20 Ocak 2017 Cuma

Türkmen Telekeçileri Gurluşyk Işlerini Dünýä Derejesinde Ýokary Hilli Ýerine Ýetirmekde Ýeterlik Derejede Tejribe Topladylar

Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň okgunly ösdürilmegine goldaw bermegi netijesinde hususy gurluşyk kärhanalaryna döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şeýle iri buýurmalary ýerine ýetirmek ynanyldy. Şol buýurmalar bolsa türkmen paýtagtyny, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak, awtoulag ýollaryny, gidrotehniki hem-de beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşyklydyr.
Mysal üçin, diňe Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan kompaniýalar 2015-nji ýylda desgalaryň 30-dan gowragyny ulanmaga berdiler. TSTB-niň agzalarynyň geçen ýylda paýtagtymyzda guran desgalarynyň hatarynda “Bagtyýarlyk” sport toplumy we “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky tennis meýdançasy, “Arkadag” seýilgähi hem-de bäş ýyldyzly “Arçabil” myhmanhanasy, “Bagtyýarlyk” seýilgäh toplumy we beýlekiler bar.
Häzirki wagtda TSTB-niň agzalary Aşgabatda ýüzlerçe desganyň, şol sanda 15-nji tapgyrda 256 desganyň gurluşygyny alyp barýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileri welaýatlarda hem durmuş-medeni maksatly desgalaryň köpsanlysyny, şol sanda mekdepleri we çagalar baglaryny, muzeý binalaryny hem-de konsert zallaryny, medeniýet öýlerini hem-de saglyk merkezlerini, ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda täze obalarda ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurdular. Hususy kompaniýalar şeýle hem dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň 5-sini hem-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň birnäçesini gurdular.
TSTB-niň agzalarynyň guran desgalarynyň hatarynda suw arassalaýjy kärhanalar, ulag düzüminiň desgalary bar: 2015-nji ýylda Balkanabatda demir ýol menzili, Gyzylsuw şäherçesinde ýolagçy deňiz menzili ulanmaga berildi.
Telekeçiler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem gurluşyk işlerine işjeň gatnaşyp, bu ýerde myhmanhanalary we kottej şäherçelerini, attraksionlar seýilgählerini hem-de sport toplumlaryny gurýarlar. Hususy kompaniýalar tarapyndan Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň durky täzelenildi, “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň halyçylyk kärhanasy guruldy we senagat ulgamynda beýleki köpsanly taslamalar amala aşyryldy.
Türkmen telekeçileri gurluşyk işlerini dünýä derejesinde ýokary hilli ýerine ýetirmekde ýeterlik derejede tejribe topladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kompaniýalaryň gatnaşmagynda daşary ýurtlarda maýa goýum-gurluşyk taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar.
Şeýlelikde, häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalarynyň Awazadaky şu desgada görkezýän ýokary zähmet kuwwaty hem hut Türkmenistanda telekeçiligi döwlet derejesinde yzygiderli goldamagyň netijesinde gazanyldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder