Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al-Sauda onuň dogany Şazada Turki bin Abdulaziz Al Saudyň aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan çuňňur gynanç bildirdi.
“Goý, Gudraty güýçli Allatagala maşgalaňyzyň ähli agzalaryna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin” diýlip, hatda aýdylýar.
Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda merhumyň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder