Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer DIM-niň alyp barýan işleri, 16–17-nji martda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň içinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn—hukuk binýady döredilip, ol dürli derejelerde gol çekilen resminamalaryň ençemesini öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna möhüm sahypany ýazdy. Pakistanyň Prezidentiniň 2010 we 2013-nji ýyllarda Türkmenistan bolan saparlary hem netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda ähmiýetli ädimler boldy. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, geçen ýyl ýurdumyza Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri iki gezek sapar bilen geldi.
Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky türkmen-pakistan duşuşygynyň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri giriziler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda öz ösüşinde täze itergä eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Pakistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli gatnaşyklary saklaýarlar. Pakistan Yslam Respublikasy ýurdumyzyň öňe sürýän, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, şol sanda energetika howpsuzlygyny we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar.
Bilelikdäki hökümetara topary döredildi we hereket edýär, onuň mejlisleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryna garaldy. Energetika, ulag ulgamlary, käbir beýleki pudaklar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarydyr. Türkmenistan-Owganystan-
Duşuşygyň netijeleri boýunça deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de iki ýurduň halklarynyň taryhy taýdan emele gelen ruhy-medeni ýakynlygyna, mizemez dostlukly gatnaşyklaryna esaslanýar. Türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gönükdirilip ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletler, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitlere, abadançylygyň we durnukly ösüşiň umumy maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. TOPH gaz geçirijini gurmagyň giň gerimli bilelikdäki taslamasy munuň aýdyň subutnamasy bolup, onuň amala aşyrylmagyna geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzda badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçiriljek türkmen-pakistan gepleşikleriniň ähmiýetini belläp,
wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna geljek hepdede göz öňünde tutulýan Pakistan Yslam Respublikasyna boljak resmi sapara taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şol gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendir.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýewi şol birwagtda ýurdumyzyň Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem öndürilýän önümleriň kadalaryny we ölçeglerini işläp taýýarlamagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenýän kararyň taslamasyna laýyklykda, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli resminamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň häzirki zaman kanunlaryň we kadalaşdyryjy namalaryň özara hereket etmegine, öndürijileriň hem-de harytlary sarp edijileriň bähbitlerini nazarda tutýan zerur talaplara we görkezijilere esaslanmalydygyny belledi. Ykdysadyýetiň ähli meselelerini ykdysady-meýilleşdiriş kadalarynyň oýlanyşykly ulgamynyň bolan şertinde üstünlikli çözmek mümkindir. Şol ulgam islendik haryt önümçiligini, işleri we hyzmatlary adamlaryň islegini kanagatlandyrmaga hem-de önümçilik-maliýe işiniň ýokary netijä eýe bolmagyna gönükdirilýär.
Milli Liderimiz kadalaşdyryjy binýadyň önümçiligiň ähli tapgyrlarynyň nazarda tutulyp işlenip düzülmelidigine ünsi çekip, şunda öňdebaryjy tehnologik işleriň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de kämilleşdirmegini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz degişli kararа gol çekip, wise-premýere resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlarynda işleriň ýagdaýy hem-de önümçiligiň mümkinçiliklerini we nebitgaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer uzynlygy 214 kitlometr bolan Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň taslamasynyň öňe ilerledilişi barada-da hasabat berdi. Ähli işleriň, şol sanda gözleg-ölçeg we gaz geçirijiniň geçjek meýdanyny açmak işleriniň tassyklanylan meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy bellenildi.
Şeýle-de hasabatyň barşynda nebitgaz toplumynyň täze gurlan medeni işewürlik merkezini ulanmaga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Şol maksatnamadaky çözgütler baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaga hem-de ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça täze desgalary gurmak, şeýle hem pudakda öndürilýän önümleriň daşary bazarlara ugradylyşynyň möçberlerini köpeltmek meselelerine ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere Türkmenistan-Owganystan-
Hormatly Prezidentimiz medeni işewürlik merkeziniň açylyş dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 15-16-njy martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisini hem-de maslahatyny geçirmek boýunça guramaçylyk işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 8 ýyllygyna bagyşlanan sergide içerki bazary üstünlikli özleşdirýän hem-de halkara derejesinde özüni görkezýän ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň tejribesi, gazananlary we mümkinçiligi görkeziler.
Sergä milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri önümçiligi, syýahatçylyk, söwda hem-de durmuş hyzmatlary ulgamlarynda, bank, ulag we logistika pudaklarynda, halk, amaly-haşam hünärmentçiliginde we beýlekilerde ýöriteleşýän ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň 140-dan gowragy gatnaşar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahatynyň iş meýilnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Onuň gün tertibine hususy ulgamy has-da ösdürmegiň esasy ugurlaryny, döwlet maksatnamalary babatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri çözmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde telekeçilige esasy orun berilýändigini aýtdy. Döwletimiz telekeçileri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipelerini çözmäge ugrukdyryp, işewürlik ulgamyny gowulandyrmak, işjeňligini ýokarlandyrmak, başlangyçlar bilen çykyş etmek, hojalygy täzeçillik usulynda dolandyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, hemme zerur çäreleri görýär.
Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty diňe bir üstünlikleri görkezmän, eýsem, hususy kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny öňe ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasiýa işlerini ösdürmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýän toplumlaýyn çäreler bolmalydygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer 15-22-nji mart aralygynda ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, kinokonsert merkezlerinde, okuw mekdeplerinde hem-de Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda dürli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.
Däp bolşy ýaly, 21-nji martda Milli bahar baýramy mynasybetli uly baýramçylyk dabarasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriler. Oňa medeniýet ulgamynyň işgärleri, sungat ussatlary, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden döredijilik toparlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we beýlekiler gatnaşarlar.
Bu ýerde ak öýler dikiler, baýramçylyk dabarasynyň dowamynda milli tagamlar, senetçilik we beýlekiler bilen baglanyşykly dessurlar görkeziler. Dürli döredijilik çäreleri – amaly-haşam sungaty eserleriniň, haly önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar, bäsleşikler, konsertler, teatr hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary, milli oýunlar we at çapyşyklary geçiriler. Bu çäreleriň ählisi türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşgünliligini görkezer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere ünsi çekip, ýurdumyzda milli mirasymyzy aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler babatda bu baýramçylygyň möhüm ähmiýetini nygtady. Bu parahatçylygy, abadançylygy hem-de agzybirligi alamatlandyrýan hakyky ählihalk baýramydyr. Onuň esasyny bolsa türkmenleriň gadymdan gelýän milli däpleri düzýär. Şol ajaýyp däplerde myhmansöýerlik, düşünişmek, hakyky dostluk ýörelgeleri jemlenendir. Milli Liderimiz bu ýörelgeleriň oňyn Bitaraplyk syýasatynda, dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygynda öz aýdyň beýanyny tapýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň özboluşly milli däplere laýyklykda hem-de hakyky türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, barşy, gowaça ekişine taýýarlyk çäreleri, şol sanda tohumlary, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak çäreleriniň barşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerini nazara almak hem-de gök-bakja ekinlerini ekmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde agrotehniki çäreler amala aşyrylýar, tejribe maslahatlary geçirilýär.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde 19-njy martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri barada habar berildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda giň gerimli bag ekmek işleri geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň öz netijesini berýändigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz oba zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin örän amatly şertleri döredýär. Olar ýokary hilli tohumlar, döwrebap tehnikalar, suw we beýleki zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam etjek “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny” amala aşyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere ýazky bag ekmek ýowaryny ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer, ýurdumyzyň içerki suw howdanlarynda emeli usulda ösdürilip ýetişdirilýän balyklaryň sanyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. 2016-njy ýylda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň umumy meýdany 800 gektara deň bolan emeli suw howdanlarynda 750 tonna balyk ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň “Altyn asyr” bölüminde umumy meýdany 100 gektar bolan emeli suw howdanyny arassalamak-abatlamak we düýbüni çuňaltmak, kärhanany mineral dökünleriň we hekiň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynyň ygtyýaryna täze balyk tutujy gämileriň gelip gowuşmagy netijesinde Hazar deňzinden tutulýan balygyň mukdary 3 esse artdy. Şeýle hem şu ýyl Lebap welaýatynyň Birata we Atamyrat etraplarynda ýerleşýän içerki suw howdanlarynyň kenar zolagynda gurlan, hersiniň kuwwaty 30 tonna bolan iki sany sowadyjy ammaryň hem-de Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän kuwwaty 500 tonna bolan durky täzelenen sowadyjy ammaryň işe girizilmegi bilen ilatymyzy ýokary hilli balyklar bilen üpjün etmekde uly mümkinçilikler döredildi.
Şeýle hem wise-premýer 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilen dokma önümleriniň dürli nusgalaryny görkezdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge hem-de ýokary hilli önümleri, şol sanda balyk önümlerini öndürmäge uly üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, döwrebap balyk senagatyny döretmek maksady bilen önümleri saklamak üçin häzirki zaman desgalarynyň gurulmagy netijesinde bu pudagyň okgunly ösdürilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow balyklaryň sanyny artdyrmak we olaryň görnüşlerini giňeltmek üçin emeli suw howdanlaryny we tebigy kölleri netijeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz sebitlerde balyk dükanlarynyň ulgamyny giňeltmek, olarda ilatymyzyň isleglerine laýyklykda balyk önümleriniň dürli görnüşleriniň satylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Aziada–2017-niň nyşany şekillendirilen önümleri taýýarlamak we ýaýratmak babatda görkezme berdi, munuň özi ägirt uly sport forumyny diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, daşary döwletlerde giňden mahabatlandyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy hem-de paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde synag ýaryşlaryny, şol sanda halkara ýaryşlaryny, okuw türgenleşiklerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaryşlaryň sport dünýäsinde halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat etjekdigini hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyryna öwrüljekdigini belläp, şol ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmekde degişli kadalary işläp düzmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek, ulag-aragatnaşyk toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ulag ulgamynda milli we sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň çäginden geçýän awtomobil we demir ýollaryň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini habar berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebitiň iri ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ornunyň barha artýandygyny belläp, ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda, täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmagyň wajypdygyny hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňaýly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýady üpjün edýän täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýänlerini kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we kanunçykaryjylyk ulgamynda halkara tejribesini öwrenmek, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyldy.
Milli Liderimiz habary diňläp, demokratik ýörelgeleri berkarar etmegiň, Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň hem-de öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmegiň köp babatda deputatlaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna baglydygyny belledi. Şunda milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek maksady bilen, Mejlisiň, onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary hem-de beýleki degişli edaralar bilen hemişe aragatnaşyk saklamagynyň wajypdygyny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabady abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek babatda geçirilýän giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şol işleriň çäklerinde tutuş şäher düzümini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Hasabatda paýtagtymyzdaky “Altyn asyr” seýilgähiniň durkuny täzelemäge aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynyň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän seýilgähiň durkuny täzelemek we abadanlaşdyryp gurmak üçin taýýarlanan şekil taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany makullap, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň aýdyň nyşanyna öwrülen Aşgabatda şäherlileriň hem-de türkmen paýtagtynyň myhmanlarynyň wagtlaryny göwnejaý geçirmegi we oňat dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini, köpsanly seýilgähleriň hem-de seýilbaglaryň talabalaýyk abadanlaşdyrylmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” berkarar Diýarymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder