Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda “Wahdat” köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlarynyň –Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň bilelikdäki tagallalary netijesinde okgunly ösýän döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly üns berilýär. Iki ýurduň Medeniýet günlerini geçirmek, Türkmenistanda hem-de Eýranda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, sergilere, döredijilik forumlaryna, festiwallara we duşuşyklara gatnaşmak oňat däbe öwrüldi.
Bütindünýä ösüşine saldamly goşant goşan türkmen we eýran halklarynyň baý taryhy-medeni mirasynyň ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklar üçin iň oňaýly şertleri döredýändigi bellenildi.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk sazlary, türkmen kompozitorlarynyň hem-de dünýäniň nusgawy aýdym-saz sungatynyň eserleri, estrada aýdymlary we joşgunly tanslar düzdi. Çykyşlar eýranly tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Tolgundyryjy halk aýdymlary we türkmen kompozitorlarynyň eserleri joşgunly ýaňlanyp, eziz Watanymyzy, mähriban tebigatymyzyň gözelligini hem-de täze taryhy eýýamyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly üstünliklerini wasp edýän sahna ussatlarymyzyň belent sungaty bilen tanyşlykdan uly lezzet alan tomaşaçylaryň kalplaryny heýjana getirdi.
Köşgüň eýwanynda amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Ajaýyp haly önümleri we milli lybasyň nusgalary, halk saz gurallary hem-de zergärçilik önümleri bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen şaý-seplerde türkmen zergärleriniň köpasyrlyk sungaty öz beýanyny tapdy. Olar türkmenleriň özboluşly milli medeniýetiniň maddy subutnamasy bolmak bilen, halkymyzyň kalbynyň sahylygyny, onuň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanan baý ruhy däp-dessurlaryny özünde jemledi.
Medeniýet günleriniň başlanmagynyň öňüsyrasynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Aly Jenneti bilen duşuşygynyň barşynda sungat ulgamynda özara gatnaşyklaryň, döredijilik alyşmalarynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, umumy ruhy-medeni gymmatlyklar, hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk esasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda Tähran şäheriniň “Farhangestane Honar” sergi –muzeý merkezinde hem ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylar. Mundan başga-da, türkmen edebiýatçylarynyň eýranly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçiriler, türkmen kinofilmleri görkeziler.
Türkmen wekiliýeti üçin medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy. Oňa laýyklykda, wekiliýetimiz Tähranyň taryhy ýerlerine, muzeýlerine we beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görer.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder