21 Mayıs 2016 Cumartesi

Çagalaryň Arasynda Küşt Boýunça Ýurdumyzyň Ilkinji Çempionaty

Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde 6 ýaşa çenli çagalaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlendi. Ýedi tapgyrda şweýsar ulgamy boýunça geçirilen ýaryşlara ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlaryna wekilçilik edýän ýaş türgenleriň 30-sy gatnaşdy.

Gyzlaryň toparynda alty utuk bilen Mary welaýatyndan 5 ýaşlyja Hatyja Ezizowa ýeňiş gazandy. Bu ýerde kümüş baýrak ugrunda aýratyn ýiti göreş emele geldi. Bu baýrak ugrunda her biri 5 utuk gazanmagy başaran ýaş küştçi gyzlaryň üçüsi güýç synanyşdy. Sport koeffisientiniň hasaplanmagynyň barşynda iň oňat görkeziji Türkmenabatdan bolan /Lebap welaýaty/ Suraý Hudaýbergenowanyň tarapynda bolup, ol netijede ikinji orny eýeledi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna Lebap welaýatynyň ýene-de bir wekili Gözel Garýagdyýewa çykdy. 

Oglanlaryň arasynda özüne taý tapylmadyk lebaply küştçi Gurbanmyrat Rüstemow alty utuk gazanyp, ýeňiji boldy. Aşgabatly Ýusup Guçmyradow ondan 0,5 oçko yza galdy, üçünji orna bolsa Mary welaýatynyň toparyna wekilçilik edýän 5 utuk gazanan Hydyrguly Çaryýargulyýew mynasyp boldy. 

Paýtagtymyzyň küşt-şaşka mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewiň gürrüň berşi ýaly, ýurdumyzyň häzirki çempionaty türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň arasynda sportuň bu akyl-paýhas görnüşini wagyz etmek hem-de olary sport gurnaklaryna çekmek maksady bilen guraldy. Küşt oýny ýyl geçdigiçe öz hataryna hut çagalary köp özüne çekýär, şoňa görä-de, şeýle ýaryşlar yzygiderli geçirilmelidir, çünki olar ýaşlary mundan beýläk-de sport bilen meşgullanmaga iterýär.

... Türkmen küştçileriniň gatnaşmagyndaky ýene-de iki ýaryşyň netijeleri bilen tanyş edýäris. Olaryň biri şu günler Nýu-Deli /Hindistan/ şäherinde geçen Aziýa çempionatydyr. Şonda Aşgabatdan sport ussady Jemal Öwezdurdyýewa tiz oýnalýan ýaryşda dördünji orny eýeledi. Ýurdumyzyň häzirki çempiony medala ýetmekden bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. Şeýle-de bolsa, bu üstünligi hem “ýokary” derejelileriň hataryna goşmak bolar, çünki abraýly sport forumynyň baýraklary ugrunda ýigrimä golaý ýurtdan 40-dan gowrak türgen güýç synanyşdy. 

Gökdepede taryhy galany goraýjylaryň hatyrasyna bagyşlanyp, däp boýunça her ýylda guralýan milli ýaryş geçirildi. Oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi. “A” toparda aýlaw ulgamynyň barşynda mümkin bolan 13 utukdan 10 utuk toplan birinji derejeli Hajygurban Döwletow ýeňiş gazandy. 

Ikinji orny ýeňijiden 0,5 utuk yza galan halkara ussat Amanmyrat Kakageldiýew eýeledi. Bu küştçi erkekleriň ýokary ligasynda çempionlyk derejäni 20-den köpräk gezek eýeländigi bilen meşhurdyr. Emma bu gezek ol has ýaş, ýöne geljegi örän uly aşgabatly türgenden yza galmaly boldy. Üçünji orna sport ussatlygyna kandidat Ahal welaýatynyň toparyndan bolan Ýusup Baýramgeldiýew mynasyp boldy.

“B” toparda paýtagtymyzyň küşt-şaşka mekdebiniň tälimçisi Azat Ýaraşew /14 utuk/ iň oňat taýýarlygy görkezdi. Ikinji we üçünji orunlary hem aşgabatlylar—degişlilikde Orazmuhammet Gurbanow we Soltan Myradow eýelediler. 

Häzirki wagtda türkmen küştçileri şu ýylyň esasy wakasyna—güýzde Azerbaýjanda geçiriljek Bütindünýä Olimpiada taýýarlyk görýärler. Indiki ýyl bolsa Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Onuň maksatnamasyna sportuň akyl-paýhas görnüşi boýunça ýaryş hem girýär. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder