5 Mayıs 2016 Perşembe

TOPH Taslamasynyň Gurluşygynda Iň Häzirki Zaman Tehnologiýalar we Enjamlar Peýdalanylýar

«Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryň we enjamlaryň peýdalanylmagy gurluşykçylara  möhüm ähmiýetli bu halkara infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek işlerini ýokary hilli we ýokary depginlerde alyp barmaga ýardam edýär. «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň №5 gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçy brigadalary ýedi kilometrden gowrak uzynlykda turbalary sepleşdirip, gaz geçirijiniň türkmen böleginde işleriň uly göwrümini gysga wagtda ýerine ýetirdiler.

Her biri 1420 mm bolan turbalary sepleşdirmek işinde ýarym awtomat usulynda işleýän kebşirleýji toplumlar peýdalanyldy. Sepleşdirilen birikdirmeleriň hil barlagy ultrases we rentgen diagnostikasyny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa gurluşyk-montaž işlerini hilini has hem ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerine çenli gidýän 214 km uzynlykdaky türkmen böleginiň ugrunda zerur infrastruktura desgalarynyň ählisi gurlar. Bu ýerde magistral gaz geçirijisine gazy 100 atmosfera basyş bilen bermäge niýetlenilen kompressor stansiýasy, arassalaýjy enjamlaryň goýberiş beketleri, şeýle hem gaz geçiriji üçin zerur bolan beýleki goşmaça  desgalar, şol sanda, awtomatika we telemehanika ulgamlary gurlar.

Öň belläp geçişimiz ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konsernlerine tabşyrdy. Şeýle diametrli magistral turba geçirijilerini gurmakda bu konsernleriň baý tejribesi bar. Şolaryň hatarynda, Eýrana çekilen ikinji gaz geçiriji (Döwletabat-Sarahs-Hangeran), şeýle hem, ýakynda işe girizilen Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi bar. Baý tejribesi we häzirki zaman tehnologiýalary türkmen gurluşykçylaryna iri möçberli infrastruktura taslamalaryny ynamly we kepillikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder