Halkara zenanlar gününde paýtagtymyzda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisiniň açylmagy aýal-gyzlarymyza özboluşly sowgat boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan sergi gözelligiň we döredijiligiň, ajaýyp aýdym-sazlaryň, şatlykly duşuşyklaryň özboluşly baýramçylygyna hem-de ýurdumyzda döwlet tarapyndan zenanlara uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Şanly sene mynasybetli ähli baýramçylyk çäreleri ýaly, bu forumyň hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýändigi bellärliklidir. Munuň özi ruhy-medeni däplere we gymmatlyklara sarpa goýmagyň aýdyň mysalydyr. Maşgala ojagyny goraýjylar, çeper elli zenanlarymyz bolsa şol gymmatlyklary has-da baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. “Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji-hazynasydyr, deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr. Zenanlarymyzyň döredýän eserlerini, türkmen halylaryny, keşdelerini we beýleki el işlerini göreniňde, olaryň ruhy dünýäsiniň baýlygy, köňül arzuwlarynyň gözelligi, ýürekleriniň joşgunlylygy aýdyň görünýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda nygtaýar.
Hut şu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasyndaky sergi zalynyň ilkinji gezek öz gapylaryny açmagy bu wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sergi zaly iri forumlary geçirmek üçin döwrebap enjamlaşdyryldy. Giň möçberli diwarlyklar sergi zalynyň meýdançalarynda ýerleşdirildi. Sergide görkezilýän dürli reňkdäki ajaýyp güller hem-de täsin ösümlikler özboluşly gözellik döretdi.
Gülçülik we bagçylyk boýunça ýöriteleşdirilen sergi bu ulgamda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri hem-de ýetilen sepgitleri görkezmelidir. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly önüm öndürijileriniň ägirt uly kuwwatyny, olaryň tohumçylyk hem-de täze tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny açyk görkezmekden, tejribe alyşmak, uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etmekden ybaratdyr.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtly işewürler, gülleri ýetişdirmek sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar.
Ajaýyp zenanlarymyz baýramçylygyň esasy myhmanlary boldular. “Meňli” we “Näsli” tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary olara bagyşlandy hem-de serginiň açylýandygyny alamatlandyrdy. Sergi meýdançalarynda aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny döreden “Mukam” we “Şirin owaz” saz toparlarynyň, ýaş skripkaçylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sazy hem aýal-gyzlara bagyşlandy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergisine gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny uly üns hem-de ruhubelentlik bilen diňlediler.
“Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisiniň şu ýyl 8-nji martda -- Halkara zenanlar gününde öz işine başlamagy ähmiýeti örän uly bolan bu çärä özboluşly öwüşgün berýär. Bu halkara sergisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň ýene-de bir mysalydyr. Türkmenistanda ajaýyp tebigatyň bezegi bolan daglarymyza, derýalarymyza, sähralarymyza, köllerimize, tokaýlarymyza aýawly garamak we olary baýlaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmak we daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşylmak üçin halkara sergisiniň yzygiderli geçirilmegi örän möhümdir” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar .
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meseleleri ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Aşgabat şäherini, welaýatlarymyzy, etraplarymyzdyr obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz ekologiýa meselelerini çözmek hem-de daşky gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrmak babatda bu forumyň ähmiýetini nygtap, bu asylly işde hemmelere üstünlik arzuw etdi.
Döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de şereketleriniň, ýurdumyzyň telekeçileriniň sergidäki tekjelerini hem-de diwarlyklaryny bezän ajaýyp gülleriň we gül çemenleriniň, bezeg ösümlikleriniň hem-de gyrymsy agaçlarynyň hatarlary munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Sergä gatnaşyjylaryň diwarlyklary sazlaşykly ýerleşdirilipdir, munuň özi bagçylyk-landşaft sungatynyň hem-de bezeginiň iň gowy däplerinde döredilen döwrebap şäher seýilgähini ýatladýar. Ähli zat dynç alyş zolaklarynyň ekologiýa we bezeg taýdan özüne çekijiligini döretmek wezipesini çözmäge gönükdirilendir.
Ýaşyl galereýalaryň, emeli gül meýdançalaryň we aýmançalaryň, seýilgäh köljagazlarynyň hem-de köprüjikleriň, heýkellerden döredilen bag kompozisiýalarynyň ählisi bezeg gülleri hem-de baglary bilen gurşalypdyr. Merkezi lýustranyň çyralary akasiýanyň ak güllerini ýatladýar. Türkmenistanyň häzirki ösüşine we ajaýyp keşbine, ilkinji nobatda bolsa, 8-nji mart baýramçylygyna bagyşlanan gül çemenleri hem-de kompozisiýalar çeperçilik taýdan ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir.
Serginiň merkezi bölegi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň diwarlygy üçin bölünip berilipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi” atly täze kitabynyň şekili ünsüňi özüne çekýär. Onda Watanymyzyň Tugrasy ajaýyp güllerden döredilipdir. Dürli reňkli güllerden ýasalan behişdi guşlaryň şekilleri hem görenleri haýran galdyrýar.
Orhideýalar, giasintler, strelisiýalar, freziýalar, proteýeler we gülleriň beýleki köp görnüşleri reňkleriniň sazlaşygy hem-de köpöwüşginliligi bilen aýratyn gözellik döredýär. Hatda adaty bägüller, iris, nerkes we gwozdika ýaly güller hem täsinligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika we dermanlyk ösümlikleri institutynyň pawilonlary milli goraghanalaryň ösümlik genefonduny aýawly saklamak hem-de artdyrmak, seýrek duş gelýän we ýerli endemiki ösümlikleri öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerinde, pürli hem-de saýaly agaçlary we gülleri ýaýratmak boýunça görülýän çäreler babatda gazanylanlar görkezilýär. Häzikri wagtda şol ösümlikler we güller ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de olaryň etekleriniň seýilgäh zolaklarynyň esasyny düzýär.
Häzirki döwürde ajaýyp gül aýmançalary, “ýaşyl guşaklar” paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we obalarynyň binagärlik görküne özboluşly gözellik çaýyp, oňaýly howa ýagdaýyny döredýär hem-de daşky gurşawyň baýlygyny artdyrýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerine giň gerim berilmegi, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç alýanlar üçin amatly şertleriň döredilmegi adamlaryň durmuşynyň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerine berilýän ünsi ýokarlandyrmak boýunça öňe sürlen teklipler we başlangyçlar biziň ýurdumyzyň bu meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň hatarynda işjeň orun eýeleýändiginiň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilýän gülçülik we bagçylyk boýunça Halkara sergisi aýratyn ähmiýete eýe bolýar, ýurdumyz özüniň tokaý zolaklary, ýylyň ähli pasyllarynda gök öwüsýän seýilgähleri we alleýalary, baglaryň dürli görnüşleri, täsin suw çüwdürimler toplumlary bilen haýran galdyrýar.
Şu gezekki sergide diwarlyklary bezemekde serişdeleri we reňkleri seçip almaga aýratyn çemeleşmäniň, oýlap tapyjylygyň bolandygyna garamazdan, sergä gatnaşyjylaryň hemmesiniň serginiň baş wezipesi babatda pikirleri birmeňzeş boldy. Bu pikir bolsa, ösümlikleriň täze sortlaryny, gülçülik bezeginiň döwrebap ugurlaryny we tärlerini ýaýratmak hem-de kämilleşdirmek, ýerleri bagy-bossanlyga büremek, gül şitillerini, miweli hem-de ir-iýmişli we bezeg ösümliklerini, tebigy bezeg işleri üçin döwrebap serişdeleri hem-de enjamlary satyn almakda ýardam etmek, hyzmatlary hödürlemek babatda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin hünärli hyzmatdaşlary çekmek bolup durýar.
Ýurdumyzyň telekeçileri bagçylyk we gülçülik pudagyny ösdürmäge, täze täsin gülleri we agaçlary ornaşdyrmagyň, şeýle hem ösümlikleri öwreniş ylmynda, landşaft bezegi babatda hyzmatlary ornaşdyrmagyň hasabyna harytlyk teklipleriniň sanawyny artdyrmaga öz goşantlaryny goşýarlar.
Gülçülik we bagçylyk sergilerine, şol sanda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergilere yzygiderli gatnaşýanlaryň hatarynda paýtagtymyzdaky “Ak bägül” we “Gülzaman” ýaly salonlar bar. Olar bu ulgamda daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekde baý tejribe topladylar.
Aşgabat şäherini, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň çäklerinde “Ak bägül” gül salonynynyň hünärmenleri tebigy bezeg we fitodizaýn ýaly täze ugurlary özleşdirmek bilen gülçülik medeniýeti hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň yssy howa şertlerine uýgunlaşan ýerli ösümlikleri saýlamak babatynda has oňaýly we döwrebap çözgütleri öwrenýärler hem-de işläp taýýarlaýarlar, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen gül önümlerini daşary ýurtlara ibermegiň mümkinçiliklerine garaýarlar.
“Ýaşyl Dünýä Group” hususy kärhanasy dabaraly çäreleri bezemek üçin dünýäniň köp ýurtlaryndan—Gollandiýadan, Kolumbiýadan, Ekwadordan, Keniýadan, Ysraýyldan, Daniýadan ter gülleriň dürli görnüşleriniň 70-sini, şeýle hem bezeg ösümlikleriniň we gyrymsy agaçlarynyň nahallaryny getirýän iri söwda merkezi bolup durýar. Kompaniýanyň hödürleýän görnüşleriniň hatarynda küýzejiklerde gülleri ýetişdirmek işleri bar.
Ýyladyşhanalarda golland bägülleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirýän hem-de “Roza gül” dükanlarynda ýerlemek bilen meşgullanýan “Nurly meýdan” kärhanasynyň üstünlikleri uly täsir galdyrýar. “Roza gül” kärhanasynyň söwda işi giň gerim bilen tapawutlanýar – onuň işgärleri Gollandiýadan we Ekwadordan köp mukdarda gülleri getirýärler.
Türkmen telekeçilerini (“Parasatly” daýhan hojalygy, “Has” hususy kärhanasy) daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda türk seçgiçileri hem-de bezeg ösümlikleriniň we miweli ekinleriň täze sortlaryny işläp taýýarlaýanlar, ösümlikleri goramak üçin himiýa önümlerini, ýyladyşhana hojalygynda damjalaýyn we ýagyş ýagdyrmak usuly bilen suwaryş ulgamlaryny öndürijiler bilen ýygjam gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Sergä täze gatnaşýanlaryň hatarynda “Ýaşyl mekan” hojalyk jemgyýeti hem bar. Munuň özi otly meýdançalary, dürli ýaşyl öwüsýän agaçlary—serwi, baharyň ilkinji günlerinde gülläp başlan erik agaçlaryny, peýwendi tutlary we beýleki täsin ösümlikleri özünde jemleýän bag zolagynyň özboluşly nusgasydyr. Seçgiçler yssydan goraýan hem-de daşky gurşawy bezeýän, şäher seýilgählerini bezemek üçin niýetlenen agaç nahallaryny ýetişdirmegi başarypdyr.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary ýurdumyzyň baş şäherindäki täze “Bagtyýarlyk” seýilgähinde boş wagtlaryny göwnejaý geçirip, bu önüm öndürijiniň dizaýnerleriniň ajaýyp işine ýokary baha berdiler. Bu firma Awaza derýasynyň kenarlaryny, “Hazar balyk” kärhanasynyň ýanaşyk ýerlerini, şeýle hem Mejlisler merkeziniň toplumyny bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdi.
Serginiň daşary ýurtly gatnaşyjylary hem bagçylyk we gülçülik önümlerini, tehnologiki işläp taýýarlamalaryny we enjamlaryny hödürleýärler. Olaryň hatarynda gülleri we nahallary öndürýän Türkiýäniň “Süsbir bitkileri üretijileri alt birligi”, “Odemiş Süs bitkileri ve Fidançilik” assosiasiýalary, şeýle hem “Mehmet Efe botanik”, “Arza Peýzaj” kompaniýalary bar. Olar ýurdumyzda bag ekmek hem-de desgalary abadanlaşdyrmak baradaky taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.
Eýran ýaşyl bezeg önümlerini ibermekde iri hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Sergide bu goňşy ýurda “Beneshte Pars LLP.” kompaniýasy we “Pats Co.” konsorsiumy wekilçilik edýärler. Olar senagat ýyladyşhanalarynyň we aýnaly oranžereýalaryň enjamlaryny öndürmek ulgamynda işleýärler.
Ösümlikleri ýetişdirmek üçin dürli ululykdaky hem-de görnüşdäki suwy tygşytlaýan konteýnerleri öndürýän “Vasso” türk firmasy sergide ilkinji gezek öz önümlerini hödürleýär. Daşary ýurtly işläp taýýarlaýjylaryň tehnologiýasy ösümlikleri üç hepdeden bir gezek suwarmaga mümkinçilik berýär hem-de tehnologiýalaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýär.
Fransiýanyň wekili – “Prin Tack” firmasy printerde daşarky täsirlere durnukly etiketkalary çap etmek üçin niýetlenen maksatnamalary hödürleýär.
Döwletimiziň şäher düzümini, ýurdumyzyň sebitlerindäki ähli ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak, dynç alyş seýilgäh zolaklaryny döretmek meselelerine aýratyn üns hem-de ýakyndan goldaw bermegi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde Türkmenistanda bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu ulgamda netijeli hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Iki gün dowam edýän Gülçülik we bagçylyk boýunça Halkara sergisi gözelligi, näzikligi hem-de ylham joşgunyny alamatlandyrýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde iň ajaýyp we ýatda galyjy wakalaryň biri bolar.
Ajaýyp zenanlarymyzy sarpalamak çäreleri günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň dabaralar zalynda dowam etdirildi. Bu ýerde “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi, oňa ýurdumyzyň belli artistleri, medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Şu gün baýramçylyk konsertleri paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň sahna meýdançalarynda – seýilgäh we dynç alyş zolaklarynda, kionkonsert hem-de medeniýet merkezlerinde, teatrlarda guraldy. Dabaraly çärelere folklor we tans toparlary, halk sazandalary we aýdymçylary, belli estrada aýdymçylary, teatrlaryň artistleri, şeýle hem ýaşajyk zehinli ýerine ýetirijiler gatnaşyp, mähriban zenanlarymyza bagyşlanan çykyşlaryny görkezdiler.
Şu gezekki baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýanlaryň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasaty netijesinde, öňe tarap okgunly hereket edýän garaşsyz bitarap Watanymyzda zenanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini, olaryň bagtyýarlygy, durmuşa guwanyp ýaşamagy, höwes edýän işleri bilen meşgullanmagy, çagalary terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar, mähriban eneler öz çagalaryna milletimiziň iň gowy ýörelgelerini öwredip, ýokary terbiýeli ynsanlaryň täze neslini – ýurdumyzyň wepaly watançylaryny kemala getirýärler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder