9 Mayıs 2016 Pazartesi

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlaýyn ýagy, Owganystandan, şeýleh em BAE-den gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanylan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK) Gyrgyzystanyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşiginiň esasyny düzdi. Daşary ýurt puluna şeýle hem buýan köküniň toşaby, boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta süýümi, pagta linti ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Serbiýadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million 236 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler umumy bahasy 3 million 798 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 31 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder