Eziz watandaşlar!
Edermen babadaýhanlar!
Edermen babadaýhanlar!
Sizi bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren halal we bol hasylyna bolan begenjiniň aýdyň beýanydyr hem-de ene topraga bolan yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Halkymyzyň milli baýramlarynyň iň gadymylarynyň biri bolan Hasyl toýy özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryndan we milli däp-dessurlaryndan hem-de agzybirliginden, zähmetsöýerliginden we halallygyndan alyp gaýdýar.
Merdana oba zähmetkeşleri!
Siziň çekýän yhlasly zähmetiňiz netijesinde, sahawatly türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da pugtalandyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän ajaýyp zamanasynda siziň tutanýerli, halal zähmetiňizden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen babadaýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ata Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.
Şeýle hem pagtaçy babadaýhanlarymyzyň tutanýerli zähmetiniň netijesinde, şu ýyl ýurdumyz boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Ýurdumyzyň «ak altyn» ussatlarynyň geljekde mundan hem ýokary sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn.
Edermen hasyl ussatlary!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris. Çünki oba hojalygyny ösdürmek döwletimiziň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de şonuň bilen birlikde, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Biz babadaýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahalardan üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly, ýokary ruhubelentlikli zähmet çekýärler hem-de mukaddes türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady taýdan ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň çekýän zähmetine ýokary baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Gadymdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, ýokary hasyl almagy başarýan edermen babadaýhanlarymyza geljekde hem halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak, şeýle hem ýaş, başarjaň daýhan neslini kemala getirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler.
Edermen hasyl ussatlary!
Eziz watandaşlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder