«Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň «Hazar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasy bilen bilelikde guran «Bank işgärleriniň özbaşdak okuwyny ornaşdyrmak» atly sebitara okuw maslahaty öz işine başlady. Oňa Germaniýadan, Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan wekiller, Merkezi bankyň, ýurdumyzyň karz beriji edaralarynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumy geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasynyň ýurdumyzyň bank ulgamynyň hyzmatdaşlarynyň biridigini bellemek bilen, germaniýaly myhmanlar bu pudakda önjeýli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen nobatdaky ädim bolan bu wakanyň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen topragynda şeýle forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdebaryjy maliýe düzümler bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändigine, uly ykdysady kuwwata eýe bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda işlemäge isleginiň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyny göz öňünde tutmak bilen, bank ulgamynyň mundan beýläk hem netijeli ösdürilmegi boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak okuw maslahatyň esasy maksady bolup durýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm ähmiýetli wezipelere laýyklykda, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen nagt däl hasaplaşygy geçirmegiň häzirki zaman ulgamyny döretmek, karz bermegiň we ilatyň goýumlarynyň möçberini artdyrmak boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Banklaryň maliýe hasabatyny halkara ölçeglerine laýyklykda geçirmäge uly üns berilýär. Bu ulgamy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasy bilen kesgitlenen çäreleriň çäklerinde, bank işleriniň täze görnüşlerini ösdürmek we bu ulgama täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, telekeçiligi ösdürmek üçin karz berilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek we uly geljegi bolan başlangyçlary durmuşa geçirmek, hyzmatyň täze derejelerine çykmak, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen işler barada çykyşlarda aýdyldy. Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan şertlerinde daşary ýurtlaryň iri banklarynyň tejribesini öwrenmegiň, maliýe ulgamyna dolandyryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň has hem wajyp ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Bu babatda şeýle okuwy guramak işlerinde hemmeler tarapyndan öňdebaryjy hökmünde adalatly ykrar edilen Germaniýanyň tejribesi Türkmenistanyň we sebitiň ýurtlarynyň hünärmenleri üçin iňňän zerur bolup durýar. Onda hünär okuw ulgamy halypaçylygyň ösen instituty, amaly işe gönükdirilen okuw we telekeçiligiň hünärmenleri taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy bilen tapawutlanýar.
Gaznanyň halkara bilermenleriniň tanyşdyrylyşynda 1992-nji ýylda esaslandyrylan bu düzümiň esasy wezipesiniň ulgamdaky nemes tejribesini dünýäniň ähli maliýe edaralaryna elýeterli etmekdigi nygtaldy. Gurama döredilen döwründen bäri bank işiniň we teklip edilýän hyzmatlaryň ähli ugurlarynda tehniki taýdan goldaw etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. Gaznanyň işi esasan alty ulgamda— täjirçilik banklaryny ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek, mikromaliýeleşdirme, adamlary okatmak we ösdürmek, maliýe ulgamyny ösdürmek, maliýe taýdan sowatlylyk we tygşytlanan serişdeleri netijeli ugra gönükdirmek boýunça alnyp barylýar.
Türkmenistan 2013-nji ýyldan bäri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasy bilen Merkezi bankyň karz beriji edaralarynyň işgärlerine niýetlenen okuw taslamasynyň çäklerinde önjeýli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Bu hyzmatdaşlyk bank işiniň «Tygşytlama», «Buhgalterçilik işiniň esaslary», «Müşderiler bilen söhbetdeşlik», «Karz berme», «Hasap işleri», «Bank işiniň hukuk namalary» ýaly wajyp ugurlaryny öz içine alýar.
Bu taslamanyň aýratynlygy onuň bilelikdäki we özbaşdak böleklerinden ybaratdyr. Bilelikdäki bölek degişli pudak boýunça germaniýaly bilermeni hem-de bank ulgamynyň ýerli bilermenini çekmek bilen geçirilýän okuw derslerini öz içine alýar. Nazaryýet sapaklaryny amaly sapaklar bilen utgaşdyrylmak mümkinçiligi okuwyň esasy artykmaçlygydyr. Özbaşdak bölegi okuwyň nazaryýet görnüşi bilen okuw taslamasyna gatnaşyjynyň iş ýerinde amaly okuwyň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň okuwy ýurdumyzyň Merkezi bankynyň ýöriteleşdirilen bank mekdebinde geçirilýär. Taslamanyň çäklerinde bank işgärlerini okatmaga çekilen ýerli bilermenler Germaniýanyň özge pulhanalarynyň akademiýalarynda her ýyl geçirilýän bir hepdelik okuw maslahatlarynda hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik alarlar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, sebit boýunça geçirilýän bu okuw maslahaty Germaniýanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň bilermenleriniň bank işgärleri bilen okuw geçmek ulgamynda oňyn iş tejribelerini paýlaşmagy üçin örän ähmiýetlidir. Forumyň çäklerinde bu ulgamyň işgärleri bilen hünär okuwyny geçirmegiň üstünlikli taslamalarynyň nusgalarynyň getirilmegine garaşylýar. Okuw maslahatynyň dowamynda gaznanyň bilermeniniň Tygşytlamanyň bütindünýä günine bagyşlanan dokladynyň tanyşdyrylyşy bolar, ýurdumyzda şeýle çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.
Umuman, oňa gatnaşanlar birinji iş gününiň netijelerini jemlemek bilen, bu duşuşygyň öňdebaryjy maliýe düzümleriň, hususan-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaş ýurtlaryň uly hyzmatdaşlyk kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.
Okuw maslahatyň jemleri boýunça oňa gatnaşanlara hünär derejesini ýokarlandyrandygy barada degişli şahadatnama berler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder