15 Kasım 2016 Salı

Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana Resmi Sapary Tamamlandy

Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji gününde Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas ýurdumyzyň Mejlisinde duşuşyk geçirdi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-palestin gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň barşynda dostlukly döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýy halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň duşuşygynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de taraplaryň gol çeken ikitaraplaýyn resminamalary muňa şaýatlyk edýär. Şol resminamalar özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli medeni-ynsanerwer gatnaşyklary işjeňleşdirmge gönükdirilendir.
Şu gün Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas Türkmenistanyň Mejlisine bardy we şol ýerde milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda parlamentiň ýolbaşçysy Palestinanyň baştutanyny türkmen paýtagtynda geçirilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypalary ýazan gepleşikleriň üstünlikli bolandygy bilen Palestinanyň baştutanyny gutlady.
Belent mertebeli myhman Mejlisiň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidie giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşyp, demokratik institutlaryň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň berkarar bolmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň esaslarynyň berkidilmegine we şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk getirilmegine uly üns berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Mejlisiň Başlygy Palestina Döwletiniň Prezidentine ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet özgertmeleri, ilata berilýän uly durmuş ýeňillikleri barada gürrüň berdi. Şol özgertmeleriň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, sagaldyş we lukmançylyk merkezleriniň, sport desgalarynyň, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, halkymyz tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylandan soň, şu ýylyň güýzünde Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti nygtaldy. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwletiň we jemgyýetiň uzak möhlet üçin demokratik ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, adamy jemgyeýtimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edýär, halkymyzyň abadan durmuşy üçin şertleri we ygtybarly kepillikleri döredýär.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň kuwwaty we mümkinçilikleri, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada pikir alşyldy.
Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerine ýokary baha berdi. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasaty tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp boldy. Myhman özüniň saparynyň netijeleri barada aýdyp, Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Prezident Mahmud Abbas Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden ugrady.
Umuman, Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana bolan resmi sapary ik ýurduň gatnaşyklarynyň senenamasyna täze sahypalary ýazdy we deňhukuklylyk, birek-birege horsmat goýmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etmelidir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder