11 Ocak 2017 Çarşamba

Maliýe Hukuk Medeniýeti Bazar Gatnaşyklarynyň Esasy

Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Žurnal hünärmenler köpçüligine niýetlenen bolsa-da, okyjylaryň has giň toparynyň ünsüni hem özüne çekýär. Salgyt salmak meselelerinde sowatlylyk – jemgyýetiň umumy hukuk medeniýetiniň bir bölegi bolup, onuň derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny döretmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, ykdysady işleriň täze görnüşleriniň we nusgalarynyň, maliýe gurallarynyň peýda bolmagynyň şertlerinde möhüm wezipeleriň biri boulp durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň işiniň takyk guralmagyny talap etmek bilen, salgyt salmagyň ornuny sazlaşykly ykdysady syýasatyň guraly hökmünde görkezýär, aýratyn-da, halk hojalygynyň hususy böleginiň çalt depginlerde ösmeginiň, telekeçileriň milli maksatnamalary amala aşyrmaga goşandynyň artmagynyň kiçi we orta işewürligiň täze görnüşleriniň peýda bolmagy bilen baglylykda ähmiýetiniň uludygyny belleýär.
Žurnalyň täze sany “Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty” atly syn-seljeriş makalasy bilen açylýar. Onda biziň ýurdumyzyň milli bähbitleriniň we wezipeleriniň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bilen özara baglanyşygy açylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly salgyt ýagdaýyny döretmek boýunça salgyt ulgamynyň wezipelerine garalýar. Iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýarmak hakynda döwletara ylalalaşyklary ýaly kadalaşdyrmanyň gurallaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şol ylalaşyklary Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň 33-si bilen baglaşdy.
Žurnalda “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, Salgyt kodeksine, hususan-da, salgyt gözden geçirmeleri we reýd salgyt barlaglary hakynda madda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle hem “Eýeçilik hakynda” Kanun çap edildi. “Düşündirişler” atly rubrikada hünärmenleriň goşulan baha üçin salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmeli möçberini hasaplamagyň tertibi hem-de anyk ýagdaýlarda we ugurlarda, mysal üçin, ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmak, emlägi karzyna bermek babatda salgyt kanunçylygynyň aýry-aýry düzgünlerini ulanmagyň tertibi hakynda taýýarlan düşündirişleri berildi.
Okyjy “Sowal-jogap” diýen bölümde hem peýdalay maglumatlary tapar. Bu bölümde salgyt meseleleri boýunça maglumatlar hem-de ol ýa beýleki ýagdaýda mesleleriň çözüdi barada maslahatlar bilen tanyşmak bolýar.
Şeýlelikde, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän maliýe-ykdysady žurnal okyjylaryň giň toparyna, şol sanda daşary ýurtly okyjylara ýurdumyzň salgyt ulgamynda täze üýtgetmeler barada habarly bolmaga, şeýle hem hukuk goldawyny almaga mümkinçilik döredýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder