6 Mayıs 2016 Cuma

Prezidentimiz Saglyk Ýolunda we Ady Rowaýata Öwrülen Nusaý Glasynda Guralan Dabaralara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap aljak we paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Aziada-2017-niň açylan gününde tamamlanjak atly ýörişe badalga berdi. Şol bir wagtyň özünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sagadyň wagty yzlygyna hasaplamagy başlandy.

Bu çäre mynasybetli “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda guralan dabaralar Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň tamamlanmagy mynasybetli medeni çäreler, onuň çäklerinde guralan bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak we “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly spartakiadanyň jemlerini jemlemek dabaralary bilen utgaşdy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup Aşgabada 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny bermek baradaky çözgüdi türkmen döwletiniň saglygy goraýyş hem-de sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirýän syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabatdaky döwrebap Olimpiýa şäherjigi Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüler. Bu köpugurly sport toplumynda ýokary derejedäki halkara ýaryşlaryny geçirmek,  sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary taýýarlamak hem-de geljekki olimpiýaçylary  ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär...

Şu gün ir säher bilen Köpetdagyň ajaýyp gerişlerinden çekilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine örän köp  adamlar  ýygnandylar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 5-nji maýy iş güni däl diýlip yglan edildi. Indi köp ýyllaryň dowamynda Saglyk ýoly aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň söýgüli ýerine we maşgala bolup işjeň dynç alýan künjegine öwrüldi. Bu ýerde iri sport we köpçülikleýin medeni çäreler yzygiderli guralýar. Bu künjekden ýerli tebigatyň ajaýyplyklary, ak mermerli paýtagtymyzyň döwrebap keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär. 

Giňdiwar belentliginiň etegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň we daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, şeýle hem şu günki dabaralaryň hormatly myhmanlary ýygnandylar. 

Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde elleri baýdakly talyplar, ýörite orta hünärment mekdepleriň, sport mekdepleriniň okuwçylary, zähmetkeşler  toparlarynyň we paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň köpsanly wekilleri hatara düzüldiler.

Joşgunly aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Bu ýerde ählihalk baýramçylygyna we ýokary ruhy göteriliş derejesine mahsus ýagdaý emele geldi. 

Sekiz kilometrlik  Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Dabarany alypbaryjy mähriban halkymyz hakynda edýän aladasy, onuň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary galmagynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işleri üçin milli Lilderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimize     bu günki çärä gatnaşyjylaryň köpçülikleýin ýörişe taýýardygy barada hasabat berilýär. Milli Liderimiz  bu ýerde şu günki dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, olary, hormatly myhmanlary   türkmen sportunyň özboluşly baýramçylygy mynasybetli guralýan dabara bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem milli Liderimiz ähli watandaşlarymyzy, baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylary ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň üstünlikli jemlenmegine bagyşlanyp geçirilýän Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş mynasybetli guralýan dabaralaryň açykdygyny yglan etdi. 

Şol pursatda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy, oňa dabara gatnaşyjylaryň ählisi goşuldy. 

Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň  aýdym-sazly çykyşlarynyň astynda bu günki çärä gatnaşyjylar ruhubelentlikde köpçülikleýin ýörişe başladylar. 

Köpçülikleýin ýöriş guralýan mahaly Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda lukmanlar nobatçylyk edýärler. Ýöne bu gün hiç kime lukmançylyk kömegi zerur bolmady. Howanyň ýakymlylygy, çärä gatnaşyjylaryň belent ruhy we baýramçylyk ýagdaýy ähli zatdan belentde boldy. Bu ýerde yglan edilen ylgawa gatnaşyjylar birek-biregiň öňüne geçip, öňe okduryldylar. Olar bu aralygy geçmekde ýokary netije gazanmaga höweslerini äşgär etdiler. 

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleri, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýeten derejesini wasp edýän aýdym-sazlary bu günki çärä gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi.   

Hormatly Prezidentimiz özüniň egindeşleri bilen bu günki çärä gatnaşyjylaryň ýörişine goşuldy we bu ýoly uly ruhubelentlikde geçdi.

Dag ýodasynyň tutuş dowamynda ýörite telärjikler guralyp, olarda bu çärä gatnaşyjylara türkmen topragynda bitýän we Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda jikme-jik beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan hoşboý ysly çaýlar hödürlenýär. Mälim bolşy ýaly, ol kitapda türkmen tebigatynyň we onuň baý ösümlik dünýäsiniň tenekarlygy, bejerijilik häsiýeti barada gürrüň berilýär.

Hormatly Prezidentimiz olaryň ýanynda saklanyp, çaý taýýarlanlar bilen söhbetdeş boldy we demlenen  çaýlaryň düzümi, dermanlyk ösümlikleri ulanmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. 

Çaý taýýarlananda milli Liderimiziň “Çaý-melhem hem ylham” atly kitabynda beýan edilýän maslahatlardan we usullardan ugur alandyklaryny belläp, hünärmenler döwlet Baştutanymyza olar üçin gymmatly gollanma öwrülen ajaýyp kitaplar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylar üçin bu çaýlaryň örän peýdalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz hünärmenlere alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we ýörişi dowam etdi.   

Sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolan milli Liderimiz ähli  watandaşlarymyza, aýratyn-da ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri, at çapmak, welo we awtomobil ýaryşlaryny geçirmek, ylgamak, tennis oýnamak bilen meşgullanýar. Döwlet Baştutanymyz özüniň işiniň köpdügine garamazdan, bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga wagt tapýar. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolup durýan döwlet Baştutanymyz sporty ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna-Hormat ordenine mynasyp boldy.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde häzirki döwürde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň, onuň muşdaklarynyň sany barha artýar we jemgyýetimizde onuň ähmiýeti ýokarlanýar. Sporty ösdürmek we ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerini baş maksat edinýän döwletimiz ýurdumyzda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi babatda zerur şertleriň döredilmegine, köpçülikleýin sport bilen raýatlaryň, aýratyn-da çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we gyzlaryň işjeň meşgullanmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ösüp barýan ýaş nesilleri beden taýdan sazlaşykly ösdürmek usuly özboluşly mekdep bolup durýar.  Onda diňe bir türgen ýa-da şahsyýet däl-de, eýsem tutuş jemgyýet kemala gelýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sport-sagaldyş pudagyny höweslendirmek we ösdürmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi, onuň köpugurly mümkinçilikleri has-da ýokarlandy. Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça deňi-taýy bolmadyk iri taslama bolup durýan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy emele geldi. Munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini özleşdirmegiň we işjeň dynç alyş, wagty hoş geçirmek, suw sportunyň görnüşlerini ösdürmek üçin zerur şertleri döretmegiň   anyk nusgasydyr. 

Türkmen türgenleri dünýä ýaryşlaryna barha işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda iri halkara bäsleşikleri guralýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup, ulanmaga berildi. Milli atçylyk sporty barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ähli welaýatlarda iri döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. 

Aziýanyň  Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny bermek baradaky çözgüdi köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyjynyň rowaç alýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaýyn düzümleriň we sebitleýin toparlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça her ýylda Umumymilli  birinjiligiň geçirilmegi ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine, bedenterbiýä we ruhy kämillige bolan gyzyklanmalaryny höweslendirýän anyk çäredir. Müňlerçe türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda geçirilýän bu bäsleşikler “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň  ýurdy” şygary bilen guralýar. Häzirki wagtda bu şygar biziň halkymyzyň umumymilli taglymyna öwrüldi.

Giňdiwaryň belent gerşindäki meýdançada hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýanynda gulluk edýän serhetçiler garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçiler bilen bolan gürrüňdeşlikde olara mähriban halkymyzyň asudylygyny goramak ýaly belent hormatyň ynanylandygyny belledi.

Milli Liderimiz serhetçileriň durmuşy we gulluk şertleri bilen gyzyklandy. Serhetçi esgerler döwlet Baştutanymyz bilen ynanyşmak esasynda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ilatyň parahatçylykly we asuda durmuşynyň goragynda durýan harby gullukçylar barada yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Dag ýodasynyň tamamlanýan ýerinde milli Liderimizi elleri baýdakly köp sanly talyplar mübäreklediler. Saglyk  ýolunyň ýakynyndaky dag gerişlerinde ak daşlardan örülip ýazylan “Saglyk” we “Bagtyýarlyk” sözleri, Aziada-2017-niň nyşany bu künjegiň görnüşine özboluşly gözellik çaýýar. Şeýle hem bu ýerleriniň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary köpçülikleýin çärä gatnaşyjylara ýakymly täsir edýär. Bu töwerekde otlaşyp ýören bedewler, taýçanaklar türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýar.

Saglyk ýolunyň tamamlanýan ýerinde sport mowzugyna degişli çeperçilik işleriniň, haly we zergärçilik önümleriniň sergisi guraldy. Ýörite sekilerde bolsa bagşylaryň belent ruha beslenen aýdymlary joşgunly ýaňlandy. 

Milli göreş boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirýän türgenleriň bäsleşikleri milli Liderimiziň ünsüni çekdi. 2015-nji ýylda türkmen pälwanlary dünýä we Aziýa çempionatlarynda guşakly göreş boýunça halkara bäsleşiklerinde şowly çykyş edip, jemi 63 medal, şol sanda 26 altyn, 19 kümüş we 18 bürünç medallary eýelediler. 

Şeýle hem bu ýerde äpet küşt tagtasynda çagalar we ýetginjekler- abraýly ýaryşlarynda  ýurdumyzyň abraýynyň belende galmagyny şertlendiren belli ussatlaryň ýoluny dowam etdirijiler paýhas oýunlaryny görkezdiler. Diňe geçen ýylyň dowamynda türkmen küştçüleri dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, beýleki halkara bäsleşiklerinde çykyş edip, 16 medal eýelediler. Olaryň 6-sy altyn, 5-si kümüş we 5-si bürünç medallardyr.

Şeýle hem ýurdumyzyň türgenleri taekwando (ITF görnüşi)   boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Olar toplumlaýyn emelleri ýerine ýetirmekde ýokary ussatlyklaryny äşgär etdiler. Ýurdumyzyň taekwandoçylary gysga döwrüň içinde dünýäniň sport giňişliginde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Diňe geçen ýylyň dowamynda biziň watandaşlarymyz dünýä we Aziýa çempionatlarynda, söweş sungaty boýunça Halkara oýunlarynda we halkara bäsleşiklerinde şowly çykyş edip 54 medala mynasyp boldular. Olaryň 22-si altyn, 16-sy kümüş we 16-sy bürünç medallardyr.

Döwlet Baştutanymyz akrobatlaryň, gimnastikaçylaryň we agyrlyk daşyny göterijileriň çykyşlaryna, ýaşlaryň ýaglyga towusmak ýaly milli oýunlaryna we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça görkezme çykyşlara syn etdi. Bir söz bilen aýdylanda, Saglyk ýolunyň  tamamlanýan ýerinde sportuň dürli görnüşleriniň utgaşmagynda ägirt uly möçberdäki sport baýramçylygy ýaýbaňlandyryldy. 

Soňra Saglyk ýoly boýunça  guralan ylgaw ýaryşlarynyň ýeňijileri yglan edilip, olara baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň her birini gutlap, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Şeýlelikde, zähmetkeşler toparlarynyň aýal-gyzlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmeni Aýbölek Hudaýberdiýewa birinji ýeri eýeledi. Oňa tennis oýnamaga niýetlenen lybaslar toplumy gowşurylýar. Şeýle hem erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Parahat Kakaýew ýeňiji bolup, türgenleşik trenažýoryna mynasyp bolýar. Daşary ýurtly wekilleriň arasynda geçirilen ýaryşda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgäri Toni Delmont ýeňiji boldy. Oňa welosiped  gowşuryldy. Myhman bu welosipedde aýlaw etdi. 

Şu gün bu ýerde biraz soňrak “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň ýeňijileri yglan edildi we olary sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Mary welaýatynyň ýygyndy topary birinji orna, Aşgabadyň topary ikinji, Lebap welaýatynyň topary bolsa üçünji baýrakly orna düşdi.

Şeýle hem biraýlygyň çäklerinde  orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşiklerde birinji orna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mehaniki tehnologiýa orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary, ikinji orna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary, üçünji baýrakly orna bolsa 
Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary mynasyp boldy. 

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň Milli  sport we syýahatçylyk institutynyň ýygyndy topary birinji orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýygyndy topary ikinji orna,   üçünji baýrakly orna Türkmen döwlet binagärlik -  gurluşyk institutynyň ýygyndy topary düşdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda geçirilen ýaryşda birinji orny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary eýelemegi başardy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndy topary ikinji, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýygyndy topary bolsa üçünji orny eýeledi. 

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda birinji orna Bilim ministrliginiň ýygyndy topary mynasyp boldy. Ikinji orny Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary eýeledi. Üçünji baýrakly orny bolsa Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň ýygyndy topary eýeledi. 

Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşlaryň jemi jemlenildi. Onda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary  birinji orny eýeledi. Lebap welaýatynyň ýygyndy topary ikinji orna, Mary welaýatynyň ýygyndy topary üçünji baýrakly orna düşdi... 

Hormatly Prezidentimiz Saglyak ýoluny geçmekde ýeňiş gazananlary  tüýs ýürekden gutlap, olara mundan beýläk-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, saglyklaryny berkitmeklerini we uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň baştutanlary bilen bolan söhbetdeşlikde milli Liderimiz olaryň Saglyk ýoly boýunça guralan köpçülikleýin ýörişe işjeň gatnaşandyklary, halkara aragatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzyň daşapry syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, ýurudymyzyň ýeten derejesini we gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, döwletimiziň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny dünýä giňişliginde ilerletmek boýunça netijelei iş alyp barýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi. 

Milli Liderimiz bu günki çärä gatnaşyjylar we myhmanlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Köpetdag we Çandybil şaýollarynyň çatrygynda saklandy. Soňra hormatly Prezidentimiz welosipedde Bitarap Türkmenistan köçesine çenli bolan aralygy geçdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde welosiped sporty soňky ýyllarda ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýar. 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welosiped sportunyň ösdürilmegine, degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagyna işjeň çekilmegine gönükdirilen degişli Karara gol çekdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi bilen ruhlanan ýaş türkmenistanlylar we ähli watandaşlarymyzyň milli Liderimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça öňe sürýän asylly başlangyçlaryny giňden goldaýarlar.

Şu ýylyň aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň çäklerinde müňlerçe türkmenistanlylaryň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda nobatdaky köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.

Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň hatarynda welosportuň bardygyny bellemeli. Sportuň iň söýgüli görnüşleriniň biri bolan welosport boýunça ýaryşlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň esasy künjekleriniň biri bolan ajaýyp ýapyk welotrekde geçiriler. Onuň welosiped ýaryşy üçin niýetlenen ýola ähli ölçegler babatda degişli halkara ülňülerine we şeýle desgalara bildirilýän häzirkizaman talaplaryna doly laýyk gelýär. 

Ol ýerde döredilen şertler halkara ýaryşlaryny,  şol sanda dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotrek 6 müň tomaşaçy orunlyk bolup, onda janköýerler üçin ähli amatlyklar üpjün edilipdir. Desgada degişli düzümler göz öňünde tutulyp, olar türgenler, tälimçiler, tehniki işgärler we ýaryşa hyzmat edýänler, şeýle hem welosportuň muşdaklary bolan tomaşaçylar üçin zerur bolan amatlyklar döredilipdir. 

Soňra dabaralar “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda dowam etdi. Gadymy galanyň diwarlarynyň ýanyndan milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagynyň hormatyna deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi.

Gadymy şäheriň taryhy ýadygärlikleriniň ýanyna ýakynlaşanyňda türkmen toýlaryna mahsus ýagdaý emele gelýär. Ady rowaýata öwrülen gala barýan ýoluň ugry Aziadanyň nyşany şekillendirilen baýdaklar, hatara düzülen ak öýler bilen abadanlaşdyrylypdyr. Olaryň ýanynda amaly-haşam sungatynyň ussatlary özleriniň senetkärçilik önümlerini görkezýärler, bagşylaryň aýdym-sazlary ýaňlanýar. 

Ak öýleriň biriniň ýanynda gyzlar topary milli saz guraly bolan gopuzda örän täsirli owazlary ýerine ýetirýär. Gadymy döwürlerde  gyzlaryň, gelinleriň saz guraly bolan gopuz özboluşly köpçülikleýin çärelerde çalnypdyr. Pederlerimiziň ynanjyna görä, gopuzyň owazy tutuş giňişligi tämizleýär. Göräýmäge gopuzyň sesi şeýle ýiti bolmasa-da, onuň owazy örän aýdyň we uzak menzilden eşidilýär.

Gopuzyň bejerijilik ähmiýeti babatda dünýäniň dürli ýurtlarynyň häzirki zaman alymlary içgin gyzyklanýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, gadymy döwür adamlarynyň garaýyşlary haýsydyr bir ýörelgä esaslanypdyr.  Onuň owazy hakykatdan-da adam süňňüniň sazlaşygyny üpjün edýär we ynsana güýç-kuwwat berýär. 

Gyzlar gopuzyň owazy bilen at toýnaklarynyň seslerini, çeşmeleriň şirrildisini, şemalyň şuwwuldysyny janlandyrýarlar.

Şeýle depginli owazyň astynda karateçileriň çykyşlaryna seretmek has-da täsirli bolýar. Biziň ýurdumyzda başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi uly meşhurlykdan peýdalanýar. Karate boýunça türkmen türgenleri onýyllyklaryň dowamynda halkara giňişliginde öňdäki orunlary eýeläp gelýärler we birnäçe abraýly baýraklara, derejelere mynasyp boldular.   

Ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Diýar Hojaýew Tolýatty şäherinde fudokan-karate boýunça 2015-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Russiýanyň kubogy ugrundaky “Iň tiz gazanylan ýeňiş” görnüşi boýunça açyk bäsleşikde dünýä rekordyny täzeledi. Ol ýaryşyň ýedinji sekundynda bäsdeşiniň kellesine dürs urgy geçirmek arkaly tutluşygy tamamlady.

Karateçileriň ýanynda uşu boýunça ussatlaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen türgenleri söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça hem Türkmenistanyň sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşdular. Olar halkara bäsleşiklerinde şowly çykyş edýärler. 

Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň milli oýunlaryna  giň orun berlipdir. Çagalar toparlary bölünip, “ýedi top”, “aýterek-günterek”,  aşyk oýunlaryny oýnaýarlar. Belli bolşy ýaly, türkmen toýlarynyň baş bezegi bolan bagşylara, küştdepdi tansyny ýerine ýetirýänlere aýratyn orun degişli bolup durýar. Bu aýdymly tans köp müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň toýlarynyň bezegine öwrüldi. 

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň möçberli dabaralary guramak üçin Gadymy Nusaý galasynyň ýanynyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Taryhy maglumatlarda bu şäher Mitridatkert diýen görnüşinde getirilýär, çünki ol parfiýa döwletiniň görnükli hökümdary Mitridat tarapyndan gurlupdyr.

2007-nji ýylda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen parfiýa galalarynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň belli alymlary onýyllyklaryň dowamynda ylmy-barlag işlerini alyp bardylar we antik döwrüniň taryhynyň köp pursatlaryny äşgär etdiler. Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Nusaýyň sungatynyň we binagärliginiň arşakid köşk äheňindedigini aňladýan nusgalar tapyldy. Olarda gündogaryň we günbataryň binagärlik däpleriniň özboluşly utgaşyklygy duýulýar. Türkmenistanyň medeni mirasynyň has aýdyň nyşanlarynyň birine öwrülen ritonlar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ahal ýaýlasynda gadymy galalaryň galyndylary taryhyň pursatlaryndan nyşan hökmünde saklanyp galypdyr. Bu ýerde bolan her bir adam döwürleriň, geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň özboluşly arabaglanyşygyny duýar.

Bu gün bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, köpsanly türgenler ýygnandylar. Şu ýerde guralan çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza daşary ýurtlardan köp  myhmanlar, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de oňa agza ýurtlaryň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler.  

Bu günki dabara gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, belli şahyrlar, alymlar, žurnalistler, talyp ýaşlar bar. 

Baýramçylyk geçirilýän ýerde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlarynda, şol sanda sportda Türkmenistanyň ýeten derejesi we üstünlikleri barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Esasan-da, Aziada-2017-niň naşyna şekillendirlen önümler. Dürli sowgatlyklar, dokma önümleri, milli nagşy bolan keteniden edilen sowgatlyklar we beýleki harytlar bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem sergide surat eserleri, bedewleri hem-de atçylyk sportuny beýan edýän heýkeller, milli  medeni mirasymyza degişli serişdeler, şeýle hem küýze we zergärçilik önümleri, atlar üçin niýetlenen gadymy halylar, torbalar, çuwallar, saz gurallary görkezildi.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan lybaslar, meýletin ýardamçylara niýetlenen ýörite eşikler, ýaryşa girmek üçin niýetlenen petekleriň nusgalary, neşe önümleri möhüm orun eýeledi.

Milli Liderimizi baýramçylyk  meýdançasynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. 

Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi bilelikde birnäçe gezek “Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri gaýtaladylar. 

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görüşdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baştutany şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah bilen dostlarça salamlaşdy.

Bu ýerde bolan söhbetdeşlikde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy bu taryhy künjekde guralan baýramçylygyň gerimine haýran galýandygyny aýtdy we gadymy galanyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň şu günki dabaralara özboluşly many we watansöýüjilik ruhuny çaýýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabaha gadymy Nusaý ýadygärliginiň ähmiýeti, ony goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly syýahatçylary çekmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnanyň ýanynda atly ýigitleriň 17-si hatara düzüldi. Olar ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça guralýan atly ýörişiň başyny başlarlar. Olaryň arka tarapynda galanyň diwarlarynyň üstünde ýörite gurnalan çanaklarda Olimpiýa ody alawlaýar. Olaryň hersiniň ýanynda bir deprekçi we eli naýzaly sakçy dur. Olar ody goraglaýarlar. Gadymy döwre mahsus lybas geýnen artistleriň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Şeýlelikde, dabara başlanýar.

Hormatly Prezidentimizi, daşary ýurtly myhmanlary we ähli dabara gatnaşyjylary bu günki çäre bilen gutlap, dabaranyň alypbaryjysy bu günüň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyna şanly waka bolup girýändigini, Mirasa sarpa goýýan bagtyýar halkymyzyň    durmuşynda Gadymy Nusaýyň ýadygärlikleriniň ýanynda ägirt uly baýramçylygyň ýaýbaňlandyrylandygyny habar berýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň baýramçylyk çäreleri şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatyndan geçjek atly ýöriş bilen başlanýar.

Bu atly ýöriş özygtyýarly döwletimiziň ýylýazgysyna hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen mähriban Watanymyzyň senenamasyna şanly sene hökmünde ýazylar we  behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende göterer.

Ähli watandaşlarymyzyň adyndan beýik maksatlara ýetmegiň we türkmen sportunyň uly üstünliklere beslenmeginiň bähbidine alyp barýan köpugurly işi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.  

--Biz şu gün berkarar Watanymyzyň taryhynda, merdana halkymyzyň durmuşynda uly we örän möhüm wakanyň şaýady bolýarys. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guralýan atly ýörişe badalga bermek dabarasyna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä  mirasynyň sanawyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen Gadymy Nusaýda Ak pata berilýän atly ýöriş V Aziýa oýunlarynyň ajaýyp badalgasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz  bu taryhy dabara gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlara, halkara guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine çakylygymyzy kabul edip, şu günki taryhy wakanyň şaýady bolýandyklary üçin çäksiz minnetdarlyk bildirdi.

Merdana halkymyzyň ýaşaýşyny ähli döwürlerde hem bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Dünýä atçylyk sungatynyň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri milli mirasymyzdyr. Häzirki döwürde hem halkymyzyň milli buýsanjy bolan, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri biziň toý- baýramlarymyzyň bezegidir. 

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz milli atçylyk oýunlarynyň türkmen ýigitleri tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigini belläp, çapyksuwarlaryň bu hünäri sungat derejesine ýetirendigi watandaşlarymyz we ýurdumyzyň myhmanlary üçin örän täsirli bolup durýandygyny belledi. 

Ýurdumyzda atçylyk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. 

Şu gün badalga berilýän dabaraly atly ýöriş halkymyzy döredijilikli işlere galkyndyrar. Berkarar Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we geljegine buýsanjyny artdyrar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu atly ýörişiň baý medeniýetimiziň, taryhy-medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, häzirki döwürde gazanýan üstünliklerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň ajaýyp beýanyna öwrüljekdigine berk ynam bildirdi. 

Şeýle hem milli Liderimiz  Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy, bu ugurda biziň alyp barýan işlerimize hemişe goldaw berýändigi üçin,  Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
.
Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabaha söz berilýär. Ol bu günki wakanyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli guralýan atly ýörişiň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Türkmenistanda 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanylmagy Aşgabadyň dünýä möçberindäki sport merkezine öwrülmegine kuwwatly itergi berer. Aziýanyň we Okeaniýanyň iň güýçli türgenleriň arasynda geçiriljek ýaryşlara biziň ählimiz—guramaçylar, türgenler, tomaşaçylar bu wakanyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle hem 500 günüň dowamynda bu oýunlaryň başlanmagyna sabyrsyzlygyň has-da artjakdygyny bellemek isleýärin diýip, myhman belledi. 

Şeýhiň pikirine görä, Türkmenistan arzuw-umytlaryň durmuşa geçýän döwrüne gadam goýmak bilen, Aziýanyň iň ýokary derejeli sport ýaryşlarynyň birini geçirmek hormatyna mynasyp boldy. Şeýle hem türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, döwletiň sport abraýyny belende göterýärler. 

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň sportda görkezýän uly hyzmatlaryna, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin alnyp barylýan yzygiderli işlerine ýokary baha berýär diýip, AOG-nyň baştutany aýtdy we munuň üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirdi. 

Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş Aziýanyň hem buýsanjydyr diýip, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah nygtady. Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň türgenleri ilkinji bolup bu sport desgalarynda çykyş ederler. 2017-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň wekilleri Aşgabatda bolup, häzirkizaman Türkmenistanda gazanylýan ägirt uly özgertmeleriň şaýady bolarlar. 

Mundan başga-da, bu oýunlar türkmen paýtagtynyň üpjünçilik ulgamlarynyň mundan beýläk-de has-da ösdürilmegine, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam berer. Aziada-2017-niň oýunlarynda birnäçe görkezijiler boýunça rekord netijeleriň görkezilmegine garaşylýar. Bu oýunlaryň mirasy bütin Türkmenistan üçin uly ähmiýetli bolar. Myhman bu tagallalarda we Türkmenistanda sport ulgamynda ýetilen belent sepgitlerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny nygtady. Siziň bu tagallalaryňyz diňe bir Türkmenistan  üçin däl-de, eýsem bütin Aziýa üçin  uly goşantdyr diýip, Al-Sabah belledi. 

AOG-nyň ýolbaşçysy V Aziýa oýunlarynyň  ýokary guramaçylyk derejesinde geçjekdigine, olaryň sebitiň halklarynyň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň hemmämiz nurana arzuwlaryň, umytlaryň durmuşa geçýändigine ynanmalydyrys we biz munuň üçin anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyna düşünýäris diýip. myhman belledi we Türkmenistana ähli meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmegiň ýolunda uly üstünlikler, beýik ýeňişler arzuw etdi.

Şu günki dabara gatnaşyjylaryň ählisini gutlamak bilen, AOG-nyň baştutany milli Liderimiziň tutuş Aziýa sebiti üçin alyp barýan işine ýokary baha berdi we hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň medeniýet, saglyk we sport ulgamyny diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Aziýada we tutuş yklymda ösdürmäge ägirt uly goşantdygyny nygtady. 

... Gadymy galanyň basgançaklaryndan deprekçiler düşüp gelýärler. Olaryň yzy bilen ellerinde Nusaý ritonlaryny göterip, şa zenany Tomirisiň döwrüne mahsus zenan lybaslaryndaky beýik börükli gyzlar gelýärler. Olar atlylaryň ýanyna gelip, bu dabaranyň çeper-taryhy keşbini janlandyrýarlar.

Saz  ýaňlanýar. Deprekçileriň sazlaşykly kakuwlary dabara özboluşly depgin berýär. Gadymy döwürde deprekçiler dabaraly çäreleriň, köpçülikleýin guralýan baýramçylyklaryň başyny başlapdyrlar. Olar adamlaryň bitewüligini emele getirip, olaryň belent ruha beslenmegini şertlendirýärler. 

Soňra baýramçylyk meýdançasyna ýetginjek oglan taýçanagy çykarýar. Munuň özi ahalteke bedewi ýaly deňi-taýy bolmadyk kämilligi dünýä beren türkmen halkynyň atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar. 

Ýetginjek taýçanagy milli Liderimiziň ýanyna getirýär. Döwlet Baştutanymyz taýçanagy mähir bilen sypalap, oňa geljekde sport ýeňişlerini gazanmaga ak pata berýär. 

Şol pursatda meýdança Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklary, Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşany çykarylýar, onuň bilen Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylar.  

Alypbaryjy  joşgunly goşgy setirlerinden soň milli Liderimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan Aziada-2017-niň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli guralýan atly ýörişe gatnaşyjylara Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny gowşurmagy haýyş edýär.

Topardan atly ýigit saýlanyp, döwlet Baştutanymyzyň ýanyna gelýär. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda mähriban Watanymyzyň ýaşyl tuguny gowşurýar.

Soňra alypbaryjy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa komitetleri assosiasiýasynyň  Prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan atly ýigide Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny gowşurmagyny haýyş edýär. 

Şeýle hem şeýh baýdak bilen bir hatarda,  atly ýigide özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň nyşanyny gowşurýar.

Atlylar elleri baýdakly hormat aýlawyny amala aşyryp, sahnanyň öňünde duran atlylar bilen hatara düzülýärler.

Soňra alypbaryjy ýene-de döwlet Baştutanymyzdan, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentinden atly ýörişe gatnaşyjylara Aziýa oýunlarynyň alawyny gowşurmagy haýyş edýär.

Milli Liderimiz atly ýigide Aziadanyň alawyny gowşurdy. Atly beýleki iki atlylara goşuldy. Soňra olaryň yzyna atly ýörişe gatnaşyjylaryň hemmesi düzüldiler. 

Atlylar “nusaý” bedewleriniň çeýeligini, owadanlygyny görkezip, dabaraly ýörişe taýýardyklaryny äşgär etdiler.

Häzirki döwürde Türkmenistanda bedewler ählihalk söýgüsine mynasyp boldy. Ol asyrlaryň, köpsanly nesilleriň, zähmet ýeňişleriniň, sazlaşygyň, ruhubelentligiň we döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, ýurdumyzyň  baş nyşanyna öwrüldi. Ahalteke bedewlerini gorap saklamak we  dünýä derejesindäki şöhratyny belende götermek işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn goşandyny bellemeli.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagy täze belentlige göterildi. Türkmenistanda onuň düzümini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportuny we milli at çapyşyk däplerini wagyz etmek boýunça ägirt uly çäreler durmuşa geçirilýär. 

At çapyşyklarda we uzak aralyga guralýan ýörişlerde ahalteke bedewleriniň artykmaçlyklary äşgär duýulýar. Onuň gözelligine gözellik, ýyndamlygyna ýyndamlyk goşulýar. Bedewleriň gözellik derejesi ýokarlanýar. Munuň özi bedewi seýislemegiň özboluşly usuly bolup, tejribeli seýisleriň, çapyksuwarlaryň sazlaşykly zähmetiniň netijesidir. 

Milli Liderimizden Aziada -2017-niň oýunlaryna başlamagyna çenli galan wagtyň başlanýandygyny alamatlandyrýan atly ýörişe ak pata bermek haýyş edilýär. 

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, atly ýigitlere hem-de olaryň ýanynda boljak döredijilik işgärlerine, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine uly üstünlik  arzuw etdi.

“Goý, türkmen sportunyň we dünýäniň sport giňişliginde gülläp ösýän ýurt bolan Watanymyzyň abraýy belende göterilsin!” diýip, milli Liderimiz atlylara ak ýol arzuw etdi. 

Sazyň owazy ýaňlanýar. Şol pursatda bu ýerde oturdylan ägirt uly monitorda sagadyň wagty yzlygyna hasaplap başlaýandygy görünýär. Ol ýerde sagadyň dilleriniň aýlanmagy bilen “500” belgi “499” belgi bilen çalşylýar. 

Türkmenistanyň we Aziýanyň  Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny hem-de Aziadanyň alawyny göterip barýan atly ýigitleriň yzyna dabaraly aýdym-sazyň astynda beýleki atlylar düşüp ugradylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek  V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede guraljakdygyna, Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki halkara abraýynyň belende galjakdygyna we tutuş dünýäde sportuň ösdürilmegini şertlendirjekdigine pugta ynamyň nyşany hökmünde doganlarça elleşdiler.

Dabaraly çäräniň baýramçylyk maksatnamasyny ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert dowam etdi. Oňa döwlet Baştutanymyz we Aziýanyň  Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti gatnaşdy. 

Alypbaryjynyňi belleýşi ýaly, aýdym-sazly çykyşlar we bu şanly waka Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar.  

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden geçjek atly ýörişiň gadymy Nusaý galasynyň ýanyndan badalga berilmegi türkmen halkynyň taryhy köklerine, milli mirasyna gadymy döwürde “Nusaý atlary” diýlip atlandyrylan ajaýyp ahalteke bedewleri bolan deňsiz-taýsyz mirasyna ýokary sarpa goýýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Hut şu künjekde, ahal ýaýlasynyň dag eteklerinde türkmenleriň deňsiz-taýsyz kämillige ýetiren ahalteke bedewleri ösdürilip ýetişdirilipdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze “Gadamy batly bedew” atly kitabynda Aziýa oýunlarynyň 5 hem-de 7 belgileri bilen baglanyşykly nyşanlary pederlerimiziň ähli asylly başlangyçlar üçin oňaýly ýörelgeleri özünde jemleýän dünýä garaýyşlaryndan gelip çykýandygyny belleýär.  

Bäş belgi baryp zoraastriýa dessurlarynda hem möhüm orun eýeläpdir. Şeýle hem ol musulmançylygyň däplerinde has-da ähmiýetlidir. Yslamyň 5 sütüni, musulmançylygyň 5 parz işi, bir günde 5 gezek namaz okamak ýaly ýörelgeler hut şundan ybaratdyr. Gündogarda 5 belgisi dünýäniň döremeginiň we ynsanyň kemala gelmeginiň nyşany hasaplanýar. Şunlukda dünýäniň 5 bölege bölünmegi, 5 hadysa, 5 duýgy we beýlekiler. 7-lik belgi has-da meşhurdyr. Älemgoşaryň 7 reňki, 7 nota, dünýäniň 7 gudraty, 7 günlük hepde ýaly düşünjeler hut gadymy Gündogardan çykypdyr we wagtyň ölçegi hökmünde dünýä ýaýrapdyr.

Şeýlelikde, 17 atlynyň gatnaşmagynda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 500 gün galanda atly ýörişe badalga berilmegi ol ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegine ak pata bolup durýar.

Bu ýerde geçirilen baýramçylyk konserti “Ak ýollaryň ak patasy, gadamyňyzda Arkadagymyz!” atly watansöýüjilik duýgusyna beslenen aýdym-sazly çykyş bilen açyldy. Ol şu günki şanly waka bagyşlanan dabarany alamatlandyrdy.

Soňra konsert maksatnamasyny türkmen saz sungatynyň ussatlary, meşhur ýerine ýetirijiler, ýaş zehinli artistler we folklor-etnografiýa toparlarynyň agzalary, ýaş zehinler dowam etdiler.

Şeýle hem estrada we halk aýdymlary, daşary ýurtly kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. “Dokmaçylar”, “Laçyn”, “Galkynyş”, “Miras”, “Serpaý”, “Aşgabat”, “Näzli”, “Dehistan” ýaly belli tans toparlarynyň horeografiýa çykyşlary, şeýle hem    “Ruhubelent çagalar”, “Joşgun”, “Şatlyk” çagalar döredijilik toparlary, “Güneş” hory belent ruha beslenen çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

“Arkadagyň saýasynda toý bu gün” atly aýdymda şu günki baýramçylygyň dabaralary, milli Liderimize ählihalk söýgüsiniň we hoşallygynyň aýdyň nyşanlary öz beýanyny tapdy.

Soňra diňe bir aýdymçyllaryň däl, eýsem tutuş dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözüne we sazyna döredilen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ol millionlarça watandaşlarymyzyň öz ösüşinde bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana  bolan buýsanjynyň we halkyň bagtyýarlygynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

“Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen setirler agzybirlikde ýaňlanyp, gadymy galanyň üstünden, belent baýyrlaryň, bahar lälezarlygynyň, dag dereleriň ýokarsyndan aşyp has-de belent ýaňlandy.  Şu pursatda elleri baýdakly we Aziada alawly atlylar ahalteke bedewlerinde ýollaryny dowam etdiler. Atly ýörişiň dowamynda olar her welaýatda 100 gün bolarlar we sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine, ajaýyp ýerlerine syn ederler. Atly ýörişiň barşy barada ýörite telegepleşikler we gazet makalalary yzygiderli taýýarlanar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça guralýan atly ýörişiň barşynda geçirilýän çäreler däl, eýsem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy ýadygärlikleri wagyz ediler. Bu bolsa iň oňat milli däpleriň ösdürilmegini, biziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň, halk döredijiligimiziň çuňňurlygyny we olaryň gözelligini açyp görkezer.

Dabara mynasybetli geçirilen konsertiň ýerine ýetirijileriniň ussatlygyna tomaşaçylar bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow el çarpyşmalar arkaly minnetdarlyk bildirdi. Soňra el çarpyşmalar tutuş zalda oturan adamlaryň bilelikde beýan etmeginde  milli Liderimize türkmen topragyna we mähriban halkymyza çuňňur söýgi eçilýän netijeli döwlet  işi üçin hoşallygyň nyşany bolup ýaňlandy. 

Baýramçylyk feýerwerki bu ýerde guralan dabaranyň jemini jemldei. Türkmen bedewleriniň we çapyksuawrlarynyň, ýakynlaşyp gelýän Aziadanyň hormatyna guralan dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ägirt uly meýilnamalaryň we arzuwlaryň amala aşýandygyny äşgär etdi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder