Türkmenistan neşekşlige hem-de bütin adamzada uly howp bolan durmuşyň bu örän ýaramaz ýagdaýyna – neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşmekde pugta we esasy orny eýeleýär.
Ýakyn günlerde ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen dessin çäreleri netijesinde kontrabanda ýoly bilen getirmek hem-de neşe serişdelerini satmak bilen meşgullanan adamlaryň birnäçesi ele salyndy. Häzirki wagtda jenaýat işine degişli adamlar babatda derňew çäreleri geçirilýär.
Beden we ruhy taýdan sagdyn jemgyýeti döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň gymmatly manysyny emele getirýär. Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna we olaryň ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş, onuň toruna düşen adamlaryň ykbalyna zeper ýetirip biljek howply endigi doly ýok etmek maksady bilen, neşe serişdelerini ulanmagyň zyýany barada ilat tarapyndan giň düşündiriş işleri alnyp barylýar.
Neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagynyň, onuň kontrabanda ýoly arkaly getirilmeginiň öňüni almak we şol ýollara böwet goýmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan yzygiderli işleri umumydünýä derejesindäki howpa garşy hereket etmek, sebitde we bütin dünýäde howpsuzlyk we durnuklylyk ýagdaýyny üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara anyk goşant bolup durýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder