26 Kasım 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy.
Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Pakistanda Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini, onuň esasyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň düzýändigini hem-de dostlukly döwletiň geljekde hem soňky ýyllarda täze ösüşe hem-de many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermegi ugur edinýändigini belledi.
Pakistanyň Premýer-ministri pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öňde boljak uly ähmiýetli wakalar – BMG-niň howandarlygynda geçirilýän ulag ulgamy boýunça ýokary derejeli halkara maslahaty, şeýle hem Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilmegi bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň sebitleýin goşulyşmagyň hem-de durnukly ösüşiň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we Merkezi Aziýada howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana öňde boljak ählumumy foruma hut özüniň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler, hususan-da, Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady, bu ýurt bilen bizi diňe bir geografiýa taýdan ýakynlyk däl-de, eýsem, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär.
Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzda parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şulardan ugur alyp, Türkmenistan bilen Pakistan halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara ylalaşykly hereket edýärler. Söhbetdeşler şunda Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklarynyň özara ynam häsiýetli bolmagynyň Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasynda diňe bir dürli derejelerde gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işjeň gözlemäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ruhunda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryna hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň mart aýynda Pakistan Yslam Respublikasyna bolan resmi sapary täze itergi berdi.
Söhbetdeşler iki ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ozaly bilen bolsa, ýangyç-energetika toplumynda we ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Umumy pikire görä, bu gaz geçirijiniň çekilmegi diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşine oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň kuwwatly binýady bolup çykyş edýändigi aýratyn möhümdir. Şunuň bilen birlikde, täze halkara ulag–aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça taslamalar uly mümkinçilikleri açýar.
Iki dostlukly goňşy halklaryň ýakynlaşmagynyň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi, biziň halklarymyz hiç wagt ähmiýeti peselmejek ägirt uly baýlyk bolan ajaýyp milli däp-dessurlarymyzy aýawly gorap saklaýarlar hem-de nesilden-nesle geçirýärler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Mohammad Nawaz Şarif däp bolan dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirip, Pakistanyň hem-de Türkmenistanyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşyga Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Malik gatnaşdy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Sekretary Bilen Duşuşygy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhman bilen görşüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysyny Aşgabatda nobatdaky gezek kabul edýändigine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy. Biziň ýurdumyzy bu gurama bilen strategiki häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyň işine gatnaşýandygy üçin jenap Pan Gi Muna minnetdarlyk bildirip, BMG-niň howandarlygynda türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen maslahatyň sebit we dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana ýene-de gelmäge mümkinçiligiň dörändigi üçin örän şatdygyny aýtdy hem–de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Pan Gi Mun mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik, şeýle hem BMG-niň wekilhanasy üçin täze bina ýaly ajaýyp sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şeýle goldaw berilmedik bolsa, özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň biziň ýurdumyzda alyp barýan işleri netijeli we üstünlikli bolmazdy diýip belledi.
Milli Liderimiz hem-de belent mertebeli myhman duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak hem-de giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, sebit we dünýä howpsuzlygy, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen bagly döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň hem-de durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan, dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gös-göni täsir edýän
ulag–aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary pikir alyşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Jenap Pan Gi Mun Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyza Aşgabatda bu maslahaty geçirmäge ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstaşyr-ulag kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň olary netijeli amala aşyrmaga çalyşýandygyny, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly, döwrebap logistika merkezi döretmäge çalyşýandygyny belledi.
Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde giň gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, giň gerimli taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär, halkara üstaşyr-ulag düzümini döretmäge mynasyp goşant goşýar.
Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köp ugurly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleri aýdyň şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda degişli Kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Baştutanyna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin, aýratyn-da, türkmen paýtagtynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy hökmünde saýlanyp alynmagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň açylmagy dünýä bileleşiginiň sebitleriň asuda hem-de sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan şertleri döretmäge bir bitewi çemeleşmesini nobatdaky gezek tassyklady. Bu merkeziň Aşgabatda ýerleşdirilmegini biz bitarap döwlete bildirilýän uly ynamyň we hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem Türkmenistan howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz geçen ýylyň dekabrynda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen Howa baradaky maslahatyň jemleýji resminamasyna—“Pariž ylalaşygyna” gol çekdi, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, zerur ulgamlaýyn usullary döretmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Gürrüň, hususan-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak hakynda barýar.
Jenap Pan Gi Mun BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen Lideriniň tagallalaryna, şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýardam berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek işinde Türkmenistanyň netijeli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň asuda ösmegine hem-de durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge goşýan goşandynyň möhümdigi bellenildi, bu öz nobatynda tutuş sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň abraýly düzümleriniň biri bolan BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlarda maksada gönükdirilen işleri geçirmäge taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady. Ägirt uly mümkinçilikleri bolan bu hyzmatdaşlygyň her ýyl geljegi uly bolan täze ugurlary peýda bolýar diýip, milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň gazanylan derejesine kanagatlanma bilen ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman köpýyllyk üstünlikli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynam bildirip, hut BMG-niň derejesindäki netijeli gatnaşyklaryň dünýä bileleşigine agza ýurtlaryň bilelikdäki işleriniň anyk ugurlaryny kesgitlemäge hem-de häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde anyk çäreleri işläp taýýarlamaga gös-göni ýardam etmäge ukyplydygyny bellediler.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap U. Hunbo hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi jenap Miroslaw Ýençe gatnaşdylar.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň iberen mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de dostlukly ýurduň hökümetiniň bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklara tüýs ýürekden sarpa goýýandygyny nygtap, netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Belarusuň ýolbaşçylaryna hem-de tutuş halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dostlugyň mäkäm esaslaryna hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini belledi.
Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň üstünlikli işi bilen gutlady. Myhman forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini aýdyp, ulag aragatnaşyklarynyň halkara ulgamyny döretmegiň meseleleri boýunça ýurdumyzyň tutýan öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi. M.Mýasnikowiç maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle derejedäki duşuşygyň dünýä taryhynda täze sahypany açýandygyny, wekiliýetleriň uly düzüminiň bolsa gozgalýan meseläniň wajypdygynyň hem-de Milletler Bileleşiginiň agzalarynyň onuň çözgüdini bilelikde tapmaga gyzyklanmasynyň subutnamasydygyny nygtady.
Milli Liderimiz XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasynyň ýakynlaşmaga tarap ymtylmagyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriň, döwletleriň hem-de sebitleriň tehniki we tehnologik kuwwatynyň birleşdirilmeginiň strategiýasydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu forumyň netijeleriniň ygtybarly ulag ulgamyny üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we umuman, durnukly ösüş Maksatlarynyň berjaý edilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman uzakmöhletleýinlik esasda ýola goýulýan hem-de köpugurly, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Häzirki zaman tapgyrda soňky ýyllarda bilelikde işleşmegiň toplanan tejribesi nazara alnyp täze mümkinçilikler açylýar. Şol işleriň hatarynda Lebap welaýatynda iri möçberli senagat desgasy bolan Garlykdaky kaliý duzlaryna örän baý käniň binýadynda kaliý dökünlerini öndürjek dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy bar. Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüni örän oňat tanadan döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny ibermek babatda öňden gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeli özara hereket edilmegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar.
Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn meselesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça aragatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanma tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy M.Mýasnikowiç syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar.
Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow gatnaşdy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutany bilen salamlaşyp, Türkmenistana gelmek hem-de ýurdumyzda
Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän we halkara ulag meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin gruzin kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Döwletimiziň syýasatynyň esasy ýörelgesi parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de taraplaryň iri halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde işjeň özara hereket edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtady.
Öz nobatynda, Prezident Giorgi Margwelaşwili Türkmenistan tarapyndan başy başlanan hem-de ýokary derejede guralan maslahata gatnaşmaga çakylyk, göwnaçyklyk we myhmansöýerlik üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy halkara maslahatynyň açylyşynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlap, adamzadyň durnukly ösüşinde onuň örän uly ähmiýetini nygtady.
Şeýle wekilçilikli çäräniň Aşgabatda geçirilmeginiň özi sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegiň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan ösüşlere beslenen syýasatynyň netijesi bolup durýar diýip, Gruziýanyň Baştutany aýtdy.
Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlarynyň oňyn häsiýetlidigini belläp, olary goldamakda we öňe ilerletmekde gruzin tarapyndan mundan beýläk-de ýardam beriljekdigini aýtdy. Şunda belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem iki dostlukly döwletiň bar bolan mümkinçilikleri we ösüşiň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp guralýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge Gruziýanyň taýýardygyny we gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşygyň barşynda mundan beýläkki türkmen-gruzin özara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.
Ýurdumyz diňe bir sebitde däl, umuman, bütin dünýäde hem giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar diýip, türkmen Lideri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň daşary syýasat maksatnamasynyň möhüm ugurlary barada gürrüň berip, halkara derejesinde ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny Gruziýanyň goldaýandygyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini nygtady.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermek baradaky Kararnamalaryň taslamalarynyň Gruziýanyň iki gezek awtordaşy bolup çykyş edendigini kanagatlanma bilen nygtady, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegi bilen bagşlanyşykly meseleleriň çözülmeginde türkmen tarapynyň ýörelgelerini goldaýandygy üçin öz gruzin kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Logistika düzüminiň döredilmegi diňe bir iki ýurt üçin däl, eýsem, umuman, sebit üçin hem uly ähmiýete eýe bolar diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Söhbetdeşler iki ýurduň geografik taýdan ýerleşmeginiň aýratynlyklarynyň hem-de ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň ägirt uly meýilleriniň, aýratyn-da, ählumumy ykdysady aragatnaşyklarynyň ýygjamlaşýandygy bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ýagdaý bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Şu babatda deňiz ulagy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde agzaldy. Şonuň bilen birlikde, dostlukly döwletiň Baştutany ýol-ulag düzümini kemala getirmegiň, şol sanda köprüleri gurmagyň ähmiýetlidigini belledi.
Belent mertebeli myhman Gara we Hazar deňzi sebitleriniň ýakynlaşmagy nukdaýnazaryndan Gruziýanyň möhüm orun tutýandygyny nygtap, ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş etmäge öz ýurdunyň taýýardygyny tassyklady.
Ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Giorgi Margwelaşwili netijeli syýasy gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Ýurtlaryň ikisinde hem ösdürilmegine uly üns berilýän syýahatçylyk ugry boýunça hem özara hereket etmäge oňat mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň Baştutanlary şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Giorgi Margwelaşwili iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-gruzin netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyna hem-de Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň – Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutany bilen salamlaşyp, şu ajaýyp günlerde Türkmenistana gelmek hem-de ulag-üstaşyr ulgamda halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen BMG-niň howandarlygynda geçirilýän ýokary derejeli foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin öz owgan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda halkyny türkmen halky bilen dostlugyň bozulmaz gatnaşyklary hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýan Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Prezident Mohammad Aşraf Gani mähirli kabul edişlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen Liderine hem-de tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Owganystanda sebitde durnuklylygy we rowaç ösüşi pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Owganystan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara Türkmenistanyň ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen döwletiniň Baştutany halkymyzyň owgan halkynyň parahat we durnukly durmuşa bolan ymtylmasyna tüýs ýürekden raýdaşdygyny aýdyp, häzir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýan hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilip, aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrüldi. Iri energetika taslamasy bolan bu gaz geçiriji oňa gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň halklaryna we umuman, tutuş sebite abadançylyk getirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, Owganystany durmuş-ykdysady taýdan galkyndyrmaga, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, şeýle hem döwrüň beýleki möhüm meseleleriniň çözülmegine degişli başlangyçlarynyň owgan tarapyndan doly golandylýandygyny aýtdy.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatdaky taslamalaryň, şol sanda Aziýa halkara ulag geçelgesini döretmek babatdaky başlangyçlaryň hem durmuş-ykdysady taýdan uly netije bermegine garaşylýar. Şol ugur ýurdumyzyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň çäklerinden geçip, geljekde Hytaýyň demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň depginli ösýän döwletlerine çykar.
Şunuň bilen baglylykda, Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) täze demir ýolunyň ulanylmaga berilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Bu demir ýol goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmek, täze iş orunlaryny döretmek, owgan halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýüklemek boýunça terminal ulanylmaga berler.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Owganystana ýeňillikli şertlerde iberilýän elektrik energiýasynyň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda degişli düzümleriň täze desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen iberilýän şol elektrik energiýasynyň möçberiniň has-da artjakdygyny belledi.
Türkmen-owgan döwletara gepleşiklerinde ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýan ynsanperwer ulgamda özara hereket etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Däp-dessurlaryň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy bilen birleşen iki goňşy halkyň gatnaşyklarynyň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen-owgan serhediniň dostlugyň we hyzmatdaşlygyň serhedidigini hem-de munuň hemişe şeýle bolmalydygyny nygtap, netijeli medeni we ylym-bilim aragatnaşyklaryny giňeltmäge hemme mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynda, şol sanda dürli ulgamlarda möhüm başlangyçlaryň we taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hasabyna hemişelik berýän kömegi hem-de goldawy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani däp bolan dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, bu iri halkara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Raşid Alimowy kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyzy Aşgabatda şeýle wekilçilikli maslahatyň işläp başlamagy bilen gutlady. Parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny işjeň, yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini nobatdaky gezek görkezýär diýip, ŞHG-niň Baş sekretary aýtdy. Muňa halkara maslahatynyň açylyşynda türkmen Lideriniň manyly çykyşy şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda geçirilýän we ählumumy ulag meselelerine bagyşlanan maslahata gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyk etmek ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Şunda iri halkara guramalarynyň, şeýle guramalaryň hataryna degişli bolan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça özara hereket etmegiň täze çemeleşmelerini we görnüşlerini tapmaga we durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär.
Raşid Alimowyň belleýşi ýaly, häzirki maslahatda garalýan meseleleriň ähmiýeti onuň çäklerinden çykýar, çünki olaryň çözülişine ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan hyzmatdaşlyk edilmeginde adamlaryň ýakynlaşmagyna hem-de dünýäde dartgynlylygyň aradan aýrylmagyna ýardam etjek şertleriň döredilmegi baglydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan ulag meselesi hem-de şu ulgam bolmasa ösüş bolmajak uly möçberli maliýe serişdelerini talap edýän bu örän çylşyrymly pudaga degişli meseleler boýunça birnäçe iri halkara maslahatlaryň başyny başlady. ŞHG üçin bu hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir, çünki BMG-niň agzalary tarapyndan 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda kabul edilen Gün tertibi ŞHG-2025 ösüş strategiýasy bilen kybap gelýär, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar bolsa guramanyň içinde biziň çözýän meselelerimize hem-de maksatlarymyza laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary ŞHG-niň iri çärelerine we maslahatlaryna gatnaşýandygy, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de sebitleýin ösüşi saklamakdaky şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Söhbetdeşler ŞHG-niň mümkinçiliginiň sebitdäki howpsuzlygyň berk sazlaşygyny gorap saklamak, dawalara ýol bermezlik, olary çözmegiň kabul ederlikli ýeke-täk serişdesi hökmünde gepleşikler guralyny ýola goýmak üçin peýdalanylyp bilinjekdigi we peýdalanylmalydygy barada bir pikirdediklerini beýan etdiler.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ŞHG bilen özara hereket etmek sebit we sebitara ýagdaýlaryň durnukly we sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmäge, howpsuzlygy, işjeň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny saklamaga, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugry bolup çykyş edýär.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamasy ýurdumyzyň sebitde hyzmatdaşlyk etmeginiň üstünlikli mysaly hökmünde agzaldy. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi, gürrüňsiz suratda, gatnaşyjy ýurtlaryň we umuman, Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan ösmegine täze itergi berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ŞHG-niň Baş sekretary özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde geçirilýän häzirki duşuşygyň ŞHG-niň ýurtlary bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek ugrunda ýene-de bir möhüm ädime, dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmek işine uly goşanda öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Bilen Duşuşygy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň çäklerinde forumyň hormatly myhmany bolan Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf bilen duşuşdy.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, häzirki Aşgabat duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklyk bildirdi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini we onuň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary barada geçirilen pikir alyşmalaryň örän netijeli bolandygyny belledi. Bu ulgam häzir dünýä ykdysadyýetiniň strategik ugurlarynyň biri hem-de ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmana häzirki foruma Awstriýanyň uly wekilçilikli gatnaşýandygy we döwrüň möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şol sanda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek boýunça türkmen tarapynyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, syýasy durnuklylygy hem-de dünýäniň halklarynyň bähbidine durnukly ykdysady ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlaryny goldamakda we öňe ilerletmekde mundan beýläk-de işjeň orny eýelär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnawlarynyň çatrygynda örän amatly geografik ýagdaýda ýerleşmek bilen Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir. Türkmenistan şol kuwwatyny mundan beýläk-de doly derejede peýdalanmaga çalşar. Başy başlanan uly möçberli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň ugurlary boýunça üstünlikli ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, iki ýurduň ilkibaşdan deňhukuklylyk, hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge
özara ymtylmalaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bitirilen işleriň birnäçesi, şol sanda bilelikläki Türkmen-awstriýa toparynyň döredilmegi, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlaryny hem-de bilelikdäki täze taslamalary gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga gönüden-göni ýardam edýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň we işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli esasda geçirilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Işewür gatnaşyklar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Muňa däbe öwrülen Aşgabatda geçirilýän Wena baly, bilelikdäki konsertler, Awstriýanyň paýtagtynyň iň oňat konsert zallarynda türkmen sazandalarynyň çykyşlary, dürli tanyşdyrylyş dabaralary, döredijilik duşuşyklary, operalar we beýleki medeni çäreler şaýatlyk edýär. Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde türkmen talyplaryny Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň mümkinçilikleri barada teklipler aýdyldy.
Umumy pikire görä, syýahatçylyk ulgamynda, aýratyn-da, Hazaryň kenar ýakasynda döredilýän ösen dynç alyş düzümi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy nazara alnyp, hyzmatdaşlyk etmek üçin uly geljek açylýar.
Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow we Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf birek-birege bagtyýarlyk, hoşniýetlilik we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar hem-de iki tarapyň bar bolan gyzyklanmasynyň iki dostlukly ýurduň uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegine esas boljakdygyna ynam bildirdiler.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, dostlukly Türkmenistanyň halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşyga Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gatnaşdy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş Sekretary Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Lamberto Zanniýer bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, halkara foruma gatnaşýandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Maslahatyň gün tertibine ulag kommunikasiýasy ýaly möhüm ulgam bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Şol syýasat bolsa oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Milli Liderimiz ÝHHG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, uly kuwwata eýe bolan özara gatnaşyklary ösdürmäge ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady.
ÝHHG-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza mähirli garşylandygy hem-de söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň Türkmenistan bilen ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Myhman türkmen Lideriniň köp şahaly utgaşykly ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolan başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýetini belläp, Aşgabat forumynyň häzirki dünýä ösüşiniň wajyp wezipelerini netijeli çözmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň özara başlangyçlara hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimlere esaslanýandygy we halkara giňişliginde tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ýollaryny döretmek meselesine hem aýratyn üns berildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyny ösdürmäge maýa goýumlarynyň geosyýasatyň möhüm şerti, döwletlere we sebitlere uly ykdysady mümkinçilikleri açýan kuwwatly goşulyşmak serişdesi bolup durýandygy nygtaldy.
Ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meseleleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşup gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Olar diňe bir bu giň möçberli taslamalara gatnaşýan döwletlere däl, eýsem, sebitiň ähli ýurtlaryna uly ykdysady peýda getirer.
Olaryň hatarynda Atamyrat—Ymamnazar—Akina transmilli demir ýoly bar. Ol Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyryna öwrüler. Şu ýol boýunça ýakyn günlerde Owganystana ilkinji ýükler ugradylyp başlanar. Desgalaryň hatarynda “Ymamnazar” gümrük nokadyndaky nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça terminal hem bar.
Pursatdan peýdalanyp, ÝHHG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilen şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy hem-de golaýlaşyp gelýän baýramçylyk—Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady.
Köp ýyllaryň dowamynda men Türkmenistana gelýärin hem-de bu ýerde haýran galdyryjy özgerişlikleriň bolup geçýändigini görýärin diýip, jenap Lamberto Zanniýer aýtdy we ýurdumyzyň dürli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi hem-de türkmen halkyna döredijilik we ösüş ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birek-birege hormat goýmak hem-de uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-Ministriniň Birinji Orunbasaryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Özbegistanyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji we Premýer-ministri Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Özbek hökümetiniň baştutanynyň birinji orunbasary şeýle iri we wekilçilikli foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bu maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň örän ýokarydygyna hem-de onuň döredijilikli başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, sebit hem-de dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýändiklerini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli pudaklarda işewür hem-de netijeli gatnaşyklary höweslendirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunda ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Asyrlaryň dowamynda iki ýurduň halklaryny birleşdirip gelen medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň özenini düzýär.
Ählumumy maslahatyň gün tertibine geçirilen meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň, hususan-da, häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän utgaşykly ulag düzümini döretmek ýaly möhüm ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Özbegistan 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar ugry boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gatnaşýarlar. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag ulgamynda beýleki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara gatnaşyklar üçin hem amatly şertler bar.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat forumynyň ähmiýeti bellenildi. Bu maslahat oňyn pikir alyşmak, dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmek babatda anyk meýilnamalary we teklipleri işläp taýýarlamak üçin açyk meýdança bolmalydyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy sebit we dünýä derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam bermäge çalşyp, ählumumy abadançylyga hem-de ösüşe saldamly goşant goşýarlar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow gatnaşdy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Awtomobil Ulag Birleşiginiň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Halkara awtomobil ulag birleşiginiň (IRU) prezidenti jenap Umberto de Prettony kabul etdi.
Iri halkara guramasynyň baştutany ýüzbe-ýüz duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini hem-de möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Türkmen tarapynyň öňe sürýän başlangyçlary hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça guralýan halkara forumlar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar, ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyk şol ugurlaryň biri bolup durýar. Myhman türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilýän, dünýäniň onlarça halkara guramalarynyň we ýurtlarynyň wekilleri çagyrylan şu gezekki Aşgabat maslahatynyň uly ähmiýetini belläp, BMG-niň howandarlygy astynda geçirilýän iri maslahatyň bu strategiki ugurda oňyn gatnaşyklary ilerletmegiň ýolunda täze möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ulag düzüminiň ýokary wezipeli wekilini mähirli mübärekläp we şu ählumumy forumy taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň soňky ýyllarda IRU bilen Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ulag-üstaşyr ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň strategiki ugurlarynyň biri we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda sebit we yklymüsti ähmiýetli häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen halkara taslamalary bilelikde amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Mälim bolşy ýaly, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösen ulgamyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, muňa kabul edilen hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän uzakmöhletleýin milli maksatnamalar hem şaýatlyk edýär, olar ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, degişli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň öňe süren “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň orny” atly Kararnamasy özygtyýarly Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlary bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup çykyş edýär, bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup durýan ähli döwletler tarapyndan goldanyldy we biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamada durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky başlangyç ilkinji gezek resmi taýdan tassyklanylýar, ol halkara ulag geçelgelerini döretmek hem-de ulanmak, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny özünde birleşdirýän köp şahaly ulag ulgamynyň kemala getirilmegi üçin şertleri döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň prezidenti jenap Umberto de Pretto hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, şu gezekki wekilçilikli maslahatyň durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdiler, diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durnukly ösüşi üçin has amatly gurşawy döretmek onuň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-Ministriniň Birinji Orunbasaryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.
Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we ýurduň Premýer-ministri Bakytžan Sagintaýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Askar Mamin Gazagystan Respublikasynda türkmen Lideriniň oňyn syýasatyna we sebitde hem-de tutuş dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we goldanylýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, goňşy ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi. Gazagystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli Liderimiz häzirki döwürde iki tarapyň hem bähbitlerine kybap gelýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.
Ulag ýaly strategiki ulgamda hyzmatdaşlygyň giň meselelerini öz içine alýan ählumumy maslahatyň gün tertibi barada hem özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berip, üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellenildi. Şunda goňşy döwletleriň bilelikdäki tagallasy bilen gurlan, “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly aýdyň mysal bolup biler. Bu transmilli polat ýol diňe bir ykdysady taýdan amatly hem-de täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we onuň çäginden daşda umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şertine öwrülmäge, yklymda syýasy gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmäge ukyply möhüm geosyýasy ýagdaý bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk we sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin esas hökmünde köp şahaly multimodal ulag düzümini döretmegiň wajyp wezipesini çözmäge sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň ähmiýeti nygtaldy.
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary 26-njy noýabrda türkmen paýtagtynda açylýan ýokary derejeli iri foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat maslahatynyň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we myhman Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösýän dostluk gatnaşyklaryna hem-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.
Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Nurbaýew gatnaşdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder