Maslahat «Ýerli haýwanlar toparlarynyň durmuşyny gowulandyrmak üçin howanyň üýtgemegine öwrenişdirmek hökmünde Amyderýanyň sebitinde ýer we tokaý serişdelerini dolandyrmaga ekotoplumlaýyn çemeleşme» taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine degişli Lebap welaýat guramalarynyň wekilleri, şol sanda Amyderýa tebigy we Repetek biosfera döwlet goraghanalarynyň, sebitiň tokaý hojalygynyň, Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň, Daşky gurşawy goramak baradaky Lebap welaýat müdirliginiň işgärleri, şeýle hem Seýdi şäheriniň dolandyryş edarasynyň wekilleri, jemgyýetçilik birleşikleri we tebigatdan peýdalanmak ulgamynyň milli bilermenleri gatnaşdylar.
Maslahatda ýakynda badalga alan taslamanyň maksatlary we meýilnamalary barada çykyşlar edildi. Çykyş edenler ýer, suw, tokaý serişdelerini peýdalanmak ulgamyndaky milli kanunçylyk-kadalaşdyryjy binýat, ekoulgam çemeleşmeleri nazara almak bilen, tebigy öri meýdanlaryna, tebigy serişdelere toplumlaýyn baha bermek, şol sanda Lebap welaýatynyň demirgazyk-günorta böleginiň öri meýdanlaryna we iýimlik serişdelerine ykdysady taýdan baha bermek hem, barada gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşyjylar öňde duran ýakyn we uzak möhletleýin wezipeleri bolan taslamanyň ýerli geňeşiniň düzümi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
Umuman, taslamanyň maksady howanyň global üýtgäp durýan şertlerinde ekoulgamyň ýerine ýetirýän wezipelerini dikeltmek işlerini goldamakda Amyderýanyň kenarynyň anyk çäklerine uýgunlaşan tebigy serişdelerini durnukly dolandyrmak bolup durýar. Öňde duran işler suwaryş işlerinde suwy tygşytlamaga, tugaý tokaýlygynyň ýaýramagynda antropogen işlerini azaltmaga, iým önümçiliginiň önümçiligini durnukly ýokarlandyrmaga şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda meýilleşdirilen çäreleriň biri hem şorlaşan ýerleri dikeltmek arkaly öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, bu çäkleriň tebigy şertlerine uýgunlaşan şora durnukly ösümlikleri – galofitleri, şeýle hem esasy iýimlik ösümlikler bolan gyrymsy we bir ýyllyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek bolup durýar. Bu, öz nobatynda, bu sebitde ýaşaýan ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga hem öz oňaýly täsirini ýetirer.
Şeýle hem howanyň üýtgemegi babatda bu çäkleri gorap saklamak, dünýä ähmiýetli tugaýlaryň ajaýyp tebigy çäklerini gorap saklamak, şeýle hem tebigatyň we biodürliligiň, ilkinji nobatda seýrek we ýitip barýan görnüşlerini gorap saklamak ulgamy boýunça adaptasion strategiýalary işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şeýle esasy görnüşleriň biri hem tugaý ekoulgamynyň aýrylmaz bölegi, olaryň nyşany, esasy belgisi bolan buhar suguny bolup durýar. Göçýän görnüşleri boýunça halkara Konwensiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň süýdemdirijileriniň görnüşleriniň 13-sini gorap saklamak maksady bilen, biodürliligiň gymmatly görnüşlerini, Amyderýa tokaýlyklarynda ýaşaýan buhar sugunyny goşmak bilen, gorap saklamaga gönükdirilen ýörite Merkezi Aziýa başlangyjynyň kabul edilendigini belläp geçmelidiris.
Merkezi Aziýada Amyderýanyň kenar zolagynda arna tokaýlygy bu günki gün tebigy-howa we çalt täsirli antropogen täsirlerine duçar bolupdyr. Soňky ýüz ýyllyklaryň dowamynda suw akymynyň tebigy kadasynyň üýtgemegi dürli möwsümlerde suwuň möçberiniň azalmagyna getiripdir, oba hojalygynyň we maldarçylygyň çalt depginler bilen ösdürilmegi bolsa derýanyň ugrunyň mes toprakly ýerleriniň zor salynmagyna getiripdir. Topragyň şorlamagynyň, biodürliligiň ýaşaýan ýerleriniň azalmagynyň netijesi bu diňe sebitde görülen ýerlerdir.
Türkmenistanyň çäklerinde taslama tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkowyň Gaznasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty tarapyndan ýerine ýetirilýär. Germaniýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş baradaky Federal ministrligi we tebigaty goramak boýunça Manfred Hermsen nemes Gaznasy tarapyndan bolsa maliýeleşdirilýär. Ol sebitiň tebigy ekoulgamynyň durnukly işledilmegi maksady bilen, Lebap welaýatynyň demirgazyk-günorta böleginde Amyderýanyň zolagynda daýhanlar, kärendeçiler we fermerler bilen bilelikde ýerine ýetiriler. Taslamanyň çäreleriniň çäkleirinde Amyderýa goraghanasynyň işgärlerini, ylmy işgärleri we Amyderýanyň kenarynyň oba ilatyny öz içine alýan gyzyklanma bildirýän giň toparyny gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder