12 Ocak 2017 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

“Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, şeýle hem akkreditasiýa şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder