28 Mayıs 2016 Cumartesi

Hytaý Türkmenistandan 138,6 Milliard Kub Metr Gaz Aldy

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylyp başlanan döwründen 2016-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli geçen döwürde Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 138,6 milliard kub metre barabar boldy. Bu maglumatlar 20-21-nji maýda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresinde Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) wekiliniň çykyşynda aýdyldy.

CNPC-nyň çykyşynda bellenilişi ýaly, umumy möçberden 92,1 milliard kub metr gaz «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan we 46,5 milliard kub metr gaz Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginden iberildi. Bu ýerde CNPC Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen 2007-nji ýylyň iýulynda gol çekilen taýýar önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň çäklerinde gaz känlerinde özleşdirmek işlerini alyp barýarlar.

Ýatlap geçsek, türkmen tebigy gazy Hytaýa 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilmegi netijesinde ugradylyp başlandy. Häzirki wagtda umumy kuwwaty 55 milliard kub metre barabar bolan magistral gaz geçirijisiniň üç şahasy (А, В, С) hereket edýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň baştutany Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde dördünji şahany gurmak (D) boýunça ylalaşyga gol çekildi. Ýyllyk kuwwaty 25 milliard kub metre barabar bolan bu şahany Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça gurmak meýilleşdirilýär. Şol şahanyň işe girizilmegi netijesinde Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi ýyl 65 milliard kub metre barabar bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder