6 Mayıs 2016 Cuma

Prezidentimiz Ýadygärlikler Toplumyna Gül Goýdy we Haj Zyýaratynyň Sadakasyny Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu toplum Gökdepe galasyny goraýjylaryň, 1941-1945-nji ýyllardaky urşa gatnaşyjylaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerine bagyşlanylandyr.

Watanymyz we mähriban halkymyz üçin göreşen milli gahrymanlarymyzy, edermen ata-babalarymyzy, hemme wepat bolanlary hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir. Bu däbe eýerilip, “Halk hakydasy” diýen belent ýadygärlikler toplumy bina edildi. Ol her bir türkmenistanlynyň kalbynda halkymyzyň şöhratly taryhyna, Watan goragçylarynyň deňsiz-taýsyz edermenligine we gahrymançylygyna bolan buýsanç duýgyny döretmäge gönükdirilendir. 

... Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdir.

Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri  garşylaýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Milli Liderimiz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertirtemesiniň şehitleriniň “Ruhy tagzym”, soňra 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda, Gökdepe galasyny goramak ugrundaky söweşlerde, Watan üçin beýleki ýowuz uruşlarda wepat bolanlaryň “Baky şöhrat” hem-de “Milletiň ogullary” diýen ýadygärliklere gül desselerini goýýar. Bu ýadygärlikler türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky halk hakydasynyň egsilmezdiginiň nyşanlarydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň yzýany bilen hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri ýadygärliklere gül desselerini goýýarlar.

Ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýandan soň, milli Liderimiz ýörite gurnalan ýerde mukaddes Käbä zyýarat mynasybetli sadaka berdi.  

Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň  çäklerinde 1-nji maýda Er-Riýadda Patyşa Salman ben Abdulaziz Al Saud bilen gepleşikleri geçirdi, ertesi bolsa Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etdi, 3-nji maýda Medine şäherinde degişli dessurlary ýerine ýetirip, Muhammet Pygamberiň metjidinde namaz okady.

Şu ýerde möhüm hem-de uly mana eýe bolan pursaty, ýagny 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilen gije Onuň Alyhezreti, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň aýratyn tabşyrygy boýunça musulman dünýäsiniň esasy mukaddesliginiň içinde namaz okamak üçin türkmen Liderine Allanyň öýüniň gapylarynyň  açylandygyny belläp geçmek gerek. 

Döwlet Baştutanymyz sadaka gatnaşýanlara bular barada gürrüň berip, munuň Pygamberimiziň arşa çykan senesi bilen gabat gelmeginiň has-da ähmiýetlidigini belledi.

Mukaddes Käbäniň içine girilmegi örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. 
Munuň özi  türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek boldy. Bu bolsa dostlukly ýurtda biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimize we milli Liderimize bildirilýän uly hormat-sarpany ýene-de bir gezek has aýdyň görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiz däp-dessura eýerip, Käbede ilki bilen, mukaddes Gara daşy öpüp, togap etdi, soňra üç ýerde – Muhammet Pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarlarynyň ýanynda, şeýle hem Gara daşyň ýerleşýän burçunda namaz okady. 

Döwlet Baştutanymyz musulman dünýäsiniň asylly dessurlaryny birkemsiz berjaý edip, mukaddesliklere togap etmek bilen, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, nurana geljeginiň, Watanymyzyň berkararlygynyň,   ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine ýagşy dilegler etdi. 

Milli Liderimiz şeýle hem mukaddes Käbäniň içki diwarlaryny we  Toba  gapysyny tämizlemegiň örän belent hormat we uly mertebe hasaplanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyza hem Allanyň öýüniň içki diwaryny tämizlemek hormaty miýesser etdi. Munuň özi bu mukaddes diwarlaryň we gapylaryň tämiz nurunyň hem  Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna şugla çaýmagynyň alamaty hökmünde kabul edilýär. Bu bolsa türkmen we saud halklarynyň bozulmaz doganlygynyň ýene-de bir nyşanydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yslamyň gymmatlyklary türkmençilik ýörelgeleri bilen berk baglydyr diýip, sözüni dowam edip, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, parahatçylygynyň biziň ähli ösüşlerimiziň girewidigini belledi. Şoňa görä-de, mukaddes ýerlerde biz ata Watanymyzyň mundan beýläk-de abadan bolup, ilimiziň hemişe bagtyýar ýaşamagyny, berkarar döwletimiziň gülläp ösmegini dileg etdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Goý, edilen dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Goý, dost-doganlyk, parahatçylyk ýoly dowamat-dowam bolsun! 

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp berdi. 

Tebärek çykylyp, duz-tagam dadylandan soň, aýat-töwir okaldy. 

Berlen sadakalar, okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Hormatly Prezidentimiz mukaddes Käbede özüne teperrik berlendigini habar berdi. Ol keramatly ýerlerde görnükli dini işgärler tarapyndan berilýän, belent sarpa goýulýan mukaddes peşgeşdir.  

Welaýatlaryň baş ymamlary, sylag-sarpaly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp, bu teperrigi ýurdumyzyň metjitlerinde goýmak karar edildi. Adamlar olara zyýarat edip, bu mukaddeslige tagzym edip bilerler. 

Berlen sadakalar kabul bolsun! 

****

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda gowşurylan teperrik şu gün Gypjakdaky ýurdumyzyň baş metjidine getirilip goýuldy. Bu ýerde gymmatly keramata hormatly orun berlip, ol ýörite aýna gapda goýuldy.   

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda berlen sadakada döwlet Baştutanymyzyň mukaddes Käbede berlen teperrigi ýurdumyň müftüsine gowşurmagy maksada laýyk hasaplandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň baş ymamlary, sylag-sarpaly ýaşulular bilen maslahatlaşyp, dürli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň  hem oňa tagzym edip bilmekleri üçin bu keramaty ýurdumyzyň beýleki metjitlerinde hem goýmak kararyna geldi.    

Ýurdumyzyň müftüsi baş metjidiň içinde teperrigi bu ýere ýygnananlara görkezip, Käbeden getirilen bu mukaddes paýy metjitde goýmak barada gelnen parasatly kararyň uly doldawa mynasypdygyny nygtamak bilen, munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Teperrigi görmäge we ony ýüzlerine sylmaga metjide gelen  adamlar     döwlet Baştutanymyza sag bolsun aýdyp, milli Liderimiziň mukaddes Käbä zyýarat mynasybetli beren sadakasynyň kabul bolmagyny dileg etdiler. 

Soňra şu ýerde iki rekegat namaz okalyp, onda döwlet Baştutanymyzyň haj zyýaratynyň kabul bolmagy, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň  mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň durmuşynyň  bagtyýar bolmagy dileg edildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder