Şu gün ir sagat 7-de ýurdumyzyň ähli ýerinde birwagtda badalga alan Türkmenistanyň Prezidentiniň sýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisi ses berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärler saslaw uçastoklaryna ir bilen gelen saýlawçylaryň ilkinjileriniň biri boldular.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda ses berdi.
Watan öňündäki raýatlyk borjuny Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine beýleki dalaşgärler hem berjaý etdiler:
Maksat Annanepesow – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 4-nji saýlaw uçastogynda (Gämi obasynyň Medeniýet öýi);
Jumanazar Annaýew – Mary şäheriniň 13-nji saýlaw uçastogynda (Marynyň Kemine adyndaky welaýat drama teatry);
Bekmyrat Atalyýew – Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky 42-nji saýlaw uçastogynda (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti);
Ramazan Durdyýew – Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň 2-nji saýlaw uçastogynda (şäheriň saglyk we medeni merkezi);
Meretdurdy Gurbanow – Daşoguz şäherindäki 24-nji saýlaw uçastogynda (N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatry);
Serdar Jelilow – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 59-njy saýlaw uçastogynda (Änew şäheriniň Medeniýet öýi);
Süleýmannepes Nurnepesow – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 35-nji saýlaw uçastogynda (Garabogaz şäheriniň Medeniýet öýi);
Durdygylyç Orazow – Mary şäheriniň 14-nji saýlaw uçastogynda (Mary şäheriniň sergi zaly) ses berdiler.
Saýlaw uçastoklary 19.00 sagatda ýapylar, şondan soň sesler sanalyp başlanylar.
Sesleriň sanalmagynyň netijesi Türkmenistanyň häzirki döwlet Baştutanynyň hem dalaşgär bolmagynda dokuz dalaşgäriň hataryndan kimiň Türkmenistanyň Prezidenti bolmalydygyny kesgitlär. Saýlawlara milli we halkara synçylary gözegçilik edýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň öň ýanyndaky möwsüme dokuz dalaşgäriň gatnaşmagy – Prezident saýlawlary – 2017-niň giň bäsdeşlik esasynda geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, olaryň hemmesine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri we saýlawlaryň barşyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek çäreleri dalaşgärleriň bellige alnan pursatyndan başlap 10-njy fewrala çenli dowam etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder