Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň edýän yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, Türkmenistanda eksport ugurly önümleri öndürmek we önümleri eksport etmek babatda degişli işler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýardam etmeginde, 2016-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde “Rysgal” Türkmen Söwda öýüniň açylyş dabarasy boldy. Söwda öýünde ýurdumyzda öndürilýän önümler satuwa çykaryldy.
Açylyş dabarasyna, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, telekeçiler we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Däp bolşy ýaly açylyş dabarasyndan soňra söwda öýüne ak pata berilip, sadaka edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder