 Pazartesi

Alymlaryň Maslahatlary Guýulardan Alynýan Gaz Akymyny Artdyrmaga Ýardam Edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri meýdanlarda we känlerde guýulary berkitmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça onlarça ylmy-tehniki çözgütleri işläp düzdüler we ornaşdyrdylar. Şol ýerlerde «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri buraw işlerini alyp barýarlar.

Häzriki wagtda «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde ulanyş buraw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Burawçylara käbir guýulary kislotalaýyn işlemek boýunça maslahatlar berildi. Bu bolsa, özboluşly «Galkynyş» känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda gaz akymyny hem-de ony çykarmagyň möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam etdi.

Ylmy-barlag institutynyň buraw bölüminiň hünärmenleri guýularda geologiki gözegçiligi pugta alyp barýarlar. Hususan-da, dürli diametrli tehniki sütünleri aşak düşürmek boýunça teklipler berildi, guýulardaky sementažlaryň hiliniň seljermesi geçirildi. Guýularyň önüm gorunyň doly tükeneninden soň olarda buraw işlerini tamamlamak boýunça maslahatlar hem teklipler hödürlendi. Ähli burawlanan tehniki guýularda perforasiýa interwallary berildi. Şolaryň netijesinde bolsa, guýulary özleşdirmekde ýokary debitli gaz akymy alyndy. Ýene-de birnäçe guýularda gazyň zerur debitini almak we artdyrmak üçin goşmaça perforasiýa boýunça maslahatlar berildi.

Institutyň hünärmenleri, şeýle hem, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň I,II hem-de ondan soňky tapgyrlarynyň çäklerinde burawlamak göz öňünde tutulan birnäçe barlag hem-de taslama ulanyş guýulary boýunça kern materiallaryny almaklygy teklip etdiler.

Alymlaryň pikirine görä, şular ýaly ägirt uly känini öwrenmek üçin gözleg-barlag guýularynyň az sanyny burawlamakda kerni derňemek karbonat jynslary hakynda we kollektoryň umumy häsiýetnamasy, şeýle hem meýdanyň aýratyn alnan bölekleri we käniň çäkleri hakynda has doly maglumat almak üçin zerurdyr.

Şol guýulardan alnan kern baradaky maglumatlar ýokarky ýura karbonat toplumynyň geologiki gurluşy hakyndaky düşünjeleri has hem artdyrmakda we «Galkynyş» gaz käniniň geologiki modelini gurmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem, käniň özboluşly şertlerine uýgunlaşdyrmak hem-de ony mundan beýläk hem kämilleşdirmek üçin kern materiallary baradaky maglumatlar geologo-gidrodinamiki modele giriziler.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda» ýurduň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeler ylmyň, tehnikanyň we häzirkizaman tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna amala aşyrylar. Ýurduň gaz senagatyny ýokary depginler bilen ösdürmekde ylmy oýlap tapyşlardan we öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder