29 Mayıs 2016 Pazar

Aşgabatda Halkara Pudaklaýyn Sergi Açyldy

Paýtagtymyzda her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýän umumymilli baýramçylyga bagyşlanan “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ony “Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guradylar.

Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň güni—bu ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinde esaslandyrylan milli senanamamyzyň şanly seneleriniň ilkinjileriniň biridir. Milli baýlygymyzyň—el halyçylygynyň täsin sungatynyň, gözelligi we kämilligi boýunça aklyňy haýran edýän haly eserleriniň gadymy däplerini dowam edýän türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň örän uly zehininiň we joşgunly zähmetiniň senasy bolup ýaňlanýan bu baýramçylyk şu ýyl, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, onuň gadymdan gözbaş alýan däp-dessurlaryny, şol sanda halyçylygy aýawly saklamak we artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Milli halyçylygyň dünýä ýüzünde haýran galdyrýan sungat eserlerinde halkymyzyň iň gowa häsiýetleri hem-de oňa mahsus bolan bitewilik we ruhubelentlik öz beýanyny tapdy. Haly gölleri Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz alamatlaryna öwrülip, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, oňa mahsus bolan filosiki parasatlylygy, ajaýyplygy we sazlaşyga tükeniksiz ymtylmany beýan edýär.

Türkmen halysynyň ajaýyp bilermeni we hakyky muşdagy, bütin dünýäde milli baýlyklarymyzy  giňden ýaýmak meselelerine uly üns berýän döwlet Baştutanymyzyň 2011-nji ýylda neşir edilen “Janly rowaýat” atly kitaby halkymyza, halyçylara hem-de giň okyjylar köpçüligine hakyky sowgat boldy. Baýramçylyk dabaralarynyň öňýanynda milli Liderimiziň çapdan çykan “Arşyň nepisligi” atly täze düýpli işi bolsa şanly waka öwrüldi. Milli halyçylyk barada awtoryň oýlanmalaryny öz içine alan hem-de mähriban halkymyzyň medeniýetine uly söýgi we hormat içinden eriş-argaç bolup geçýän ajaýyp neşiriň tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirildi.

Paýtagtymyzyň muzeý toplumynyň belent sergi zallary, dünýäde el halylaryny saklamaga, öwrenmäge we ýaýmaga ýöriteleşdirilen ýeke-täk muzeýdir. Bu muzeý ýanaşyk ýerleri hem Aşgabat şäherinde ägirt uly haly sergisiniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ol her ýyl dünýäniň ähli künjeklerinden türkmen sungatynyň muşdaklarynyň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýär.

“Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza Ýewropa we Aziýa döwletleriniň ençemesinden esasy alymlar we hünärmenler, belli haly öndürijiler, işewürler, iri söwda we gurluşyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri geldiler. Ýurdumyzyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda halyçylyk pudagynda özara baýlaşmak däplerine eýe bolan ýurtlar—Türkiýe, Saud Arabystany, Eýran, Pakistan, Owganystan, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, şeýle hem Russiýa, Germaniýa, Hytaý, Täjigistan,  Belarus bar. Foruma türkmen el halysynyň muşdaklarynyň bütindünýä assosiasiýasynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer berleşiginiň, medeni merkezleriniň we muzeýleriň wekilleri gatnaşdylar. 

Şu gün bu ýerde ir säher bilen tolgundyryjy aýdym-sazlar,  tanslar, ýaýbaňlandy. Paýtagtymyzyň “Aşgabat”,  “Serpaý” tans toparlarynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýaş artistleriniň dürli öwüşginli 
çykyşlarynda “Arşyň nepisligi”—türkmen halysynyň döreýşi bilen bagly mowzuklar öz beýanyny tapdy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň  gyzlar topary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparlary halyçy gelin-gyzlarymyzy joşgunly zähmet çekip, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýan ajaýyp halk aýdymlary, jadylaýjy sazlary bilen myhmanlary garşyladylar. 

Serginiň açylyş dabarasyna ýrdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, pudak kärhanalarynyň wekilleri, hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan belli halyçylar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungat hökmünde milli halyçylygyň ähmiýetini belledi. Gutlagda hususan-da, şeýle diýilýär: “Türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr..... Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli  öwüşginliligi, reňkleriniň ajýayp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir”.

Bu halkara sergisiniň we Türkmen halyşyaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisiniň ýurdumyzda halyçylyk pudagy boýunça gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini  ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz Gutlagynda bu halkara sergisiniň öz önümlerini görkezýän, hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň we guramalaryň wekillerine, telekeçiliere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Esasyny seýrek duş gelýän muzeý gymmatlyklary düzen bir bitewi dürli öwüşginli sergi hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşigiň kärhanalarynda ussat halyçlarymyzyň dokan ajaýyp halylary milli mirasymyzyň hakyky muşdagy hem-de tutuş dünýä “Janly rowaýat” we “Arçyň nepisligi” atly täsin eserleri peşgeş beren döwlet Baştutanymyzyň parasatly sözleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem türkmen halysy halkymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalar mynasybetli  gowşurylýan sowgat, döredijilik we sport bäsleşiklerinde ýeňijilere berilýän sylag bolmagynda galýar. Ol döwletimiziň myhmanlaryna  hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt saparlarynda kabul edýän ýurduň baştutanlaryna gowşurylýan ýadygärlik sowgat bolup durýar.

Türkmen halysy ägit uly çeperçilik ähmiýetine eýe bolup, inçe nepisligi bilen tapawutlanýar we Ýer ýüzünde oňa belent sarpa goýulýar. Olaryň gadymy nusgalary häzirki wagtda Russiýanyň, Beýik Britaniýa, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerinde hem-de sergi zallarynda saklanylýar. Türkmen halysy bu ajaýyp sungatyň muşdaklarynyň uly gyzyklanmasyna hem-de haýran galmasyna mynasyp bolup, Ýer ýüzi boýunça özüniň dabaraly şan-şöhratyny ýaýradýar, ol halkymyzyň ýüzüniň tuwagydyr, asyrlardan we müňýyllyklardan aşyp gelen haly dokaýyş sungatynyň syrlaryny özünde jemleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli mirasyň örän baý ýörelgelerini we häzirki tehnologiýalary özünde jemlän el halyçylyk sungaty, täze many-mazmun bilen doldurylýar. 

Şonuň üçin hem häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp görnüşde bezelen “Janly rowaýat” Hem-de “Arşyň nepisligi” kitaplary hormatly Prezidentimiziň milli taryhymyza, türkmen halkynyň köptaraply medeniýetine we sungatyna bagyşlanan beýleki eserleri bilen hatarda serginiň aýratyn diwarlygynda hormatly orunda ýerleşdirildi we bu gün sergä gelenleriň ählisinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. 

Dabara gatnaşyjylar hakyky türkmen toýuna kybapdaş, onuň däp-dessurlaryna mahsus bolan bagşylaryň aýdym-sazlary bilen döredilen täsin ýagdaýa ruhubelentlik bilen goşulyşdylar. Ýaş çatynjalaryň öýlenýän ýigidiň öýündäki duşuşygynyň, gelniň öz elleri bilen dokan sowgatlaryny -- haly önümlerini we sowgatlyklary olaryň ýakyn garyndaşlaryna paýlaýşynyň şaýady boldular. 

Bu ýerde haly dokamak üçin ýüplükleri taýýarlamak we olary boýamak, reňkli keçeleri taýýarlamak, beýleki milli lybaslary tikmek ýaly el işleriniň ýerine ýetirilişi görkezildi. Olaryň ählisi gadymy döwürlerde bolşy ýaly görnüşde görkezildi, aýal-gyzlar ýakymly owazlara hiňlenip, el iş sungatynyň täze nusgalaryny döredişlerine sergä gelýänleriň ählisi uly gyzyklanma bilen syn etdiler. 

Sergide görkezilýän köpsanly täsin gymmatlyklaryň hatarynda milli zenan lybaslarynyň keşdelenen bezegli nusgalary, kümüş şaý-sepler, keramikadan edilen sowgatlyklar, öý hojalyk esbaplary, ajaýyp ýüň we ýüpek halylar görkezilýär, bu gymmatlyklar türkmenleriň örän baý ruhy-medeni dünýäsini açyp, sergä gelýänlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

Myhmanlar özleriniň haýran galýandyklaryny beýan etmek bilen, inçe senediň nusgalaryny surata düşürmäge we wideoşekile geçirmäge howlukýarlar, nusgawy ýüň we ýüpek haly nagyşlary, olaryň ýüzüne dokalan tebigat görnüşleri, nepis çitimlerde şekillendirilen şöhratly ahalteke bedewleri, tebigatyň dürli öwüşgindäki görnüşleri gadymy taryhy ýadygärlikleriň hem-de häzirki zaman binagärlik görnüşleriniň şekilleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň el halyçylygy beýik sungatynyň hakyky ussatlarynyň özleriniň täze döredijilik başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen Russiýanyň Sankt Peterburg şäheriniň Ermitažynda aýawly saklanylýan Pazyryk halysynyň ajaýyp nusgalary ýaly gadymy halylaryň nusgalaryny geljekki nesiller üçin saklap galmakda ähmiýetli bolan haly dokamagyň inçe sungatynyň usullaryny berjaý edýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. 

Bularyň ählisi milli amaly sungaty ösdürmäge, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga döwlet tarapyndan ägirt uly goldaw berilýändigi netijesinde mümkin boldy, onuň çäklerinde ýurdymyzda çeper halyçylygyň täze kärhanalarynyň tutuş toplumy döredildi, olarda nepis elli halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilikli zehinlerini doly açmaklary üçin ähli şertler döredildi. 

2014-nji ýylda Marynyň ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän kärhanasynda ýyllyk kuwwaty 4 müň tonna ýuwulan ýüňi öndürmäge deň bolan täze önümçilik desgalarynyň açylmagy bilen, eýýäm 2015-nji ýylda ýüň-egirme kärhanalary üçin taýýarlanylýan çig malyň möçberiniň ondan bir bölegi pudagyň ähli zerurlyklaryny üpjün etdi. Önümleriň ep-esli bölegi içki bazara, bir bölegi bolsa daşary ýurt sarp edijilerine ugradyldy. 

Gadymdan gelýän nagyşly we häzirki zaman haly önümleriniň taýarlanylýan möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, pudagyň kärhanalarynyň önümçiligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti çig malyň häzirki zaman derejesinde senagat taýdan gaýtadan işlenilmegidir, şunda sarja goýnunyň ýazky gyrkymynyň ýüňünden işlenip taýýarlanylýan çig malyň berkligine, ýüplükleriň ýumşaklygyna aýratyn üns berler. Ýüň egriji “Argaç” fabrigi bu ugurda ýöriteleşdirilen kärhanalar, onuň tehnologiýa taýdan durkunyň täzelenilmegi netijesinde, häzirki wagtda bu ýerde her günde 500 kilogram arassa ýüň ýüplükler taýýarlanylýar, olaryň 250 kilogramy boýalan ýüplüklerdir.            

Ýurdumyzda iň iri – Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik binýady giňeldilýär, onuň çäginde, 1000 inedördül metr meýdanda täze önümçilik desgasy bina edilýär. Bu desganyň işe girizilmegi bilen kärhanada her yyl dokalýan 6 müň inedördül metr haly önümlerini ň üstüne goşmaşa ýene-de her ýyl 1500 inedördül metr arassa ýüňden dokalan halylar goşular. 

Şeýle hem bu ýerde ägirt uly halylary dokamak göz öňünde tutulýar, munuň üçin kärhanada degişli enjamlaryň kämilleşdirilen görnüşlerini we gurnamalaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar, bu bolsa  halyçy zenanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge ýardam berer. 

Döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogap hökmünde pudagyň işgärleri ajaýyp halylary dokaýarlar, olar Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bina edilýän ýüzlerçe täze edara binalarynyň, durmuş-medeni maksatly edaralaryň, senagat kärhanalarynyň bezegine milli öwüşgin çaýýar. 

2015-nji ýylda döwlet birleşiginiň haly kärhanalarynda 42 müň 860 inedördül metr möçberinde haly önümleri taýýarlanyldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty el halylarynyň dokalyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga hem-de bu sungata sarpa goýýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly isleglerini kanagatlandyrmak maksatlaryna gönükdirilendir, munuň üçin ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdyrylýar.

Ýurdumyzyň hususy işewürlik düzüminiň wekilleri hem milli halyçylyk senedini giňden ösdürmäge mümkinçilik aldylar, olar bazarlary nepis we ýokary hilli haly önümleri bilen üpjün edýärler. Türkmen halysy öýleriň hem edara binalarynyň hem aýrylmaz bezegine öwrüldi. Telekeçi zenanlaryň sergide görkezýän sowgatlyk haly önümleriniň tutuş toplumy haly gölleriniň sazlaşygy, milli keşdeleriň nusgalary hem-de nepisligi we aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen bu ýere gelýänleriň uly üns bermegine eýe boldy. Häzirki wagtda öz işiniň hakyky ussatlary, milli däp-dessurlary dowam etdiriji zenanlar häzirki döwrüň talaplaryna tiz seslenmegi başarýarlar hem-de halyçylyk pudagynyň we syýahatçylyk ugrunyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. 

Milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, el halylarynyň täsin nusgalaryny wagyz etmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar uly orna eýedir. Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň, Fransiýanyň we beýleki köpsanly ýurtlaryň kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. 

Sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hatarynda “Linkwaý Investiment Limited” paýdarlar kompaniýasynyň ýüňi we ýüplükleri işlemek tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen “Honaz Ithalat Ihrakat” türk firmasynyň, Owganystanyň Haly öndürijileriniň assosiasiýasynyň, Eýranyň “Saadat” we “Ipek” haly kärhanalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bar. 

Sergi bölümleriniň köp öwüşginli   görnüşleri, bu ýerde höküm süren baýramçylyk ýagdaýy  myhmanlara haly dokamagyň milli däp-dessurlary hem-de milletimiziň örän baý halyçylyk sungaty barada giň düşünje almaga, türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň  hem-de sungatynyň aýratynlyklary barada köp maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. 

Ertir, “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly Halkara sergisiniň çäklerinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisi geçiriler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder