2 Mayıs 2016 Pazartesi

Maýa Kulyýewa Gutlaglary Kabul Edýär

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri we Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň işgärleri Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewany doglan güni bilen gutlamaga, milli Liderimiziň oňa jan saglyk we uzak ömür sürmegi baradaky arzuwlaryny gowşurmaga bardylar. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärlerine hemişe aýratyn üns we uly goldaw berip, bahasyna ýetip bolmajak goşandy bilen milli medeniýetimiziň daşary ýurtlarda hem şöhrat gazanmagyna ýardam eden türkmen sungatynyň halypalarynyň aýratyn sarpasyny tutýar. 

Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň derejesinde medeniýet jemgyýeti jebisleşdirýän, ruhlandyryjy güýç, ahlak hem-de ruhy gymmatlyklaryň görkezijisi, milletimiziň we ýurdumyzyň ösüşiniň esasy özeni bolan demokratik hem-de durmuş özgertmeleriniň esasy hökmünde kesgitlenilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň täzeden dikeldilýän döwrüdir. 

Bu gün, diňe bir sazly sahnada ajaýyp keşpleriň ençemesini döreden, halkymyzyň çyn ýürekden söýgüsine, abraýa hem-de hormata mynasyp bolan artist däl-de, türkmen operasynyň ady rowaýata öwrülen aýdymçysy Maýa Kulyýewa gutlaglary kabul edýär. Onuň ýüregi we kalby elmydama, sahnada hem-de “mawy ekranda” opera aýdymlaryny ýerine ýetirýän mahaly-da, bu gün gül çemenlerini kabul edýän pursady hem ylham joşgunyna, yhlasa we ýaşaýşa bolan söýgä beslenýär. Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, ussatlygy, türkmen sungatyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy üçin halk artisti Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly at dakyldy hem-de «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy. 2015-nji ýylyň dekabrynda Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. 

2007-nji ýylda Maýa Kulyýewa «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Opera aýdymçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň bu baýragyna ýaş sungat işgärlerini ýetişdirmek boýunça halypalyk işi hem-de köp ýyllap çeken döredijilikli we ak ýürekli zähmeti üçin mynasyp boldy. 

Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aladasy hem-de goldawy, türkmen medeniýetini we milli sungatymyzy dünýäde giňden ýaýmak üçin edýän tagallalary, zehinli ýaşlary höweslendirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

— Siz maňa ömürboýy görmedik hormatymy etdiňiz. Siz meniň aýdym-saz boýunça uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetime ýokary baha berdiňiz. Bu gün Siziň özüme ýollan mähirli gutlaglaryňyza ýatdan çykmajak tolgunma duýgusyny başdan geçirdim. Siziň eden hormat-sylagyňyz meniň kalbyma ganat bagladyp, tüýs ýürekden şatlykly we bagtly pursatlary bagyş etdi. 

Maýa Kulyýewa ýurdumyzyň tanymal medeniýet işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki zaman türkmen sungatynyň gözbaşynda duran, ruhubelent zähmeti bilen ata-babalarymyzyň şöhratly sungat ýoluny dowam etdirýänlere goldawy hem-de belent sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidi üçin alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder