4 Mayıs 2016 Çarşamba

Haly Türkmeniň Kalby

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Bagtyýarlyk zamanasynda türkmen halyçylyk sungaty ajaýyp ösüşlere eýe boldy. Türkmeniň halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. „El hünäri il gezer“ diýlişi ýaly, türkmen halysynyň şöhraty asyrlardan-asyrlara aşyp biziň günlerimize gelipdir. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe aýal-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanýar.
 
Haly dokamak işi gadymy zamanlardan çarwa we ýarym çarwa oturymly halklaryň arasynda ýüze çykypdyr. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan iň gadymy haly Altaý ülkesinde Pazyryk depesindäki gonamçylykdan tapylýar. Ol miladydan öňki 6 asyrlara degişlidir. Onda haýwanlaryň we ösümlikleriň özboluşly şekillendirilişi onuň häzirki zaman halylaryna meňzeşligini görmek bolýar. Türkmen haly göllerinde guşlaryň we haýwanlaryň şekillerinde sekiz burçly medalýona gabat gelinýär. Ondan başga-da bu göller gülýakada, şaý-seplerde öz orunlaryny tapypdyrlar. Oňa Modeniň (Oguz hanyň) ordasynyň ýerleşen ýerinden uzak bolmadyk Noinulin depesinde arheologiýa gazuw işleri geçirilende tapylan tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Şolaryň arasynda keçe halysy miladydan öňki I we miladynyň I asyrlaryna degişli diýip alymlar tassyklaýarlar. Bu keçe halysyny hunlaryň nagyşlaryndan çitilen taryhnamasy hasap edipdirler. Şol keçe halysynda 24 sany göl üç hatara bölünipdir. Bu bolsa Oguz hanyň döwletiniň 24 taýpadan durýandygyny we olara üç sany hun taýpalarynyň baştutanlyk edýändigini görkezýär. Şeýle hem bolsa oguzlar özleriniň aslynyň üç sany hun taýpalarydygyny halylaryna siňdiripdirler. Şol halylaryň gölleriniň gyralaryndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň şekilleriniň asyl nusgalarynyň hunlaryňkydygyny bellemeli. Gadymy hun halylarynyň nagyşlarynyň oguzlaryň döwründäki ýaly kämilleşen, nepis görnüşde däl-de, gödegräk görnüşde bolan bolmagy mümkin. Türkmen halylaryna 24 göl salmak däbi kanun bolup galypdyr.

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň türkmen halylary täze mazmun bilen baýlaşdyryldy, olaryň dürli gönüşleri pano haly, portret suratly halylar peýda boldy.
Halylaryň döremegi türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynda estetiki talaplaryny kanagatlandyrypdyr. Haly önümleri: çuwallar, horjunlar, torbalar geýim saklamak, zatlary daşamak üçin ulanylýardy. Haly önümleri bilen düýeler, atlar bezelýärdi, dar çarwa öýleriniň, toý baýramlarynyň bezegi bolup hyzmat edýärdi. Haly önümleri edebiýatda, taryhda, geçmişde bolan tireleriň atlary bilen atlandyrylypdyr. Haly nagyşlarynyň gelip çykyşy halyçynyň arzuw-islegi bilen bagly. Onda dünýä, ösümlik we haýwanat dünýäsi, suwarymly ekin meýdanlary, gözel tebigatymyz wasp edilýär.
Halylarda „guşly göl“, “garly göl“, “salyr göl“ nagyşlary salynýan halylar - teke halysydyr. Pendi halylary „garçyn göl“, “pendi göl“, “aýna göl“, “gyýma göl“ nagyşlary bilen tapawutlanypdyr. Ýomut halylarynda „gabsa göl“, “dyrnak göl“, “japarbaý göl“, “pyşbaga göl“ nagyşlary ýerleşdirilendir. Beşir nagyşlary „gülligöl“, “derwezegöl“, “küňreligöl“, “bäş aý beşir“, “ýylan beşir“, salnan halylar ärsary halylarydyr. Daşoguz halylary „gülli göl“, “guşlugöl“, “wazzykgöl“, „towukgöl“ ýaly nagyşlary bilen tapawutlanýar.

Halylar her welaýatyň nagyşlarynyň häsiýeti bilen tapawutlanýan dürli tirelere bölünýär. Bu aýratynlyklary göllerde has aýdyň görmek bolýar.
Ady äleme dolan türkmen halysy 3-4 nesle hyzmat edip, ol hiç haçan könelmeýär we ýyrtylman öz owadan tebigy öwüşginini saklap galýar. Haly dokamak üçin iň gowy çig mal- meşhur saryja tohumyndan bolan goýunlaryň ýüňüdir.
Gadymdan bäri türkmenlerde „haly’’ elde dokalyp, üstünde oturmak üçin peýdalanylýan çitme düşek diýip atlandyrylýar. Palas hem halynyň bir görnüşi bolup düşek hökmünde ulanylypdyr. Palasy öýdüm bilen çitilipdir. Onuň ýüzi nagyşly bolup, arka tarapy seçekli bolupdyr. Nagyşly palaslar „bossany’’, „buýnuzy’’, „gülýaýdy’’ ýaly görnüşleridir.
Türkmen halysy bäş müň ýyllyk taryhymyz bilen berk baglydyr. Dünýäniň men-men diýen köşklerini bezeýän türkmen halysynyň taryhy, onuň derejesi Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda has-da belende göterildi. Bu gün türkmen gelin-gyzlarynyň kalbynyň owazy bolan halynyň waspy dünýä ýaň salýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder