14 Ocak 2017 Cumartesi

2016-njy Ýylda Senagat Önümleriniň Ýarysyndan Gowragyny Hususy Ulgamyň Kärhanalary Öndürdiler

2016-njy ýylda, umuman, senagat pudagynda jemi öndürilen önümiň möçberi 59,4 milliard manada ýetip, onuň ýarysyndan gowragy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi tarapyndan öndürildi.
Ähli pudaklarda diýen ýaly öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary ösüşi üpjün edildi. 2016-njy ýylyň jemleri boýunça elektrik energiýanyň önümçiligi 5 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 5,8 göterim, örme matalaryň önümçiligi 3,2 göterim, tikinçilik we örme önümleriň öndürilişi 5,2 göterim, derman serişdeleriniň önümçiligi 6,1 göterim artdy
Azyk önümleriniň öndürilişi görnetin ýokarlandy. Gaýtadan işlenilen we konserwirlenen balyk we balyk önümleri 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,9 göterim, süýji-köke önümleri 13 göterim, şöhlat önümleri 19,2 göterim, miwe-gök önüm konserwleri 18,5 göterim, un 7,3 göterim, çörek önümleri 1,9 göterim, ýarma 19,7 göterim köp ondürildi. Munuň özi ýerli bazary ýurdumyzyň ýokary hilli harytlary bilen üpjün etmäge, olaryň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmaga mümkinçilik berdi.
Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 210-sy guruldy hem-de 110 sanysynda gurluşyk işleri dowam edýär. Täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine hem-de 18 müňden gowrak täze iş orunlaryň döredilmegine ýardam berdi.
Şunda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmeklik dowam etdiriler we has-da netije berer. Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda 2016-njy ýylda 6 desga guruldy, 58 desganyň gurluşyk işlerine girişildi, 57 desganyň taslama—çenlik resminamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýakyn geljekde bu kärhanalaryň ulanmaga berilmegi ýurtda ykdysady ösüşiň depginlerine ýardam berer.
Önümçilik ulgamynyň dowam edýän hususylaşdyrylmagy hem ykdysadyýetiň netijeliliginiň artmagyna ýardam berýär. “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, 2016-njy ýylyň içinde 30 sany we degişli sanawlara laýyklykda bolsa 17 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder