Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Amerikan işewürleri tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna portland sement, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, pagta süýümi, azyklyk bugdaý ýerlenildi.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 90 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň we BAE-niň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 510 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 449 müň manatdan gowrak ýük ulagyny, “B” kysymly karbamidi hem-de pagta süýümini satyn aldylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder