20 Kasım 2016 Pazar

Türkmen Pulmonologlary Öýkeniň Obstruktiw Keselini Anyklamagyň we Ony Bejermegiň Häzirki Zaman Usullaryny Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň maslahatlar zalynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan her ýyl bellenilýän öýkeniň dowamly obstruktiw keseline garşy göreşiň Halkara gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahaty Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli Hassahana guradylar. Oňa ministrligiň ýolbaşçylary, paýtagtdan we welaýatlardan ftiziatrlardyr maşgala lukmanlary, Türkmen Döwlen lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň, şeýle hem ýurdumyzda işleşýän halkara guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
BSG-nyň maglumatlaryna laýyklykda, öýkeniň dowamly obstruktiw keselinden 210 million adam ejir çekýär. Çilimkeşlik, howanyň zaýalanmagy, himiki maddalaryň bugundan dem almak keseliň döremeginiň esasy sebäpleridir.
Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşanlar öýkeniň obstruktiw keselini anyklamagyň we ony bejermegiň häzirki zaman usullaryny, Türkmenistanyň pulmonologiýa gullugynyň gazananlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Onda keseli bakteriýalara garşy serişdeler bilen bejermek we çilim tüssesinden dem almagyň öňüni almak meselelerine üns berildi. Ara alnyp maslahatlaşylan mesele babatda türkmen hünärmenleri speleoterapiýa we derman ulanmasyz beýleki netijeli bejeriş usullary barada pikir alyşdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder